Dag hüwdüsi
Dag hüwdüsi

Allaýar Çüriýewe
Säher wagty dür sözleri süzdüňmi?!
Saba ýele owazlaryň siňipdir,
Şol mukamlar hüwdüleýär dünýäni.
Mähre çümen gussalarym diňipdir.
Durmuş kenaryna çykdyk ikimiz,
Lowlap duran bu dünýe-de köşeşdi.
Ömre peşgeş berlen ylham çeşmesi,
Yşkdan doly hasratymy köjeşdi.
Belent daga çykmadyk biz hoş bolup,
Agraslygna maýyl bolduk daglaryň.
Hemem süýji arzuwlary paýlaşyp,
Şerbet suwun owurtladyk garlaryň.
Muhabbetli dideleriň mährinden.
Dag daşyndan güller çykdy paşyrdap,
Ýüregiň sesine düşýän jülgeler,
Hiňlendi şirinje hüwdä pyşyrdap.
Ol hüwdi şeýle bir süýji şirindi,
Misli sallançakda üwrelýän ýaly.
Juwan keşbi bagş eýledi ol mukam,
Ol hüwdä çeşme-de hüwlenýän ýaly.
Şeýdip bir pursatlyk bolduk bagtyýar,
Seretsene, bu daglaryň oýnuna.
Joşdy ýüreklerde beslän aýdymlar,
Şol mukamam siňdi dagyň roýuna.
Maral ÖWEZGELDIÝEWA. Goşgular