Daragt näçe ýaşaýar? (Hekaýa)

Iştwan ERKEN,
wenger ýazyjysy
Banne çyrany ýakdy. Daşary heniz ýagtydy, ýöne uruş golaýlany bäri garaňkyda çyra ýakmajak bolýardy. Aýratynam, şu gün, sebäbi öýde ýeke özüdi, daşaryny bolsa şeýlebir goýy ümür gaplap alypdy welin, penjireden bary-ýogy birnäçe ädimlikdäki aýmançada gözden ýitipdi.
Banne içýag guýulýan ullakan tüňňüri eline aldy, pitileri pejiň üstünde goýdy, aşgary gaýnag suwa guýan badyna gapy kakyldy. Ol tisginip gitdi. Penjiräniň tutusyny syrdy.
Bu gelen nemesler däldi, bosagada bir zenan durdy.
— Şandor Ban şu ýerde ýaşaýarmy?
— Hawa, men onuň aýaly — diýip, Banne jogap berdi.
Ol aýalyň eşikleri könelişen biçüwde tikilendi, timarlanmadyk çalaran saçynyň üstünde diňe ýigrimi ýyl mundan ozalky filmlerde görüp bolýan küýzä meňzeş başgaby bardy. Onuň ulanyşdan galan saýawanynyň sapynyň ujuny gözleri aýna monjukdan ýasalan totuguşuň kellesi bezeýärdi.
— Men bildiriş boýunça geldim.
— Haýsy bildiriş? — diýip, Banne geň galdy.
Olar bildirişi ir bahar hemem giç güýzde berselerem gyş aýy berenokdylar.
Her niçik-de bolsa, myhman özi üçin zerur bolan — megerem, ýadygärlik hökmünde saklaýandyr — ownuk-uşak gerekmejek zatlardan hyryn-dykyn doldurylan, sary giden çaklaňja torbajygyny açdy; ylla diýersiň, ol ähli zadyny ýany bilen göterip ýören ýalydy. Ol torbasynyň içindäki zatlary çykaryp başlady: onda saralyp giden bir daňy hat, köne jübi senenamalary, suratlar, dermanhana çüýşejikleri, ulanylan kino petekleri we boş, ýöne heniz ysy gitmedik atyr çüýşejikleri bardy. Könelişen, burçlary düýrlenen suratlarda başgabyna ýelek gysdyrylan — bir ýerde itli, başga ýerde itsiz — bir ýaş aýalyň şekili bardy, ýöne aýalyň ýüzüni saýgarar ýaly däldi.
Çal saç aýal ownuk şaýlaryny, şelpelerdir açarlaryny şyňňyrdadyp, ýygyrt-ýygyrt bolan gazet bölejigini gözläp tapdy. Bildirişden diňe iri harplar bilen ýazylan «Ban Şandor, nahal ösdürip ýetişdirýär» diýen sözleri saýgarsa bolýardy.
— Hawa, siz dogry gelipsiňiz, ýöne häzir hojaýyn öýde ýok — diýip, Banne aýtdy.
— Men sagat bäşdäki otla ýetişmekçidim…
— Adamym oba gitdi, giç geler, biz ertir doňuz soýmakçy — diýip, Banne aýtdy.
Aýal alaçsyz ýagdaýda töweregine garanjaklady. Onuň solgun ýüzünden edil suwaglary dökülýän diwar ýaly pudrasy dökülýärdi. Daşyndan göräýmäge onuň ýüzünden hiç bir zat aňşyryp bolanokdy. Ýöne ýüzüne un sepilen masgarabazyň aglaýşy ýaly, bu biperwaýlygyň astynda ýürek gopduryjy nämedir bir zat ýatyrdy.
Banne agaçlaryň bahasyny bilmeýärdi. Olar ýyl ýarym mundan ozal goş birikdirenem bolsalar, adamsy ähli işi özi alyp barýardy. Ol aýalyny nahalhana diňe çybyk oturtmak üçin äkiderdi, onda-da howanyň gowy wagtlary. Her niçik-de bolsa, ol myhmandan sorady:
— Belkem, size kömegim deger?
— Men käbir zatlary satyn aljakdym — diýip, çal saç aýal dillendi.
— Bizde bezeg agaçlary ýok — diýip, Banne jogap berdi — diňe miweli baglar hemem nahallar bar.
— Meň üçin parhy ýok — diýip, alyjy ynamsyz gürledi. — Owadan bolsa bolýa…
— Bizde dört ýyllyk agaçlar-a bar — diýip, Banne teklip etdi.
Zenan daş-töweregine ynamsyz garap durşuna:
— Nähilidigini özümem bilemok, ýöne haýsam bolsa bir uly agaç bolsa bolýar — diýdi.
— Bu işler bilen köplenç adamym meşgullanýar — diýip, Banne jogap berdi. — Ýöne biraz garaşsaňyz size nahalhanany görkezeýin.
Ol pitilerini gaýnadyp suwuny dökdi, olary arassa süpürgiç bilen süpürdi. Pesräk boýly, dolmuş bedenli, ýaş öý bikesi şeýlebir ýeňillik bilen hereket edýärdi welin, ondan gözüňi aýrasyň gelenokdy. Banne aşhanadaky hysyrdylaryndan dynyp ellerini süpürýänçä nätanyş zenan hiç hili sowal bermedi.
— Siz çaga garaşýaňyzmy? — diýip, myhman ahyry sorady.
— Hawa — diýip, Banne jogap berdi.
— Biz gidibersek bolmazmy? — diýip, myhman aýtdy-da, totuguşly saýawanyny eline aldy.
Ýer palçykdy. Ol öz beýik ökjeli köwşünde ädimini ynamsyz ädýärdi.
Olar bäş minut çemesi daga tarap ýörediler. Ýaş agaçlar edil galam bilen çekilen inçejik solak çyzyklar ýaly ümrüň içinde salgym atýardy.
— Bular almaň gyşky görnüşi — diýip, Banne agaçlary görkezdi. — Anha, o ýerde batullar bar. Bu ýerde jonatanlar bar. Bu bolsa london pepini — diýip, ol ýolboýy düşündirip barýardy. — Ynha, şu ýerden bolsa erik agaçlary başlanýar.
Çal saç zenan aýak çekdi.
— Ýok, bular maňa ýaranok — diýip, ol aýtdy. — Men sizde berk, gür ýaprakly äpet daragtlar bardyr öýdýärdim.
— Onda bärik geliň — diýip, Banne ony ýanyna çagyrdy. Badam eýýäm bäş ýyldan bäri hasyl berýär.
— Maňa miweli agaç gerek däl — diýip, zenan göwünli-göwünsiz gürledi. — Üstesine, bäş ýyl garaşar ýaly wagtymam ýok.
Ol aýak çekdi-de saýawanyny bir agaja degirdi.
— Men ýaman kesele ýolukdym — diýip, ol sesiniň äheňini üýtgetmän gürledi.
— Wah-eý, bolmandyr! — diýip, Banne howsalaly dillendi. — Operasiýa edip bolanokmy?
Çal saç aýal oňa ýiti-ýiti seretdi-de birdenkä:
— Haçana garaşýaňyz? — diýip, duýdansyz sowal berdi.
Birbada sowala düşünmedik Banne:
— Kime? — diýip, biraz oýlanyp durdy-da — hä-ä… mart aýyna golaý — diýdi.
Aýal ýokarlygyna gidýän ýodajyk bilen ýöräp ugrady. Olar eýýäm ekin meýdanynyň aňry çägine diýen ýaly ýetipdiler. Dumly-duşy ümürsäp durdy, haýsydyr bir zady saýgarmak diňe birnäçe ädim aralykda mümkindi.
— Bu nähili agaç? — diýip, aýal sorady.
Ol saýawany bilen peliň çetinde duran inçejik şahaly leýlisaçy görkezdi.
— Üýtgeşik agaç däl — diýip, Banne jogap berdi. — Bu-da beýleki agaçlar ýaly agaç-da.
— Men şu agajy haladym — diýip, çal saç aýal öňe ýörejek bolanda büdredi.
Araçäkde dürli baglar — dagdanlar, gaýyňlar, leýlisaçlar ösüp otyrdy. Bu agaçlary birwagt — belki, ýelden goranmak üçin, belki-de, öz ýeriniň araçägini bilmek üçin — Banneniň gaýynatasy ekipdi. Ondan aňyrdaky baglar selçeňleýärdi, baýryň depesinde bolsa ýekeje agaç ösüp otyrdy. Nätanyş aýal:
— Bu nähili agaç? — diýip sorady.
— Lipa — diýip, Banne jogap berdi. — Onuň oturdylanyna eýýäm on bäş ýyl dagy bolandyr.
— Men şuny satyn aljak.
— Şuny? — diýip, Banne geň galyp, oňa tiňkesini dikdi. — Näme, odun edinjek bolýaňyzmy?..
— Ýok-la, tutuşlygyna, şu durşuna aljak.
