|

Daga gidesim geldi

Daga gidesim geldi DAGA GIDESIM GELDI

Daga gidesim geldi

Şol gün ýüregim gysdy,
Daga gidesim geldi.
Kapyr Şetdat saldyran,
Baga gidesim geldi.

Dünýäñ agypdyr eñki,
Ne nury bar, ne reñki.
Barýan ýoly garañky,
Aga gidesim geldi.

Jahan ikä ýarylan,
Çyn galada garylan.
Dag-gowakdan örülen,
Çaga gidesim geldi.

Jigerimi ýarala:n,
Kaýda köñül arala:n…
Tur dagyny parala:n,
Çoga gidesim geldi.

Allañ elip harpyndan
Şer ýykylar zalpyndan.
Gaçyp baryñ galpyndan,
Ýoga gidesim geldi.

* * *

Ýol agyr…
Bile aşmasam
Ýeke özüm ýoldan çykaryn.
Güzeriñde düşlemesem
Bir gury kälden çykaryn.

Hanha…
Öñde ýaşyl öleñ,
Lazym ýetmek üçin beleñ,
Ynamym ýok özüme meñ,
Şeýtany pälden çykaryn.

Belli däl kimiñ kimligi,
Ulandym söz däl, ümlügi.
Böwüsjek bolup tümlügi
Ýanaryn, külden çykaryn.

Ýol harjym ýok ölüm üçin,
Petek ýok git-gelim üçin,
Bir gün-ä şu dilim üçin,
(Gorkamok) nilden çykaryn.

Has TÜRKMEN.

Surat: Nihal Elmas Kaýa / «Garşylaşma» Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle