Çetdäki çyksyn / satiriki hekaýa
Çetdäki çyksyn / satiriki hekaýa

— Çagalary dogan güni baş toýy diýdiler, çörek çeýnäp başlansoň, diş toýy diýdiler, ýyl dolansoň ýaş toýy diýdiler. Heý, şeýle-de bir toý bolarmy? Agasy bolup ojuk-bujuk kömek etmeseňem husyt diýen bolýarlar – diýip, ýaşuly aýalyna seretdi.
— Aý, kakasy, özüň bir emmasyny taparsyň-da – diýip, garaýagyz keýwany gözlerini süzdi.
Dymyşma uzaga çekdigiçe hamy süňküne ýapyşyp duran ýaşulynyň sakgaly saňňyldap ugrady. Ala gözleri öňküden beter mölerdi. Maňlaýy ýygyrt-ýygyrt bolup, gaşy çytyldy.
— Gazanyň gulagy gyzsa göze görneni çagyryp, naharlap biz ilden näme öwrenýäris. Sygrymyz ýylda iki gezek göleläp durmy beýle.
Bu toýda bizi-de myhmansyz goýmazlar.
Birden ýaşulynyň eli gara çorbadan çalasynlyk bilen çekildi. Barmaklaryny işdämenlik bilen sorup:
— Etmelisini bildim – diýip, aýalynyň alkymyna dykyldy.
— Hawa, kakasy?
— Biz bagşyny myhman alaly. Köp bolanda üç adam bolar. Meniň bilen bir tabaklyk. Her neneň uly toýda-da bagşydan hormatly myhman bolup bilmez.
— Näbileýin, kakasy, bagşa-da uly tutum gerek bolýar diýýärler.
— Baý, kiloýarym et alsak bes-dä.
— Seň diýeniňi ederis-dä, bolmasa, şol 10-15 janlynyň biriniň damagyna tyg çekilermikä diýip, gara janym galanok – diýip, ýerinden galdy. Äri-de “Al onda menem gitdim” diýip, ädigini aýagyna howlukmaç gowaldan sokdy-da, ýola düşdi. Donunyň syýyny tasadyp barşyna ikisiniň öýüne girdi:
— Inim, toýuň iň agyr hyzmatyny maňa buýur. Aga bolanymyzdan soň munuň ýaly ýerde agyr-ýeňli göterişmeli bolarys. Onsoňam, makul bilsek, men-ä, şu toýuň iň hormatly myhmany – bagşyny myhman almakçy.
Ikisi ýylgyrdy-da:
— Bolýar, agam, gözel göwnüňiz, siziň diýeniňiz bolsun – diýdi.
Toýuň myhmanlary paýlandy.
Geňeşde toýuň bagşysy Nazar aga bolmaly diýip bellenilipdi. Emma onuň uzakdaky toýa gidenligi üçin garagalpak bagşysy Jabat getirilipdi.
Agaç etli, uzyn gelin öýüniň öňünde köw-söw edip ýördi. Adamsy et almaga gidipdi. Myhmanlara gözi düşen gelniň syňragyna köz gysdyrylan ýaly, ol iki ýana ylgaberdi.
— Kakasy nirelere ýitirim bolduka? – diýip, çar tarapa zowzuldady. Ylgap barşyna äriniň öňünden çykdy.
— Kakasy, işimiz gaýdandyr.
— Hä?
— 17 myhman geldi.
— O nähili 17 myhman, hany, bagşyny bermändirlermi?
— Üç-dördüsiniň boýnunda sapy uzyn susaga meňzeş bir zatlar-a bar.
— Gaýgy etme, keýwany, bagşydan özgesini başgalara ibereris.
Synçy bagşy öýe girensoň daşyna göz gezdirip: “Ýigitler, bu taýa ýalňyşyp geläýen däldiris-dä. Bu öý myhman aljak öýe meňzänok” diýip, çykarynyp, peçiň gapdalyna geçip oturdy.
Gapydan gaharly giren daýaw pyýada bagşa bakyp:
— Siz bagşymy? – diýdi.
— Hawa.
— Gapdalyňyzdaky büküdip oturanlar kim?
— Şägirtlerim.
— Aňyrky kese bakyp oturan?
— Gyjakçy.
— Bu gaba telpek?
— Sazanda.
— Oň gapdalyndaky?
— Balamançy.
— Ol eli tirli?
— Deprek kakýar.
— Dik boýun, şypyrmaly?
— Rebapçy.
— Gaýşaryp oturan nä?
— Güýende.
— Aňyrky göge gözläp oturan?
— Surnaýçy.
— Ol eglip oturan?
— Saza saz goşýan.
Uzyn sözüň gysgasy, Jabat bagşy oturanlaryň 16-syna at tapdy. Öý eýesi galan birine has ýeser seredip:
— Ol kim? – diýdi. Bagşy ýaýdanybrak:
— Inim, şon-a menem tanamadym – diýdi.
— Çyksyn onda çetdäki! – diýip, yzyna öwrüldi.
Şamyrat TAGANOW.
“Edebiýat we sungat” gazeti, 06.06.1971 ý. Satiriki hekaýalar