|

Çöplemeler

Çöplemeler ÇÖPLEMELER

Bir göz bir göze näme düşündirip bilýär, bilemok. Emma bir söz welin bir gözi ýyllar boýy agladyp bilýär…

◆ ◆ ◆

Seni küýseýän diýsem; bil diýip däl, gel diýip…

◆ ◆ ◆

Kakam hemişe şeýle diýerdi: «Başyñy dik tut şazadam, ýogsa täjiñ düşer…»

◆ ◆ ◆

Kimiñ bilen güleniñi undup bilersiñ, emma kimiñ bilen aglanyñy welin asla…

◆ ◆ ◆

Käte güldüm, käte agladym, durmuşy gülala-güllükdir öýtdüm, ýalñyşdym. Ýüzüme gülenlere elmydama ynandym, men hemmeleri özüme osdum…

◆ ◆ ◆

Gözleri uzaklara dikilen biriniñ bäri-bärde bolmadyk başdan geçirenleri bardyr…

◆ ◆ ◆

Gel diýemok, ýöne garaşýan…

◆ ◆ ◆

Adamyñ kalby maýyp bolmasyn. Çünki bizi adam eden synamyz däl-de, kalbymyzdyr…

◆ ◆ ◆

Duýgular hiç haçan öz ajalyna ölmez, hökman bir «Ganhory» bardyr!..

◆ ◆ ◆

Altyndan palan ursañam, eşek ýene eşekdir…

◆ ◆ ◆

Şagalyñ eden-etdiligi ýolbars aýaga galýançadyr…

◆ ◆ ◆

Men seniñ göwnüñi göterjek bolup söýdüm, ***-üñi däl…

◆ ◆ ◆

Ökde bilýardçy bolan bolsadym, ähli orramsylary bir deşige dykardym.

◆ ◆ ◆

Arkamdan gybatymy eşidenler bilenokmyka diýmesinler, tamda gulak bar…

◆ ◆ ◆

Söýgi diýilýän zat: enesinden taýak iýip duranam bolsa, ýene «eje» diýip aglaýan çagadyr.

◆ ◆ ◆

Boljak zat belli: seni terk eden pursatymdan başlap, terk edip bolmajak adama öwrülersiñ.

◆ ◆ ◆

Käte durmuşdan şeýle bir irýäñ welin, gözleriñi ýumanyñda gaýdyp açasyñ gelmeýär…

◆ ◆ ◆

Hiç kimsiz galmagy ýalñyzlykdyr öýtmäñ. Asyl ýalñyzlyk ýanyñ adamlyka hiç kimsiz galmakdyr. Sözler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи