|

Çörek dükanynyñ ýanynda dörän oýlar

Çörek dükanynyñ ýanynda dörän oýlar ÇÖREK DÜKANYNYÑ ÝANYNDA DÖRÄN OÝLAR

Göwnüme şu jaýdan owadan jaý ýok,
Bu jaýdan çykýan ys ýakymly, päkdir.
Bu ýerde ýekeje nygmat satylýar,
Nygmatlaryñ şondan şirini ýokdur.

Ol nygmatyñ ady mele-myssyk nan,
Ony deñäp bolmaz hiç nygmat bilen.
Meñ goja ömrümde bar şeýle arzuw:
Eli boş gitmesin nan diýip gelen.

Durdynazar GOWŞUDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle