| |

Çynar

Çynar ÇYNAR

Şäheriñ merkezindäki duralgalaryñ birinde inini-boýuny doly almaga ýetişmedik, ýöne eýýäm guramaga meýil edip başlan çynar agajy otyr.
Ulaga münmäge gelýänleriñ ählisi gele-gelmäne şol çynaryñ saýasyna topulýar. Neneñ topulmajak, ep-esli wagt-a garaşmaly, üstesine günem ýakyp-ýandyryp, gowrup barýar… Günortanyñ yssysynda agtyjagynyñ elinden tutup gelen nurana türkmen ýaşulysy bu görnüşi synlady-da:
— Gör-ä bu adamlary, ählisine kölegesi gerek bolsa-da muña bir owurt suw bermek hakda ýekesem pikir edenok — diýdi. Ýaşulynyñ bu sözlerine tisginip gitdim. Asyl, düýbi betonlanyp, ýumşadara, suw guýara-da ýer goýulmadyk bolsa nädersiñ! Men şol çynaryñ kölegesinden diñe özüm peýdalanýan ýaly duýgyny başdan geçirdim, utandym: biz üçin näçe ýagşylyk, eşret eçilip, şu çynar ýaly bizden sähelçejik alada, ünse mätäçleriñ, gör, näçesini unutdykkak? Biziñ biperwaýlygymyz, ünssüzligimiz olaryñ ömrüni näçe gysgaltdyka? Bu-da bary däl. Oýlanyp görseñ, mukaddes halallygyñ, birek-birege zerur bolan mähir-yhlasyñ köküne zeper ýetirip, göýdük edýänem biziñ biperwaýlygymyz eken. Şol köklere zeper ýeten ýerdenem durmuşdaky nogsanlyklar başlanýar ahyry!
Aýagymyñ aşagyna yzly-yzyna gaýyp düşen saralan ýapraklar meniñ gözüme ünssüzligiñ, biperwaýlygyñ döreden ahmyry, armany bolup göründi. Şol pursat şahyr Geldi Bäşiýewiñ:

«Şeýlemikä beýikleriñ ykbaly,
Ýagşy-ýaman baryn çeken çynarym»

— diýen nazymly sesi eşidilen ýaly boldy.
Bu çynar elinden gelen ýagşylygyny gaýgyrman, il-gününe hyzmat edip, dirikä gadyry bilinmedik beýikleri ýatlatmaýarmyka?!

1998.

Ejegyz ÇARYÝEWA. Jemgyýetçilik tankydy

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи