Çöl howasy (Hekaýa)
Ötgür HAŞYMOW,
özbek ýazyjysy
«Hatlar misli kepderi,
Hatdyr köňül depderi».
(Halk aýdymyndan)
BIRINJI HAT
Zyýada!
Näme üçin hat ýazmaňyzy goýduňyz? Okuwlaryňyz oňatmy? Gijesi bilen stansiýadan kerpiç daşadyk. Teý-ahyr soňky ýüki getirdim-de, hat ýazmaga oturdym. Gaty geň — gijesi bilen işlesem-de, ýadawlyk duýmaýaryn. Kirpiklerime gonan ukyny daň çygy ýuwana çalym edýär.
Siz entek çöl baharyny görmediňiz. Ine, häzir hat ýazyp oturyşyma, käte säginip, asmana äňedip oturýaryn. Soňra ýerdäki lälezarlyga seredýän, elgaraz älem giňişliginde diňe elwan güller yraň atyp duran ýaly.
Zyýada, siz daň ýyldyzyny gördüňizmi? Oňa uzak wagt seredip oturdyňyzmy? Men ony her gün görýän. Mundan ýarym sagat owal gara mahmalyň ýüzüne seçilen dek ýaldyraýan ýyldyzlaryň ählisi süýnüp gitdi. Gözýetimde bary-ýogy ýekeje ýyldyz galdy. Oňa — daň ýyldyzy diýerler. Ol ýere garap, juda uzak wagtlap ýaldyrady durdy. Men hem oňa ep-esli seredipdirin…
Owallar bir çopan ýigit şol ýyldyzy ýere düşüripmiş diýýärler. Çopan bir gözel gyza aşyk bolup, onuň yşgyna mynasyp bolmak üçin ähli zada kaýyl bolupmyş. Şonda gyz oňa başaryp bolmajak bir şert goýupdyr, elgaraz, ol daň ýyldyzyny asmandan sogrup getirmelidigini aýdypdyr. Aşygyň dostlary kän eken, emma bu işde oňa hiç kim ýardam berip bilmese nätjek! Şonda ejesi özüniň saçynyň tarlaryndan şol ýyldyza ýetäýjek merduwan ýasap beripdir. Ýigit merduwana dyrmaşyp, ýyldyzy ýere düşüripdir. Emma gözel gyz oňa garaşman başga birine durmuşa çykan eken. Kalby lerzana gelen ýigit ýyldyzy gaýtadan asmanda goýupdyr. Aýtmaklaryna görä, ýyldyz hem gyzdan gaty öýkeläpmiş. Ol gyz uka giden mahaly şeýlebir ýiti öwşün atypdyr, oýananda bolsa solgun röwşe geçipdir. Şondan bäri daň ýyldyzynyň haçan dogup, haçan ýaşýanyny hiç kim bilenok diýýärler.
Näme üçindir, daň ýyldyzyna gözüm düşse şol hekaýat hakydama dolýar-da, dessine siz göz öňüme gelýärsiňiz. Göwnüme bolmasa, ol ýyldyz gün geçdigisaýy ýere golaýlaşýan ýaly, Güneşiň ilkinji nurlaryndan asylyp, pese düşüp barýan ýaly.
Belki, bu setirlerimi okanyňyzda henizem çaga gylyklydygyma, häki bir myş-myşlara ynanyp ýörendigime gülkiňiz tutan bolsa gerek. Näme diýeýin… häsiýetimi oňat bilýäňiz-ä…
Zyýada! Düýn gyzykly bir waka boldy — Hafyz geldi! Hawa, hakyt Hafyz geldi.
Agşam stansiýa barypdym. Sementi ýükleýänçäler, tirkegiň gapylaryny açyşdyryp, basgançagyň üstünde jaýlaşykly oturdym. Şonda wokzalyň depesindäki ullakan sagadyň ýanynda ýere seredip, saçlaryňyzy oýnap durşuňyzy ýatladym…
Gepiň külesi, basgançakda oturyşyma, hyýal ummanynda ýüzýärdim. Kimdir biri gapdaldaky gapydan uly ses bilen gygyrdy:
— «Bossan» birleşigine barýaňyzmy, sürüji aga?
Men o tarapa garaman:
— Hawa — diýdim.
Yzyma öwrülsem, hyýallarymyň ählisi duw-dagyn bolaýjak ýalydy.
Ol ýantorbasyny alyp gelýänçä garaşmagymy haýyş edende-de, yzyma öwrülmän biperwaýlyk bilen başymy atdym.
Ýüki ýükleýänçäler, daş-töwerekde gezim etdim. Hälki ýolagçym eýýäm tirkegiň kabinasyna münüpdir. Ullakan ýantorbasyna söýenip, oýa batyp oturan eken. Gapyny güpürdedip ýapanymda, ol tisginip, maňa allaniçigsi bolup seretdi. Biygtyýar çuslandy. Bir eli bilen ýantorbasynyň tutawajyna, ikinjisi bilen bolsa gapa ýapyşdy, aýyl-saýyl görünmese-de, onuň tüýsüniň üýtgändigini duýdum. Men onuň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdim. Bu Hafyz ýaly-la! Ol gara başgabyny çümre geýipdir. Bir pursat iňkise gitdim-de, hereketlendirijini otladym. Ulag oýtum-oýtum ýolda hyk-çoklap ýöräp başlady. Uly ýola çykanymyzda, Hafyza göz astyndan seretdim. Ol henizem gapynyň tutawajyny goýbermän uzaklara seredýärdi. Onuň çekinip oturandygyny duýdum-da:
— Halyňyz niçik, gardaş? — diýip, söz gatdym.
Hafyz maňa gözüniň gytagy bilen seretdi-de, baş atdy. Men ulagyň çyralaryny ýakyşdyrdym.
— Gurluşyga barýaňyzmy?
— Hawa. Kömekçi gerek diýip eşitdim…
— Dogry, bize hemmeler gerek. Kömekçilerem, inženerlerem…
Hafyz maňa ýaltalyk bilen äňetdi. Tizligi güýçlendirdim. Açyk aýnadan girýän sergezdan şemal saçymy sypalap başlady.
— Okuwlaryňyz niçik?
Ol jogap bermedi.
Maşyny asfalt ýoldan saga sowdum-da, aşaklygyna ýöredim. Hafyz aýnadan kellesini çykaryp, öňe seredip barýardy.
— Birleşige ulag gatnawy känmi?
— Gijesi bilen sabamaýar… Daşkentden gelýäňizmi?
— Hawa.
— O ýerler nähili?
— Erbet däl!
Sowal-jogaplar şunuň bilen tamamlandy. Köp zatlary bilesim, baryndan beterem sizi, Zyýada, sizi sorasym gelýärdi. Neýläýin, soramadym, ýanymdaky Hafyz şo-ol Hafyzdy ahyryn…
Men hereketlendirijiniň endigan güwwüldisine diň salyp ýöräberdim. Mazaly gije düşüp, ýyldyzlar görnüp başlady. Men gaza basdym welin, ulag pyşgyryp, öňe ymtyldy. Tümlük dargap başlady. Ulagymyň çyralary bir zady tapmakçy bolýan dek kä ýoluň gyrasyna, käte asmana ymtylýardy… Çarkandakly ýol tamamlanyp, tekizlige çykdyk. Ýene asmana äňetdim. Ýyldyzlaryň biri süýnüp gitdi. Ýyldyzyň özi hem, onuň yzynda galdyrýan ýaý kimin inçejik yzy hem tümlügiň goýnunda bada-bat sumat boldy.
Ýadyňyzdamy, Zyýada, gaýykda gezim edip ýörkäk, asmana seretmegi gowy görerdik. Ana, şonda Aý hem, ýyldyzlar hem jübüt-jübüt bolup görnerdi gözümize — biri asmanda, biri kölüň ýüzünde…
Siz hakynda pikir edýärdim. Hafyz bolsa henizem gaşlaryny bürüşdirip otyrdy. Bir sagat dagy ýol ýöränimizden soň, birleşige ýetdik. Ulagy işçiler ýatakhanasynyň bosagasynda sakladym.
— Düşüň!
Hafyz maňa köpmanyly seredip:
— Meni nirä getirdiňiz? — diýip sorady.
— Ýatakhana… — Hafyzyň ýantorbasyny alyp, basgançakdan böküp düşdüm. — Hany, tijeniň!
Hafyz basgançaga bir aýagyny goýdy-da, sägindi:
— Işgärler bölümi nirede?
— O ýere ertir bararsyňyz…
Hafyz başyny aşak egip, yzyma düşdi. Otagyma girip, çyrany ýakdym. Hafyz bosagada aýak çekdi. Onuň ýantorbasyny ýatagyň aşagyna süýşürdim.
— Giriberiň.
Hafyz başgabyny çykardy.
— Işgärler bölümine gitjek.
Men ýylgyrdym-da:
— Işgärler bölümi uklap ýatyr — diýdim.
Hafyz oturgyçda oturdy. Men ýataga ümläp:
— Eşikleriňizi ýeňledip ýatyberiň — diýdim. — Giç boldy. Ýol ýöräp ýadansyňyz.
Hafyz ynamsyzlyk bilen ýüzüme seretdi:
— A siz näme?
— Meni alada etmäň. Siz ýadaw ahyryn, dynç alyň!
Hafyz dymdy.
— Eşikleriňizi ýeňlediň!
Hafyz ýatakda oturyp, gonçly köwşüniň ýüpüni çözüşdirdi. Üstki galyň eşigini çykaransoň, uzak wagtlap petige seredip ýatdy. Birdenkä ýerinden turdy-da, elini egnime goýdy:
— Sen… sen… indi göz ýetirdim, gowy ýigit ekeniň.
Men näme diýjegimi bilmedim. Ol henizem elini egnimden aýyrman, saňňyldaýan sesi bilen tekrarlaýardy:
— Bilmändirin. Sen… sen…
Teý-ahyr ol özüni dürsedi. Ýerine geçip oturansoň:
— Maňa seret, Batyr, näme üçin meni taşlap gaýtmadyň? — diýip sorady. — Ýarty ýolda ulagdan düşürägetdin, çölde galdyrsaňam bolardy ahyryn?..
— Goýsana — diýip, men ganygyzgyn jogap gaýtardym. — Beýle pikir, hatda düýşümde-de kelläme gelmändi. Çaý içjekmi?
Hafyz uludan dem aldy:
— Ýok, häli stansiýada garbak-gurbak edindim.
— Onda dynjyňy al.
Penjiräni açdym. Çekirtgeleriň nagmasyna utgaşyp, baharyň mymyjak ýeli otaga girdi. Aý hem arman-ýadaman dyrmaşa-dyrmaşa, ahyrsoňy uzyn deregiň üstüne çykdy. Alyslardan tirkeşip gelýän ulaglaryň çyralary görünýärdi. Penjireden daşaryk garap durşuma oýlanýardym.
Hafyzyň ýaňky sözlerine geň galýardym… Gaty geň, gara garga hem iki ýüz ýyl ýaşaýar. Adam bu guşuň ýarym ömrüni ýa ýaşarmy, ýa ýaşamaz, emma käbir kişiler häki bir ýönekeý, geçegçi kineler üçin bir-birinden ar aljak bolup ber-başagaý. Eý-how, ynsanyň başga bir ynsana sylagy şumudyr?
…Bir seretsem, Hafyz henizem kellesini iki eliniň arasyna salyp, pikirlenip otyr.
— Uklajak dälmi?
Hafyz başyny galdyryp:
— Ukym tutanok — diýdi.
Şondan soňra onuň ýüregine düşüp durmadym. Birsalymdan özi ýerinden turup, ýanyma geldi. Siziň diwarda asylgy duran suratyňyza köpmanyly seretdi durdy. Menem seretdim. Ol çalaja pyşyrdap:
— Batyr, sen Zyýada mynasypsyň — diýdi.
— Ýok-la, ýigitler bir-birini öwseler gelişmeýär.
Hafyz makullaýjylyk bilen baş atdy.
— Dogry…
Men oňa sözüni soňlamaga maý bermän:
— Zyýadany gördüňmi? Jany beri sagmy? — diýip, alňasap soradym.
— Hawa, gezip ýör.
Hafyz ep-esli wagt oýa batyp oturansoň:
— Zyýada bilen çagalykdan bileje önüp-ösdüňizmi? — diýip, oslanmadyk sowal berdi.
Näme jogap berjegimi bilmedim. Oňa Batyr bilen orta mekdepde bile okadyk diýen bolsaňyz gerek. Gyzlaryň adaty şol. Söýýän ýigidiňizi «agam» ýa-da «garyndaşym» diýip tanyşdyraýýaňyz.
Sizi aldawçy görkezmejek bolup ýalan sözledim:
— Hawa, synpdaşdyk.
Hafyz dymyp, gözlerini süzdi. Şu pille onuň juda ýadawdygyny duýdum. Egnine elimi goýdum-da:
— Dynç alyň, Hafyz — diýdim. — Säher bilen işe çykmaly borsuňyz. Mazaly dynç alyň…
Hafyz ýüzüme argyn seretdi-de, ýatagyň üstünde gyşardy. Men welin gözüme çiş kakylan ýaly köp wagtlap uklap bilmedim. Siz bilen tanyşlygymyz, owadan seýilgäh, enaýy suw çüwdürimi — ählisi ýekeme-ýek göz öňümde janlandy.
Zyýada, esli wagtdan bäri tanyş bolsak-da, bir zat aramyzda syr bolup galyberipdir. Siz meni tanşan günümizden bäri bilýäňiz. Emmaki men sizi tanyşlygymyzdan owal hem görüpdim. Siz Hafyz bilen meniň aramda nähili wakajyklaryň bolandygyndan bihabarsyňyz.
Sizi ilkinji gezek talyplygyň ikinji ýylyny tamamlanyňyzda görüpdim. Bagt saňa ýaranlyk etse-de, käte oňa özüňem ähmiýet bermeýän ekeniň. Şol bahar gijesinde munuň şeýledigine göz ýetirdim. Şol gün öz bagtyma — size duşupdym.
Ýadyňyzdamy, hut şol gün deň-duşlaryňyzy myhmançylyga çagyrypdyňyz. Menem siziň çagyrylmadyk myhmanyňyz bolup barypdym. Öýüňize girip bilmesem-de, sizi hyýalymda gutlapdym. Şonda taksi sürüjisi bolup işländigime häzir öz ýanymdan begenýärin.
Bir gün institutyň deňinden geçip barýardym welin, ullakan güldesse göterip duran gyzyň ýoldan geçýän ulaglary saklap bilmän başagaý bolup durandygyna gözüm düşdi. Onuň deňinde säginemsoň, gyz yzky gapyny açdy-da, sesiniň ýetdiginden gygyrdy:
— Ýör-dä, Zyýada!
Orta boýly gyz atlaz köýnegini ýaldyradyp, basgançaklardan howlukmaç düşüp gelýärdi. Onuň ýylgyryp duran ýüzüne seredenimde, ýüregimde nähilidir bir näzik duýgy oýandy. Meniň bir üýtgeşik häsiýetim bardy — gyzlardan utanardym. Nätanyş gyzlar beýlede dursun, tanaýanlaryma-da gep gatmaga bognum ysmazdy. Emma hyýalymda bir gözel gyzy söýmegi arzuw eder ýörerdim. Şonda atlaz köýnekli gyza gözüm düşende, meger, hyýalymdaky gözel hut şol bolmaly diýen pikir beýnime pugta ornaşypdy. Bu — sizdiňiz!
Siz ulagyň yzynda, joraňyzyň ýanynda oturdyňyz. Joraňyz:
— Badamzar köçesine — diýdi.
Taksi suwlanan ýoldan ýüwrüp barýardy. Ulag sürüp barýandygyma garamazdan, ähli ünsüm maňlaýymdaky elimiň aýasy ýaly aýnadady. Onda siziň keşbiňiz görünýärdi. Hawa, siz juda bagtyýardyňyz, gözleriňiz uçganaklap durdy. Joraňyz bolsa dynuwsyz gepleýärdi:
— Ejemden zordan razylyk aldym. Toba, bu gün Zyýadanyň doglan güni, myhmançylyga çagyrdy diýsem, teý, ynananok.
Şeý diýip, ol kikir-kikir güldi. Siz bolsa çalaja ýylgyrypdyňyz. Salgysy berlen ýere barýançak, ýeke agzam söz aýtmadyňyz. Menem yzyma seretmäge milt edip bilmändim.
«Badamzar» köçesine öwrülen dessime ýene joraňyz dillendi:
— Saklanyň!
Ikiňiz düşüp gitdiňiz. Ýanýodanyň gyrasyndaky salmajykdan ätlägetdin, suwag edilen diwaryň gapdaly bilen ýöräp, şahalary eglip duran igde agajynyň aşagyndan geçibem, sarymtyl gapynyň ýanyna baranyňyzy görüpdim. Içerik ilki joraňyz girdi, soňra siz… Eger-eger yzyňyza seredeýinem diýmändiňiz. Ulagymyň gapysyna tirsegimi diräp kän durupdyryn. Nähilidir bir güýç meni içerik — siziň girip giden gapyňyza çagyrýan ýalydy.
Gün igde agajynyň şahalarynyň arasyndan bir seretdi-de, özüni diwaryň aňry tarapyna oklady. Igdäniň ýaşyl ýapraklary lowurdap başlapdy. Asmanda gaýmalaşyp ýören bulutlar lybasyny täzelän dek gyp-gyrmyzy boldular.
O ýerde näçe wagtlap durandygymy bilemok. Kimdir biri «Taksi boşmy?» diýip sorady. Ýene biri wokzala gitjekdigini ýaňzytdy. Şonda men biragyzdan «Boş däl» diýip jogap beripdim. Men öz arzuw-hyýallarym bilen ber-başagaýdym… Birhaýukdan seretsem, garaňky düşüpdir. Içerden hiç kim çykmady. O taýdan diňe aýdymyň sesi gelýärdi.
Öz ýanymdan: «Radio aýtdyrýalar öýdýän» diýip oýlandym. Men ýene birsalym garaşyp oturypdyryn. Ahyrsoňy göwünli-göwünsiz halda hereketlendirijini otladym. Biraz yza sürüp, assalyk bilen ulagymy öwürdim-de ötägitdim.
Esasy köçä çykyp, duralga bardym. Özümden göwnüm geçip, göwnüçökgün halda otyrdym.
Bäş-alty ädim beýleräkden bir ýigit haýdap geldi:
— Boşmy siz?
Men «hawa» diýen şekilde baş atdym. Ýigit:
— Bir minut… — diýip, köçäň gyrasyndaky dükanjyga tarap ylgady. Ol dükandan yzyna ýeke iki kişini tirkäp çykdy. Gelşine-de öňdäki oturgyçda oturdy. Beýlekiler yzdaky orunlarda ýerleşdiler.
— Ugur hanjak, ýigitler?
— Badamzar köçesini bilýäňizmi?
Bu salgyny eşiden dessime ulagy ýel bilen bäsleşdirdim. Hiç kimden ses-seda çykanokdy. Teý-ahyr yzdaky ýigitleriň biri gülüp gepledi:
— Geljekki gelniňi — Zyýadany gutlamaga barýas-da diýmek, hä, Hafyz?
Gapdalymda oturan ýigit ýyrşarsa, men biygtyýar yzyma seretdim. Kellesi ulagyň petigine degjek-degjek bolup duran uzyn ýigit, inçejik boýnuny sozup şeýle diýdi:
— Hafyza gelin boljaklaryň biri diýsene, pekge. Hafyzy kemsitme-how…
Üçüsi-de hahahaýlap gülüşdiler. Şonda Hafyzy ilkinji gezek ünsli synladym. Dodaklarynyň arasynda ýaldyraýan jübüt sary dişleri gözüme juda sowuk göründi. Eý-how, bular şol gyz hakynda, Zyýada hakynda gürrüň edýärler öýdýän diýen pikir içimi gemrip başlady.
Olar siziň gapyňyzda düşdüler-de, içerik girip gitdiler.
…Şol gije nobatçydym. Şäheriň köçelerinde alakjadym ýördüm. Nirelere baranymy, kimleri nirä äkidenimi henize-bu güne çenli doly ýadyma düşürip bilemok. Diňe şol öýden uzaklaşmak hakynda pikir edipdim.
Bagyşlaň, Zyýada! O wagtlar sizi doly tanamokdym. Dost-ýarlary şolar ýaly bolsa, özi hem durmuşa ýeňil garaýan gyzlardan bolsa gerek diýen oý-hyýallar bilen iňkise gidipdim. Emma aradan iki gün geçensoň, ýene şol köçä, ýene şol igdeli sarymtyl gapa bardym. Nähilidir bir nätanyş güýç meni bu ýere alyp gelipdi.
Zyýada! Bosagaňyzdaky igde agajyny bilýänsiňiz-le. Belki, siz oňa kän bir ähmiýetem beren dälsiňiz. Ynsan özüne tanyş zatlary her gün görüp duransoň, soňabaka olara biperwaý garaýar. Saý-sebäp bilen olardan uzaklaşanyňda bolsa, kalbyňda çekip-çydap bolmaýan ynjy duýýarsyň. Göýäki, gadyrdan zatlaryň birdenkä zenzele turzup, öz hatyrasynyň unudylmazlygyny talap edýän ýaly…
Bilýäňizmi, Zyýada, men şol igdäni sizden has gowy tanaýan. Onuň her bir ýapragy, her bir şahasy meniň syrdaşym. Men her gün diýen ýaly oňa ep-esli wagtlap seredip oturardym. Siziň öýden çykyşyňyzy, meniň üçin eziz bolan boý-syratyňyzy görmegiň intizaryndadym.
Siz bolsa eliňiz kitaply öýüňizden çykyp, töweregiňize seretmän awtobusa münerdiňiz ötägiderdiňiz. Sizi saklasym, bary-ýogy biragyz söz diýesim gelerdi… ýöne söz gatmaga, ýoluňyzy kesmäge bognum ysmazdy.
Ynansaňyz, sizi üç aýdyr şeýle ýagdaýda ugradypdym. Eger tötänlik ýüze çykmanda, bilmedim ol ýagdaýyň näçe wagt gaýtalanjagyny.
Bir güni köne adatym bilen institutyň öňünde size garaşyp durkam, gelip «Boşmy siz?» diýdiňiz. Dessine ulagyň gapysyny açdym. Ulaga gireniňizem şoldy welin, çalaja ýylgyryp soradym:
— Badamzar köçesinemi?
Geň galypdyňyz.
— Hawa, siz nireden bilýäňiz?
— Köçäňiziň ady owadan eken.
Siziň gaşyňyz bürüldi, iňkise gitdiňiz. Ýene biraz ýol ýöräp, köpden bäri peýläp ýören sözümi ýaňzytdym:
— Bagyşlaň, Zyýadahan, gijrägem bolsa doglan günüňiz bilen gutlaýaryn.
Bu sözüme begenersiňiz öýtdüm. Ýok, geň galdyňyz. Maňa gözleriňizi petredip seretdiňiz:
— Geň adam ekeniňiz! Tanamaýan, bilmeýän adamyňyzy…
— Näme, nätanyş adam gutlasa erbetmi? Gowyny gutlaýalar-a, bileňzokmy?
Siz köpmanyly nazar aýladyňyz. Meni nirede görendigiňizi ýadyňyza düşürjek bolduňyz öýdýän. Soňra:
— Meni tanaňzog-a! Doglan günümi nireden bilýäňiz? — diýip soradyňyz.
— Şol gün sizi öýüňize eltipdim… Dostlarym bilen bir hatarda taksi sürüjisi Batyr hem gutlady diýip, buýsanyp bilersiňiz.
Şunlukda, gürrüňimiz gyzyşdy. Instituta gaýdanyňyzda-da men alyp gaýdypdym. Hawa, hasap-synag depderçäňiz ýadyňyzdan çykan eken. Içimden: «Şol depder her gün ýadyňyzdan çyksa bolmaýarmy!» diýipdim.
…Zyýada, men şol gürrüňimiziň her bir pursadyny ýatlaýaryn. Şo gün bagt güneşim maňa ýylgyryp bakypdy. Soňra nämeleriň bolandygyny gowy bilýänsiňiz.
Her gün institutyň öňünde ýoluňyzy peýläp başladym. Yşk oduna düşenler töweregindäki hiç bir zada üns bermeýär diýilýäni hakykat eken. Hiç kimiň biziň bilen işi ýok, hiç kim bizi görenok öýdüpdim. Emma beýle däl eken. Bir gün basgançagyň ýanynda durkam, biri bilegimden mäkäm tutdy-da, özüne çekdi. Öwrülsem, Hafyz.
— Bir minut mümkinmi?
Çete çykdyk.
— Maňa seret, han ogul! Siňek bolmagyn, düşündiňmi?
Näme diýjek bolýandygyna bada-bat düşünsem-de, näme üçindir:
— Näme? — diýip soradym.
— Gowulyk bilen düşünmeseň, başgaçaragam düşündirip bilýän. Bu ýerden gümüňi çek!
— Näme boldy?
— O gyzy öz gününe goý! Arabakeşligiň bilen boluber!
Hafyz jogabyma-da garaşman, beýlesine öwrüldi-de, instituta tarap ötägitdi.
Şol ýerde doňup galypdyryn. Edil şol pille özümi juda ejiz gördüm. Hakykatdanam, Zyýada-da, Hafyzam inžener bolar. Men welin adaty «arabakeş»… Damagymda bir zat tegek bolup, ýuwdunyp bilemokdym. Hatda ýanyma geleniňizem duýmandyryn. Siz ýylgyryp:
— Bagyşlaň, köp garaşdyrdym öýdýän — diýipdiňiz.
Biz gözel seýilgähiň içinden ýöräp barýarys. Akasiýa agajynyň ýapraklarynyň assaja şemala ygşyldaşyp durandygy onuň kölegesindenem bildirýärdi. Sizem men ýaly öz hyýallaryňyza gümradyňyz. Kim bilýär, belki, ikimizem bir zat — aýdyň geljegimiz hakynda oýlanandyrys. Siz birki ýola ýüzüme seretdiňiz-de, pyşyrdap diýen ýaly:
— Siz näme üçin gamgyn? — diýip soradyňyz.
Men gözleriňize seretdim. Siz sadalyk bilen ýylgyrdyňyz. Zyýada, bilýäňizmi, şonda ýylgyryşyňyzy Güneşe meňzetdim. Walla, siziň ýeke ýylgyryşyňyz islendik şübhäni ýürekden sogrup alar.
Bir gün institutdan köle çenli pyýada ýöränimiz ýadyňyzdamy? Tolkunlara göwüs gerip duran kert gaýa gelip oturdyk. Köl ýuwaşlyk bilen möwjäp durdy. Suwuň ýüzünde Aý görünýärdi. Men ýuwaşlyk bilen:
— Aý dolupdyr — diýdim.
Siz bolsa ýylgyryp:
— Bu suwdaky keşbi, hakykysy asmanda — diýip jogap beripdiňiz.
Sada keşbiňize seredip, söz tapyp bilmän oýurganypdym.
— Hawa, keşbi… Emma bir-birine biperwaý däl…
Siz myssa ýylgyrdyňyz. Köňlüm ýumşapdy.
Edil şol pille şadyýan gülki eşidildi. Kiçeňräjik gaýyk, şahalary suwa degip duran leýlisaçyň ýapraklarynyň arasyndan ýüzüp gelýärdi. Ýigit peýwagtyna kürekleýärdi, onuň garşysynda oturan gyz bolsa eglip, barmaklaryny suwa degrip barýardy.
Gaýyk geçip gitdi, ikimiz ony gözümiz bilen ugradypdyk. Men çekine-çekine ahyrsoňy:
— Zyýada — diýdim. — Siz… Siz meni häki bir… Ýok… siz meni özüňize mynasyp görýäňizmi… ýa-da…
Sözümi tamamlap bilmän dymdym. Siz agras keşbe girip, gözlerime şeýlebir köpmanyly seretdiňiz… Ýüregim gürsüldäp başlapdy. On iki süňňüm sandyrady.
Men bedenime zordan erk edip, sizi özüme çekdim. Gözleriňizi gizläp, gursagyma başyňyzy goýduňyz-da, näme üçindir agladyňyz.
Eger ýigit bilen gyz bir-biregi söýse, söýgüsine wepaly bolsa, dünýädäki hiç bir güýç olary aýra düşürip bilmez. Soň-soňlar Hafyz bilen bagly bolup geçen wakanyň ýönelige däldigine düşündim.
Zyýada! Hatym uzaga çekdi. Ençe wagtyňyzy alan bolsam, bagyşlaň. Özümem häzir işe çykmakçy. Bu günden başlap, gum hem-de ownuk daş daşamaly boljak.
Hoş, Zyýada! Jogabyňyza garaşýan.