— Düşünemok — diýip, Banne dillendi. Indi ony bärden başga ýere göçürip bolmaz.
— Men ony hiç ýere göçürmekçi däl.
— Onda näme etmekçi bolýaňyz?
— Hiç zat — diýip, çal saç aýal aýtdy. — Oň bahasy näçe?
— Siz ony goýup gitmekçi bolýaňyzmy? — diýip, Banne haýran galdy. — Beýle zady henize çenli görmändim.
— Goý, ol ösüp oturan ýerinde otursyn — diýip, aýal aýtdy. — Ýöne bu agaç meniňki bolar.
Banne ýaýdanjyrady. Adamym bir öýde bolaýmaly ahyryn! Ol agaja siňe-siňe seretdi; agaç o diýen beýik bolmasa-da, çür başy ümrüň içinde ýitip gidýärdi.
Agajyň inçejik şahalary gös-gönüdi, o diýen owadan bolmasa-da, berk bedenli ýetginjegi ýatladýardy.
— Maňa hut şular ýaly agaç gerek — diýip, ol aýal aýtdy. — Siz muny näçe bahalaýaňyz?
— Bu zatlar bilen hemişe adamym meşgullanýar — diýip, Banne aljyraňňy halda aýtdy. — Ýöne ol henize çenli miweli agaçlardan başga ýekeje agajam satmandy.
— Men gaýdyp gelmen — diýip, ol aýal aýtdy. — Muňa näçe baha kesseňiz tölärin.
Ara az salym dymyşlyk düşdi. Wagt galagoplydy, uruş dowam edýärdi. Olar pula mätäçdi.
— Ýüz pengýo — diýip, Banne çen bilen aýtdy. — Eger göwnüňize jaý bolsa…
— Bolýa — diýip, aýal ylalaşdy. Ol ýene bir ýola agaja göz gezdirip, saýawany bilen onuň köklerini dörjeledi-de, öýe tarap ýöneldi. Ol ýene torbasyndan ähli zadyny çykardy-da, ýüzlük kagyz puly stoluň üstünde goýdy.
— Men siziň şol agaja ideg ederiňizi isleýän.
— Oňa ideg nämä gerek? — diýip, Banne geň galdy.
— Hakyny berjek — diýip, aýal aýtdy.
— Onuň üçin hiç hili hak gerek däl — diýip, Banne aýtdy.
— Oňa dökün beriň — diýip, çal saç aýal aýtdy. — Bir ýyl üçin ýigrimi pengýo ýetermi?
— Haýyş edýän, alada galmaň — diýip, Banne aýtdy. — Siziň bagyňyza hiç zat bolasy ýok.
Nätanyş zenan ýene bir gezek torbasyndaky zatlary dökdi-de, on pengýodan alty kagyz puly sanap stoluň üstünde goýdy.
— Bu üç ýyl üçin — diýip, ol aýtdy — ýöne yhlas bilen ideg etjegiňize söz beriň.
Banne üsgürinjiredi-de:
— Söz berýän — diýip, gyryk sesi bilen jogap berdi.
Çal saç zenan aýnajygyny çykardy-da, kirli çotgajygy bilen ýüzüne pudra çaldy. Soňra ýene Banne seretdi.
— Eýýäm gymyldaýarmy?
Banne ýene-de üsgürinjiredi.
— Hawa…
Aýal gapa tarap ýöneldi, soňra yzyna garady-da:
— Lipa näçe ýyl ýaşaýar? — diýip sorady.
— Gaty uzak ýaşaýar — diýip, Banne jogap berdi.
— Her niçik-de bolsa, aýdyň, ol näçe ýaşaýarka? — diýip, çal saç aýal çintgäp sorady. — Ýüz ýaşaýarmy?
— Hatda ondanam kän.
Çal saç aýal baş atdy-da, saýawanyny eline alyp çykalga tarap ýöneldi. Ol gapynyň agzynda ýene bir ýola Bannä esetdi-de:
— Suwarmagam ýatdan çykarmaň — diýip, ol sargyt etdi.
Şondan soň ol baş atyp hoşlaşdy-da, yzyna garaman kerpiç düşelen köçe bilen saýawanyny tyrkyldadyp ugrady.
Banne biraz salym sarsman durdy, soňra pullary ýygnady. Yza çekilýän nemes goşunlarynyň gymmat bahaly zatlary zor bilen aljakmyşyn diýen myş-myşy ýaýrady. Banne işe girişdi, ol edil saza goşulyp hereket edýän tansçy ýaly, ýeňillik bilen hereket edýärdi.
