| |

Çiliniñ «neoliberalizmi mazara gömmegi» söz beren iñ ýaş prezidenti Gabriel Boriç kim?

Çiliniñ "neoliberalizmi mazara gömmegi" söz beren iñ ýaş prezidenti Gabriel Boriç kim? ÇiLINIÑ «NEOLIBERALIZMI MAZARA GÖMMEGI» SÖZ BEREN IÑ ÝAŞ PREZIDENTI GABRIEL BORIÇ KIM?

Çiliniñ "neoliberalizmi mazara gömmegi" söz beren iñ ýaş prezidenti Gabriel Boriç kim?

Sosial we ykdysady adalat bilen özgeriş talap edýän ýaşlaryñ sesi hökmünde häkimiýete gelen Gabriel Boriçiñ öñünde geçmeli kyn ýollar bar

Çili taryhynyñ iñ ýaş Prezidenti wezipesine saýlanan 36 ýaşly Gabriel Boriç şu gün döwlet kasamyny içip, işine başlaýar.
«Eger Çili neoliberalizmiñ sallançagy bolýan bolsa, onda mazary-da bolar!» diýen çykyşy bilen sagçy bäsdeşi Antonio Kasta garşy ikinji turda sesleriñ 56%-ni alyp 2021-nji ýyldaky saýlawlarda üstün çykan bu wadasyny durmuşa geçirip-geçirmejegi üns merkezinde.
Ýurdunyñ düýpli talyp hereketi tradisiýasyndan gelen tapawutly geýniş terzi we sosial mediýadan aktiw peýdalanýandygy bilen ünsi çeken Boriçiñ adatdan daşary şahsyýetini ýakyndan tanamak üçin şu makalany taýýarladyk.
Aýdym-sazyñ rok we hewi-metal žanrlaryna bolan janköýerligi bilen tanalýan ýaş syýasatçy «Deftones», «Nine Inch Nails», «Led Zeppelin», «Nirvana» ýaly meşhur toparlaryñ logolarynyñ ýerleşen köýnekçeleri ýa-da albomlaryny paýlaşyp, bu aýdym-saz sungatyna bolan söýgüsini sosial mediýa arkaly ýygy-ýygydan görkezip gelýär. Munuñ bilen birlikde Boriç täze pop ýyldyzy Teýlor Swiftiñem ölemen janköýeri.
Boriçiñ ünsi çekiji aýratynlyklarynyñ birem tatiurowkalary. Çiliniñ täze lideri resmi taýdan işe başlanda, Latyn Amerikada endamynyñ görünen ýerlerinde tatiurowka bolan ilkinji prezident bolar. Ýaş syýasatçynyñ tatiurowkalarynyñ arasynda Magalýenesiñ kartasy we And daglarynda ösýän lenga agajy bar.

• Gelip çykyşy boýunca horwat

Boriç ýurduñ günortasyndaky Magalýanes oblastynda ýerleşen Punta-Arenas şäherinde 1986-njy ýylda çilili horwat maşgalasynda dünýä indi. Onuñ Boriç familiýasyny göterýän garry atasy we enesi Awstro-Wengriýa imperiýasyndan çykyp, 1885-nji ýylda Magalýanes oblastyna ýerleşen ilkinjo horwatlaryñ arasyndady.
Boriçiñ himiýa inženeri bolan kakasy Luis Hawýer Boriç Skarpa döwletiñ garamagyndaky nebit kärhanasynda kyrk ýyllap işledi, ejesi Mariýa Soledad Font Agileranyñ bolsa asly kataloniýaly.
Magalýanesdäki Patagonia etrabynda başlangyç mekdebi we liseýi tamamlan Boriç 2004-nji ýylda hukuk ugrundan bilim almak üçin paýtagt Santýagodaky Çili uniwersitetine girdi. Şeýlelikde ol prezidentlige uzaýan gyzykly syýasy ýolunyñam ilkinji ädimlerini ätdi.

• Talyplyk ýyllary we hereketleri

Talyp protestlerinde işjeñ we syýasy hereketi «Awtonom çep»-e («Izquierda Autónoma») agza bolmagy, talyplyk ýyllarynda Boriçiñ syýasy ugruny kesgitlän öwrülişik nokatlarynyñ biri boldy.
2008-nji ýylda hukuk fakultetiniñ talyplar bileleşiginiñ geñeşçiligini eden Boriç bir ýyldan soñ Çili uniwersitetiniñ dekany Robreto Nahuma garşy geçirilen we kyrk dört gün dowam eden protestlere guramaçylyk edip, 2009-njy ýylda bu bileleşigiñ başyna geçdi.
2010-2012-nji ýyllarda uniwersitetde talyplaryñ wekili-de bolan Boriçiñ syýasy karýerasyna giden ýoldaky möhüm ädimleriñ biri-de 2011-nji ýylyñ 5-6-njy dekabryndaky saýlawlarda Çili uniwersitetiniñ talyplar federasiýasynyñ (Federación de Estudiantes de la Universidad de Chile -FECH) başlyklygyna talaşgärligini goýmagydy.
Boriç 1906-njy ýylda gurlan we ýurduñ taryhynda möhüm rol oýnan FECH-däki saýlawy sesleriñ 30,52%-ni gazanyp, bileleşigiñ öñki başlygy Kamila Walýehodan üstün çykdy.

• «Çili gyşy»

Boriç FECH-iñ başlygy bolup, 2011-2013-nji ýyllarda geçirilen uly talyp tolgunşyklarynda aktiw rol oýnady we şeýdibem adyny giñ gatlaklara eşitdirdi.
«Çili gyşy» diýip bilinýän protestlerde talyplar Çiliniñ Prezidenti Sebastýan Pineranyñ hökümetine garşy çykyşlar gurnap, ýurdaky bilim sistemasynyñ üýtgemegi, ýokary bilim derejesiniñ gowulanmagy we bilimde mümkinçilikleriñ gyradeñligi üçin göreşdi.

• «Bergini bergä çalyşmarys»

Tolgunşyklarda we hökümet bilen geçirilen gepleşiklerde möhüm rol oýnan Boriç nägilelikler sebäpli wezipesinden boşadylan Bilim ministri Hoakin Lawiniñ ýerine geçen Harald Baýeriñ talyp krediti teklibine garşy çykdy.
Baýer kommersiýa banklarynyñ talyplara kredit bermegini gadagan etmegi we kreditlerdäki göterimi 6%-den 2%-e düşürmegi teklip etse, Boriç «Bergini bergä çalyşmak islämzok. Hökümetiñ bize hödürläni şu» diýip, meýilnamany kabul etmedi.
Çykyşlardaky roly arkaly jemgyýetçilikde öñe çykmaga başlan Boriç Adolfo Ibanýes adyndaky uniwersiteti bilen bilelikde taýýarlanan «El Mercurio» gazetiniñ şenbe günündäki sanynda çap edilen «Çiliniñ 100 ýaş lideri» sanawyna-da girdi.

• 2013-nji ýylyñ saýlawlarynda 27 ýaşynda mejlise girdi

Boriç talyp tolgunşyklarynda gazanan çaltlygy bilen uniwersiteti ýarpy taşlady we 2013-nji ýylda geçirilen saýlawlara Magalýanes oblastyndan garaşsyz talaşgär hökmünde gatnaşyp 27 ýaşynda syýasat sahnasyna gadam basdy.
Gatnaşan oblastynda sesleriñ 26,2%-ni alyp, şol wagta çenli berlen sesleriñ iñ köpüsini alyp, Çili kongresine saýlandy. Şol ýyl Boriçiñ 2011-nji ýylda FECH-iñ saýlawlarynda ýeñen bäsdeşi Walýeho hem Çiliniñ Kommunistik partiýasyndan kongrese girdi.

• Ýurduñ ikileýin koalizasiýa monopoliýasyny bozdy

Ýaş syýasatçy hiç koalizasiýanyñ parçasy bolmazdan saýlawlarda üstün çykyp, şol wagta çenli «Öñe, Çiliden» («Vamos Chile») we «Täze köpçülikden» («Nueva Mayoría») düzülen ikileýin koalizasiýa sistemasynyñam ilkinji gezek dargamagyna sebäp boldy. Boriç has soñra gurjak syýasy hereketi we partiýalar bilenem esasan şu pozisiýany dowam etdirip hem-de Çilife «üçünji alternatiwa» wekilçilik etjek syýasatçylardan boldy.
Boriç 2014-nji ýylda Kongresde işe başlanda Adam hukuklary we ýerli hak-hukuklar komissiýasyna gatnaşdy. Munuñ bilen birlikde protestlerde aktiw rol alan we saýlawlarda Kongrese giren Walýeho, Jorjo Jekson, Karol Kariola dagy bilen şol wagtyñ Prezidenti Mişel Baçeletiñ hökümeti bilen bilim reformasy meselelerinde ýakyn gatnaşyklar gurdy.

• «Awtonom çep» dagaýar, Boriç öz ýoluny saýlaýar

Emma bu döwürde bir tarapdanam «Awtonom çepde» düşünişmezlikler döräp başlady.
Boriç merkezi çep Baçelet hökümeti bilen has ýakyn gatnaşyklary gurmagyñ tarapdary bolsa, kollektiwiñ agzalaryndan muña ýanaşasy gelmeýänler boldy. Kollektiwiñ 2016-njy ýylda dargamavy bilen özbaşdak ýol ugruny saýlap almagy makul bilen Boriç özi ýaly ýaş egindeşleri Nikolas Grau, Horhe Şarp, Gonsalo Uinter dagy bilen bileleşup «Awtonomist hereketi» («Movimiento Autonomista») gurdy.
«Awtonomist hereketiñ» maksady Urugwaýdaky «Giñ front» («Frente Amplio») ýaly sindikatlardyr kooperatiwler bilenem ýakyn gatnaşyklary saklaýan çepçi koalizasiýany gurmakdy.

• «Giñ front» we 2017-nji ýylyñ saýlawlary

Boriç has soñra 2017-nji ýylda «Awtonomist hereketi» ulaltmak maksady bilen Urugwaýdaky koalizasiýa bilen bir ady göterýän «Giñ fronty» («Frente Amplio») durmuşa geçirdi. Koalizasiýada Boriçe özi ýaly «Çili gyşynda» täsirli rol oýnan Jorjo Jekson we onuñ partiýasy Demokratik rewolýusiýa hem gatnaşdy. «Giñ frontyñ» başlyklygyna talaşgär žurnalistka Beatris Sançes 2017-nji ýyldaky saýlawlarda sesleriñ 20,27%-ni alsa-da, 3%-lik tapawut bilen ikinji tura geçme mümkinçiligini ýitirdi.
Boriç bolsa ýene Magalýanes oblastyndan garaşsyz talaşgär bolup saýlawlara gatnaşdy we 2013-nji ýylda gazanan 26,2%-like sesini artdyryp, bu gezek 32,8% ses aldy.
2017-nji ýylyñ saýlawlarynda «Giñ front» Kongresiñ aşakky düzümini emele getiren 155 orunlyk Wekiller mejkisine 20 halk deputaty, ýokarky düzümini emele getiren 43 orunlyk Senata-da 1 adam salyp, täze koalizasiýa üçin gowy üstünlik gazandy. Şeýlelikde Çili syýasatyndaky iki partiýanyñ koalizasiýa gurluşyna «üçünji alternatiwany» saldy.
Bu üstünlik «Giñ frontyñ» soñky öwrülişigi üçinem katalizator roluny oýnady. Boriçiñ liderliginde «Giñ frontdan» aýrylan «Awtonomist hereket» 2018-nji ýylda Sosializm we Azatlyk, Liberter çep we Täze Demokratiýa partiýalary bilen birleşip, Jemgyýetçilik bileleşigi (Convergencia Social) partiýasyny gurdy.

• «Jemgyýetçilik partlama»: Boriç çakganlaşýar

Emma 2019-njy ýylda ýurduñ taryhyndaky hökümete garşy iñ uly protestlerden biriniñ bolup geçmegi hem-ä partiýanyñ gelejeginde, hemem Boriçiñ syýasy karýerasynda düýpli özgerişler döretdi. «Jemgyýetçilik partlamasy» («Estallido social») diýibem bilinýän tolgunşyklarda metro petekleriniñ bahalarynyñ gymmatlandygy ücin 2019-njy ýylyñ 18-nji oktýanrynda on müñlerçe raýat köçä çykdy.
Petek nyrhlary 6-njy oktýabrda iş wagtyndan soñky sagatlarda 800 çili pesosyndan 830 çili pesosyna çykdy. Hökümet petekleriñ gymmatlamagyna energiýa bahalarynyñ artmagyny we puluñ hümmetsizleşmegini tutaryk görkezdi.
Paýtagt Santýagoda liseý okuwçylarynyñ we ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplaryñ turniklerden bökmegi bilen başlan hereket tizara tutuş şähere ýaýrady, ilaty alty milliona golaýlaýan şäherde 3 million töweregi ýolagçy daşaýan 140 kilometrlik metro gatnawynda ähli reýsler ýatyryldy. Çiliniñ Prezidenti Pinera bolsa çykyşlaryñ yzysüre adatdan daşary ýagdaý yglan etdi we 1973-1990-njy ýylpqrda ýurdy diktatura režimi bilen dolandyran Augusto Pinoçet döwründen bäri ilkinji gezek esgerler täzeden köçä sürüldi.

• «Halklar öz bagtsyzlygyny görkezýär»

Sosial deñsizlige garşy geçirilen uly protestler 2021-nji ýylyñ dekabr aýyna çenli dowam etdi. Howpsuzlyk güýçleri bilen demonstrasiýaçylaryñ arasynda bolup geçen çaknyşyklarda otuzdan gowrak adam wepat boldy, müñlerçe adam ýaralandy. Talyplaryñ başyny çekýän protestlere aktiw gatnaşan Boriç bolsa çykyşlary goldaýandygyny aýdyp, «Şu günki hereket dünýäniñ hemme ýerinde bolup geçenleriñ bir parçasy. Her ýerde halklar öz bagtsyzlyklaryny görkezmek üçin demonstrasiýa geçirýär. Bu tolgunşyklar Çilidäki syýasy ugurda mätäçlik duýulýan üýtgeşmeleriñ girizilmegini üpjün eder» diýdi.

• Boriçe türmede hüjüm

Emma Boriç hökümetiñ protestlerdäki hülgentçilikli hadysalara garşy 2021-nji ýylda güýje giren «Antibarrikada kanunyna» arka durandygy üçin tankydy bellikleri aldy. Kanunda köçelerde polisiýa işgärlerine garşy barrikada guran, döwlet emlägine zyýan ýetiren we talañçylyk eden demonstrasiýaçylara beriljek jezalar artdyrylypdy.
Boriç 2021-nji ýylyñ iýulynda çykyşlarda tussag edilen we dürli hukuk guramalary tarapyndaj «syýasy tussag» hasaplanýanlary görmek üçin «Santýago-1» türmesine gidende, «Antibarrikada kanunyna» beren goldawy sebäpli käbir tussaglaryñ garşylygyna uçrady. Duşuşyk wagtynda tussaglardan biri Boriçe ýumruk hem atdy.
Protestlerde tussag edilenler üçin amnistiýa çykartmak maksady bilen 2020-nji ýylyñ dekabrynda Kongrese teklipnama berildi. Teklipnamany goldan Boriç muny 2022-nji ýylyñ ýanwar aýynda ýene orta atyp, gepleşikleriñ çaltlaşmagyny talap etdi.
Protestleriñ täsiri bilen Çiliniñ Prezidenti Pinera düýpli özgerişlikleri girizip, kabinet ministrleriniñ ählisini çalşandygyna garamazdan bu hemle tolgunşyklary ýatyrmaga ýeterlik bolmady.
Şeýle hem tolgunşyklaryñ başlanyna kän wagt geçmänkä wezipesinden el çeken Içeri işler ministri Andres Çadwik has soñra howpsuzlyk güýçleriniñ eden adam hukuklary bozulmalarynyñ öñüni almandygy sebäpli bäş ýyllap syýasata girmesiz edildi. Boriçem Çadwigiñ işden gitmegini talap edenleriñ arasyndady.
Ýaş syýasatçy «Pandora» maglumatnamalarynyñ paş edilmeginiñ yzysüre korrupsiýada aýyplanan Pineranyñ üstünden gozgalan derñew proseslerine-de gatnaşdy we onuñ wezipesinden boşadylmagy üçin ses berdi. 2021-nji ýylyñ 9-njy noýabrynda Wekiller mejlisinde Pinera üçin sesleriñ köplüginde işden boşatmak karary çyksa-da, Senat muña garşy çykdy.

• Konstitusiýa referendumy

Protestleriñ täsiri bilen ýurtda bolup geçen ýene bir möhüm waka-da Konstitusiýa üýtgeşmeleriñ girizilmegidi. 2020-nji ýylyñ 25-nji noýabrynda geçirilen Konstitusiýa referendums 78%% ses bilen kabul edildi. Beýleki bir ýandan Boriçe Konstitusiýa referendumy tankytlaryny-da getirdi. Çiliniñ Kommunistik partiýasy bilen birlikde «Sosial bileleşigiñ» we «Giñ frontyñ» käbir agzalary täze Konstitusiýanyñ taýýarlanmagy üçin Kongrese hödürlenen ylalaşyga gol çekmekden ýüz dönderse, Boriçiñ garaşsyz ýagdaýda ylalaşyga gol çekmegi çekişme döredi. Muña garşylyk hökmünde bäş partiýa «Giñ frontdan» bölünip aýryldy.
2021-nji ýylda Kovid-19 pandemiýasynyñ kölegesinde şäher munisipialetiniñ başlyklarynyñ, oblast häkimleriniñ we Konstitusiýa toparynyñ agzalarynyñ kesgitlenmegi üçin saýlawlar geçirildi. Boriç «Giñ frontyñ» güýjüni ýitirmegi bilen ýurtdaky sosialist partiýalaryñ koordinasiýa taýdan güýçlerini birikdirmegi üçin herekete geçdi. Çiliniñ Kommunistik partiýasynyñ ýolbaşçylygynda gurulan «Gymmatly Çili» («Chile Digno») koalizasiýasy Deñlik partiýasynyñ we «Giñ frontyñ» birleşmegi bilen «Ygtybary golda!» («Apruebo Dignidad’) atly giñ koalizasiýany emele getirdi. Koalizasiýa Konstitusiýa saýlawlarynda sagçy «Öñe, Çili» koalizasiýasynyñ yzyndan iñ güýçli ikinji koalizasiýa hökmünde topara gatnaşmaga hukuk gazandy.

• 2021-nji ýylyñ saýlawlary we Prezidentlik

Boriçem ýeñiş bilen çykan 2021-nji ýylyñ saýlawlaryna «Ygtybary golda!» koalizasiýasynyñ talaşgäri bolup gatnaşdy.
Ýaş syýasatçy birinji tury 21-nji noýabrda geçirilen saýlawlarda sesleriñ 25,8%-ni alyp, Hristian Jemgyýet Frontyndan (Frente Social Cristiano –FSC) sesleriñ 27,9%-ni alan sagçy talaşgär Antonio Kastyñ yzyndan azajyk tapawut bilen ikinji boldy. Birinji turda gatnaşygyñ 47%-de galandygyna garamazdan ikinji turda gatnaşyk 55,6%-e çykdy. Dekabrda gazanylan netijelerde Boriç sesleriñ 55,87%-ni alyp 44,13%-de galan bäsdeşini geçdi we saýlawlaryñ ýeñijisi boldy.
Boriç saýlaw kampaniýasynda neoliberal ykdysady syýasatlatyñ ýerine sosial adalata gönükdirilen syýasatlara geçiljekdigini wada berip, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyñ döwletiñ hasabyna geçirilmegi, bu ulgamlardaky goýumlaryñ artdyrylmagy, baýlardan paç alynmagy we Pinoçet döwründen galan Konstitusiýanyñ üýtgedilmegi ýaly çäreleriñ kabul ediljekdigini aýtdy. Ýaş lider şeýle-de obsessiw kompulsiw bozuklykdan ejir çekýändigini-de gizlemän aç-açan aýdyp, «Çiliniñ akyl saglygy hakynda dil ýarmaýandygy-da gowy zat» diýdi. Boriç kampaniýasynda hususanam ýurtdaky psihologiki kömek we akyl saglygy hyzmatlarynyñ gowulandyrjakdygyna söz berdi.

• Türkiýäniñ kürt syýasatyna berk tankydy bellik

Boriç saýlaw kampaniýasynda Ysraýyl-Palestina çaknyşyklarynda Tel-Awiw hökümetini berk tankyt edip, Ysraýylyñ «ganhor we genosid edýän döwletdigini» aýtmagy bilenem ünsi çekdi. Saýlawlarda üstün çykandan soñ beren bir reportažynda pl Ysraýyla gönükdiren aýyplamalarynyñ Türkiýäniñ kürtler babatda alyp barýan syýasatyna-da degişlidigini öñe sürdi.
Çiliniñ täze saýlanan Prezidenti Boriçiñ bir reportažyndan:

— Ysraýylyñ ganhor we genosidçu döwletdigini aýdýarsyñyz?
— Hawa, dogrudyr.
— Kürtlere garşy-da Türkiýemi?
— Gürrüñsiz. pic.twitter.com/XxIyThvSPh
— İmdat Oner (@im_oner) December 21, 2021

Daşarky syýasatda Boriç ýurdundaky ýerli halk mapuçelere (araukanlara) garşy basyşy ýazgaryşy ýaly, Braziliýa, Wenesuela, Nikaragua hökümetlerine-de garşy çykyş etdi. Ýaş syýasatçy Nikaraguada 2021-nji ýyldaky saýlawlaryñ gözboýagçylykly geçirilendigini öñe sürüp, Çiliniñ Kommunistik partiýasyny Nikaraguanyñ Prezidenti Daniel Ortaga beren goldawyndan el çekmäge çagyrdy.
Boriçiñ arasy Braziliýanyñ Prezidenti Žair Bolsonaru bilenem gowy däl. Bolsonaru Boriçiñ kasam kabul edişlik dabarasyna gatnaşmajakdygyny aýtdy. Wezipesine girişensoñ bu ýurtlar bilen gatnaşygynyñ nähili boljakdygy bolsa häzirlikçe öñe çykyp duran iñ esasy sorag.
Boriç saýlaw kampaniýasynda Wenesuelanyñ Prezidenti Nikolas Maduronyñ hökümetini-de totalitarlykda aýyplap, «Wenesuela şowsuz tejribedir. Alty million adamlyk Wenesuela diasporasy-da munuñ subutnamasy» diýdi.

• Baýden gutlady

Beýleki bir ýandan ýaş syýasatçynyñ arasy ABŞ-nyñ Prezidenti Jo Baýden bilen edil häzir gowy ýaly.
Baýden saýlawlarda ýeñiş gazanandan soñ Boriçi gutlap, «Çiliniñ erkin we adalatly saýlawlarynyñ örän gowy nusga bolandygyny» aýtdy. Boriç bolsa Twitter hasabyndaky ýazgysynda «Baýdeniñ özüne jañ edip gutlandygyny we yklymara krizis, adyl söwda we demokratiýanyñ güýçlendirilmegi ýaly meseleleri özara gürleşendiklerini, gatnaşykda bolmagy dowam etjekdigini» ýazdy.

Acabo de recibir llamada del Presidente de USA @joebiden. Además de la alegría compartida por nuestros respectivos triunfos electorales conversamos sobre desafíos comunes como comercio justo, crisis climática y fortalecimiento de la democracia. Seguiremos conversando. pic.twitter.com/Q4XpEcbkTF
— Gabriel Boric Font (@gabrielboric) December 30, 2021

• Amerika yklymynyñ iñ ýaş hökümet düzümi

Boriç geçen aý bile işleşmeli kabinet ministrlerini-de tanatdy. Ortaxa ýaşy 49 bolan 24 ministrden 14-i aýal bolan şahsy düzümi Amerika yklymynyñ taryhynda agramly bölegi aýal bolan ilkinji Ministrler kabinetiniñ düzümidir.
Täze hökümetde 1973-nji ýylda Pinoçetiñ liderligindäki agdarylyşykda boýun egmegiñ ýerine öz janyna kast eden Çiliniñ öñki Prezidenti Salwador Alýendäniñ agtygy elli ýaşly Maýa Fernandes Goranmak ministri bolup işlär. Şeýle-de «Çili gyşynda» täsirli rol oýnan we has soñra Boriçiñ saýlaw kampaniýasynda geñeşçilik eden 34 ýaşly Jorjo Jekson hem baş sekretaryñ wezipesini ýerine ýetirer.
Boriçiñ FECH saýlawlarynda ýeñen, talyplar bileleşiginiñ öñki lideri 33 ýaşly Kamila Walýeho hem hökümetiñ press-sekretary bolup işlär.
Döwlet Tebipler bileleşiginiñ öñki başlygy we Boriçiñ saýlaw kampaniýasyny dolandyran 35 ýaşly Izkiýa Ýaswin Siçes Çiliniñ ilkinji Içeri işler ministri wezipesini ýerine ýetirer.
Ministrler Kabinetiniñ iñ ýaş agzasy 32 ýaşly Antonia Orelýana hem täze gurulan Zenanlar we jynsy deñlik ministriniñ wezipesinde oturar.
Hökümetde LGBT+ jemgyýetindenem iki adam bar. Kyrk bäş ýaşly Aleksandra Benado öñki zenan futbolçy. Ol işe başlanda ýurdunyñ taryhynda teletinbazdygyny (lezbiýanka) aýdan ilkinji ministr bolar. Kyrk dört ýaşly geý Marko Awila bolsa Bilim ministri bolup işlär.
Boriçiñ hökümeti bilen Çilä täze sahypa garaşýar. Ýurdunyñ çarkandakly geçmişindäki ýalñyşlyklaryñ gaýtalanmazlygyny we radikal jemgyýetçilik öwrülişigini talap edýän çilili ýaşlaryñ sesi bolmaga söz beren Boriçiñ öñünde kyn synag bar.

• Peýdalanylan çeşmeler: 

Washington Post, Telesur, Reuters, BBC, Jacobin, Merco Press, Then 24, AFP, AP, Deutsche Welle, TIME, Bloomberg, Brazilian Report, ABC News, The Nation, Guardian, Historico, Rudaw, Palestine Chronicle, BBC, Wikipedia

Ýasin SOFUOGLY.

11.03.2022 ý. Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle