Dagdaky ot hakynda
Dagdaky ot hakynda
Ilkiagşamda gyzarypdy al şapak,
Nazarym kaklyşdy dagdaky oda.
Gözüm aýryp bilmän dagdaky otdan
Şeýle rowaýaty saldym men ýada.
Ýatladym ýüregňi gussa batyrýan,
Dagda alawlaýan ýalyn hakynda.
Arçany ýandyryp öz yşky bilen,
Ýalyna öwrülen gelin hakynda.
Geçmişde bir garyp bende gyzyny
Bir baýa berenmiş aýal üstüne.
Şonda gyz aşykdan aýra düşenne
Ah çekip ýykylan,
Gelmän essine.
Aşyk ýigit bolsa gyzyň başyny
Diýenmiş: «Gujakdan ýarym alynçaň,
Gursagymdan janymy al garry baý!»
Ganhor gahar-gazap atyna münüp,
Gyljyn ýigdiň depesinden inderen.
Bu bolşy aklyna sygdyryp bilmän,
Magşuk gyz gözlerin tegeläp duran.
Soň görse aşygy boýalyp gana,
Armanly gözlerin açyp ýatyrmyş.
Läşe gonan garga deýin garry baý,
Al ganly gyljyny sypap otyrmyş.
Ah çekip diýen gyz:
«Bagtym ýatdy, waý!..
Gara ýerler çeksin,
Seni zalym baý!
Salmarsyň giriňe,
Şuňa ynanaý!
Boýun bolman saňa,
Eý, ýigrenji baý!»
Baý gyzyň yşkyny köýdürjek bolup,
Gözüniň alnynda aşygny kerçän.
Şonda gyz hasraty gursagna sygman,
Ah çekip, bilinden gujaklan arçaň.
Ýaraly ýüregiň gam-gussasyndan
Arça jat-jat edip lowlaberenmiş.
Lowlaýan ýüregiň al tüssesinden
Gyzyl ot asmana zowlaberenmiş.
dagdaky arçalar şol günden bäri
Öz-özünden ýanýar,
Misli bir däri.
Arça däl, dagdaky lowlaýan ýalyn
Ol ot bolan SÖÝGI —
Gyrmyzy gelin.
Ilmyrat PUDAKOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 15.09.1979 ý. Goşgular