Çeş­mä­niň sak­çy­sy (He­ka­ýa)

Çeş­mä­niň sak­çy­sy (He­ka­ýa)

Hoseýn Läl BÄZRI,
eýran ýazyjysy

— Mehrab, men gorkýan! Men bu ýerde galyp biljek däl — diýende, gyzyň sesi howsalaly çykdy.

Oglan ýylgyrdy-da, getiren çadyryny derýanyň gyrasynda gurmaga durdy. Şol wagt olaryň üstünden bir algyr guşy pessaýlaýşyna şuwlap uçup geçdi. Gyz gorkujygyna gygyryp, Mehrabyň arkasynda bukuldy-da, onuň bilinden berk ýapyşdy. Ol agy gatyşykly sesi bilen:

— Bizi Hudaý gorady… Gel, gowusy bu ýerden tizräk gideli! — diýdi.

— Gorkmasana! Ol biziň bagtymyzyň humaýy, ol meniň başyma şa täjini geýdirjek bolýar — diýip, Mehrab ýylgyrdy.

Ýaşlar eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri nirädir bir ýerlerik gitmegi ýüreklerine düwüp ýördüler. Ahyrynda hem açyk tebigatda gezelenç etmeli diýen karara gelipdiler.

Algyr guşy ýene-de bir sapar olaryň üstünden bat bilen öwrüm edip, ýokarlygyna göterildi-de, gözden gaýyp boldy.

Mehrab Söwdabeniň elini öz bilinden aýryp:

— Gel, gowusy maňa kömek et! Şu çadyry dikeli — diýdi.

Gyz sesini çykarman çeşmäniň gyrasyndaky uly harsaň daşyň üstünde jaýlaşykly ornaşdy-da, elindäki çagyl daşlary ýeke-ýekeden suwa pyzmaga durdy. Şol pursat oglanyň kalbynda birhili ünji döredi. Ol gyzyň golaýyna baryp, gapdalynda oturdy.

Belentlikden güwläp guýýan bol suwly çeşme olaryň öňünde towlanjyrap akyp, uzakda bolmadyk bir köwe guýýardy. Oglanyň kellesine «Söwdabe birden şu köwe gaçaýsa… » diýen aýylganç pikir geldi. Soň ol bu ýaramaz pikiri kellesinden kowmaga çalyşdy. Salkynjak howada endamy jümşüldän Mehrab şeýle diýdi:

— Söwdabe! Gel onda, ot ýakaly.

Ýöne Söwdabe diýýämisiňem diýmän, köwşünidir jorabyny çykardy we daşyň üstünden düşüp, çeşmä aýaklaryny sokdy. Onuň köýneginden tutan Mehrab:

— Ýok! Suwa gaçarsyň — diýip, gyzy özüne tarap çekip goýberdi.

Gyz tisginip gitdi.

— Gaýdaly diýýän saňa şu ýerden — diýip, ol ýüzüni sortdurdy-da, suwuň ýakasyndaky gurulmadyk çadyra tarap ýöneldi. Odunyň ugruna çykan Mehrab:

— Men bahym dolanaryn — diýdi.

Söwdabe:

— Meniň ýeke özümi goýup gitmesene! — diýip özelendi.

Ýöne gyzyň sözleri guýa gaçan dek, oglanyň gulagyna hem ilmedi. Söwdabeniň göwnüne suw birhili bulanan ýaly bolup göründi. Mehrab yzyna öwrülip, elini salganda gyz ony görmedi. Ol çeşmäniň boýuny syryp, onuň gözbaşyna tarap ýöneldi. Çygar ýylgynlar onuň derdine ýaramady. Ol uzak wagtlap ýanyp, gyzdyryp durjak ullakan, gury töňňe gözleýärdi. Ol çeşmäniň kenarynda ösüp oturan gök ýylgynlygyň içi bilen ýokarlygyna gitdi. Birdenem onuň nazary ýerde ýykylyp ýatan agaç sütüninde eglendi. Ýyldyrym agajyň ýokarky bölegini ýakypdyr, onuň diňe suwuň içindäki bölegi aman galypdyr. Mehrab öz ýanyndan: «Wah, ýanym bilen byçgy alyp gaýtmandyryn» diýip ahmyr etdi. Oýlanyp otursa, başga-da köp zatlar getirmändir.

Ol Söwdabä: «Men seniň üçin ömürlik ýatlama bolup galjak ýakymly zatlary etmek isleýän» diýipdi. Soňra oňa söýgi hakda bilýän goşgularynyň ählisini aýdyp beripdi. Syýahata çykmazyndan owal gyzy arkaýynlaşdyrmak üçin ol Golmekanda garyndaşlarynyň bardygyny, zerur halatynda olara myhmançylyga gidip biljekdiklerini aýdypdy.

Ýöne näme üçindir gyzyň bu syýahatdan göwni suw içmeýän ýalydy. Ýolda gaşyny çytyp barşyna, Mehrabyň degişmelerine çigit ýalyjagam pitiwa etmedi. Ony çeşmäniň başyna getirse, öýkesi ýazylar öýdüpdi. Mehrab nähili kelle döwse-de, garyndaşlarynyň adyny ýadyna salyp bilmedi.

Golaýdan eşidilen jaň sesi onuň garyndaşlary baradaky pikirlerini duw-dagyn etdi. Birdenem Mehrabyň nazary çeşmäniň ýokary akymynyň kenarynda otlaşyp ýören goýun sürüsine, ol ýerde ösüp oturan çynar agajynyň aşagyndan çykýan goýry tüssädir burugsap ýanýan oduň üstünde çaý goýup ýören bir garry çopanda eglendi. Ýigit bir zatlar diýmäge hyýallanyp oňa elini bulaýlady. Goja welin, oda gümra bolup ýörşüne başyny hem galdyrman:

— Sen bu ýerde näme gözleýäň? — diýip sorady.

Tüsse, oduň howry hem-de çygly howa adamyň sesine goýrylyk çaýdy. Mehrab bolýan zatlara gaty geň galdy. Ol: «Bu adam eňňide çykamda, meni ýa görendir, ýa-da gulaklary juda ýiti bolmaly» diýip, öz ýanyndan pikir öwürdi-de:

— Armaň-da, ýaşuly! Men-ä bu jelegaýlardan ot ýakmak üçin odun gözleýän, emma heniz tapan zadym bolmady — diýdi.

Goja «golaýrak gelsene» diýen şekilde eli bilen yşarat etdi. Ýigit näme etjegini bilmän, kürtdürip duruberdi. Ol adam ýene-de ony gaýtadan öz ýanyna çagyrdy. Ýigidiň ýylgyndan ýapyşyp, çeşmeden çykanam şoldy welin, birden aýagy taýyp tasdanam ýykylypdy. Ol oduň başyna baransoň, ýaşuly çopan:

— Bu ýerlerden gury odun tapmarsyň — diýdi.

Oglanyň gözi beýleräkde ýatan horjunda eglendi. Onuň içi oňat edip çapylan odunlar bilen doldurylypdyr. Ýaşuly olary obadan getiren bolmaly.

— Hany, otur bakaly! Bileje çaý içeli.

— Ýok-ýok, men bahym yzyma dolanmaly, ýoldaşymyň ýeke özüni goýup gaýtdym.

Ýaşuly kiçeňräk haltajykdan äwmezlik bilen bir gysym çaý aldy-da, tüňçäniň içine atdy. Soňra ýene bir gysym atansoň:

— Ol seniň maşgalaň däl öýdýän — diýdi.

Mehrab tisginip gitdi. Tarsa ýerinden turagetdin, häziriň özünde bu ýerden uzaklaşmak isledi. Ýaşuly çopan henizem ondan soragly nazaryny aýranokdy. Ýigit onuň özüne bakyşyndan bir zatlar aňmaga synanyşdy. «Ýaşuly betgüman bolýarmyka?» diýip iňkise giden ýigidiň, onuň gyňyr we agras ýüzünden aň eden zady bolmady.

Mehrab bu ýaşulyny içgin synlamaga durdy. Onuň uzyn sakgalydyr gür gaşlaryna düşüp duran telpegi rowaýatlardaky gadymy ynsanlary ýada salýardy. Ojagyň tüssesidir ataşy has hem jadylaýjy täsir ýaradyp, oglany özüne bendi etdi. Ol indi dili tutulan ýaly gepläp bilmän otyrdy. «Bu adam özüniň geň-taň sypaty bilen meniň ýüregime wehim saljak bolýar öýdýän» diýip öz ýanyndan pikir öwren Mehrab bir zatlar sorajak boldy, ýöne uslyp bilmän dymdy. Ol muny nädip bildikä?

Ýaşuly çopan käselere çaý guýup durşuna:

— Hol aşakda gepleşen wagtyňyz sesiňizi bu ýere suw alyp geldi — diýdi. Ol özüne allaniçigsi bolup seredýän ýigide garap, sözüniň üstüni ýetirdi: — Ynanaňok öýdýän?

— Bu çeşmäniň aşak akymynda bir köw bar, ol ähli sesleri özüne çekýär. O taýda kim näme gürlese, suw özi bilen alyp gaýdýar. Ol ýagşy sözleri oňat görýär, ýamanlaryny bolsa kän bir halap baranok…

Oglan ünjüli halda:

— Ýaşuly, ol ýaman sözleri näme edýärkä?— diýip sorady.

Ýaşuly ýylgyryp:

— Bu ýeriniň suwy mukaddesdir. Onuň ýek ýigreneni ýaramazlyk. Meniň kakam bu çeşmäniň başynda Ahriman bilen başa-baş söweşe girip, suwy gorapdyr — diýdi.

Şonda ýigidiň çagalyk ýyllarynda bu çeşme barada atasyndan eşiden gürrüňleri ýadyna düşdi. Ol bu çeşmäniň başynda mesgen tutan aždarha we Narimanyň ogly Samyň aždarha bilen jeňe girip, çeşmäni onuň şerinden halas edişi hakynda ozal kän gezekler eşidipdi.

Mehrab bu geň-taň adamy nädip başyndan sowjagyny bilmeýärdi. Ýaşuly:

— Çaýyň sowady — diýip, sözüni dowam etdirdi. — Elbetde, muňa hiç kim ynanmaýar. Bu ýöne bir rowaýatdyr öýdüp pikir edýärler. Isleseň, saňa aždarhanyň mesgen tutan ýerini görkezeýin.

— Ýok-ýok, men tizräk gaýtmaly…

Mehrab sözüni tamamlap bilmän dymdy. Ýaşuly mys-mys gülüp:

— Gaýtmakçy bolýaňmy? Biraz sabyr et — diýdi.

Ýigit ýaşulynyň girisine düşüpdi. Ol indi çykgynsyz ýagdaýda galypdy. «Söwdabe häzir näme işleýärkä?» diýip, ol öz ýanyndan pikir etdi. Ýaşuly çopan çaýyndan owurtlap, elini çeşmäniň gözbaşyna tarap uzadyp:

— Hanha, şol ýerde! — diýdi.

Ýigit ýaşulynyň görkezen tarapyna seredip:

— O ýerde näme bar? — diýip, gaşlaryny çytdy.

— Aždarha şol ýerde mesgen tutan eken.

Ýigit bu geň-taň adamyň ýanyndan bahymrak uzaklaşmak isledi. Aždarhanyň agzyndan çabyrap çykýan ýalny endam-janyny gara gowurga eden ýaly, maňlaýyna şagga sowuk der indi. Keltekçesiniň iliklerini ýazdyryp, gursagyny açdy. Ol otdan birneme yza çekildi. Oduny owarram edip, tizräk yzyna dolanyp, Söwdabe bilen bu ýerden uzaklaşmak isleýärdi. Ol häzir özüni birnäçe asyr yza zyňylan ýaly duýýardy. Ara düşen dymyşlygy bozan ýaşuly çeşmäniň gözbaşyna garap:

— Ýene bir käse iç! — diýip, çaý guýdy. — Bilip goý, islendik ýaramazlyk we nädürslik çeşmäniň suwuny azaldýandyr.

Mehrab onuň bu teýeneli sözlerini özüne çekdi. Özüne basalyk berip, başyny aşak sallady. Ýaşuly çaýly käsäni agzyna golaýladanda, onuň bugy uzyn sakgalyna siňip gitdi. Ol çaýdan lezzet bilen owurtlansoň, perwaýsyzlyk bilen:

— Gitjek bolýaňmy? Gijä galaýma! — diýdi.

Ýigidiň ýadyna Söwdabe düşdi. Ol howlukmaçlyk bilen ýerinden turanda, garry çopan oňa şu sözler bilen ýüzlendi:

— Birden şol aşakda ak bedewe gabat geläýseň, oňa hergiz golaýlaşmagyn!

Mehrabyň ýüregine ýene-de gorky aralaşdy, ol näme diýjegini bilmän ýaşulynyň ýüzüne heşerildi.

— Ak bedew negada çeşmeden çykýar-da, suwa esewan edip, ýene-de suwa çümüp gidýär, onuň halamadyklaryny depip-gapyp suwa gark edýän halatlary hem az bolmandyr — diýip, ýaşuly başyny ýaýkady.

Ýigit alasarmyk ýagdaýda ol ýerden ugramak bilen boldy. Büdredi. Indi onuň başy aýlanýardy.

Ýaşuly onuň arkasyndan:

— Habardar bol! — diýip gygyrdy. Onuň beýleki aýdan sözleri oglanyň gulagyna hem ilmedi, diňe «ýagyş ýagýar» diýen sözleri suwuň ýüzünde tolkun atyp giden ýaly boldy.

Mehrab yzyna garanda diňe bir süri goýna we tüsse çykyp duran ojaga gözi düşdi. Ýaşuly bolsa eýýäm bir ýerlere sumat bolupdyr. Ol ädimini gataltdy. Eýýäm garaňky gatlyşyp ugrapdy. Ol indi bu ýerde uzak eglenmek islemeýärdi. Haýdan-haý yza dolanyp, çadyry düýrläp, öýe gaýtmalydy.

Ol düşlän ýerlerine gelende, ýeliň çadyry suwa agdarandygyny gördi. Söwdabeni tapjak bolup, töweregine garanjaklady, emma ol gözüne ilmedi. Huşy başyndan uçan Mehrab bogazyna sygdygyndan gygyrdy:

— Söwww… daaaa…. be…

Onuň sesi şemal bilen bilelikde agaçlaryň içinde öwrüm edip, köwe tarap ýüwürýän çeşmäniň suwuna gaçan ýaly boldy. Mehrabyň ýüregi sanjyp gitdi. Ol ýene-de gygyrdy. Birdenem akylyndan azaşan dek ähli güýji bilen ylgady. Suwy yzarlap barşyna köwe golaýlady. Gök gümmürdäp, ýyldyrym çakdy. Ol gorkudan ýaňa birsellem doňup galdy. Soň ýene-de ylgady. Köwe golaýlanda bolsa, Söwdabeniň köwşüniň we jorabynyň çeşmäniň gyrasyndaky harsaň daşyň üstünde ýatandygyny gördi. Söwdabeniň özi welin ýokdy. Mehrab ellerini agzyna ýetirip, bar güýji bilen gygyrdy:

— Söwww… daaaaa…. be!

Belentlikden akýan çeşmäniň suwy öwrüm edip, göni köwüň içine güwläp guýýardy.

Pars dilinden terjime eden Ýegenmämmet TAÝLYÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle