Çapyksuwar (hekaýa)

Çapyksuwar (hekaýa)

Baý­gel­di us­sa­nyň ag­ty­gy Şir­my­ra­dyň har­by gul­lu­gyn­dan gel­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ha­ba­ryň oba ýaý­ra­ma­gy bi­len Çeş­me­li oba­sy­nyň adam­la­ry­nyň äh­li­si di­ýen ýa­ly edil, to­ýa ga­raş­ýan ýa­ly, oňa ga­ra­şyp ug­ra­dy. Se­bä­bi Şir­my­ra­dyň gel­me­gi bi­len bu oba­nyň dur­mu­şy öz­ge­ren ýa­ly bo­lar. Nä­me üçin diý­ýä­ňiz­mi? «Nä­me üçi­ni­ni» dü­şün­dir­mek üçin gür­rü­ňi bi­raz uzalt­ma­ly bol­ýar. Se­bä­bi şeýt­seň, ho-ol, oba­my­zyň or­ruk or­ta­ra­syn­da­ky azyk dü­ka­ny­nyň ýa­nyn­da­ky us­sa­ha­na­da gi­je-gün­diz «tyrk-tyrk» edip otu­ran Araz­gel­di kö­wüş­çi­niň aý­dy­şy ýa­ly, gür­rüň has süý­ji bol­ýar. Tä­sir­li bol­ýar. Ine, şo­nuň üçi­nem gür­rü­ňi­mi aňyr­rak­lar­dan, en­tek Şir­my­ra­dyň ça­ga­lyk dö­wür­le­rin­den, og­lan­jyk­la­ryň öňü­ne dü­şüp, ga­ra­gol­luk­la­ryň dün­ýä­sin­de gam­syz döw­ran sü­rüp ýö­ren wagt­la­ryn­dan alyp gaý­da­ýyn.

Şir­my­ra­dyň ga­ra­gol­lu­gy ga­lar diý­se­ler, kim ynan­sa-da, goň­şu­la­ry Hal­ly­gö­zel eje-hä ynan­maz­dy. Se­bä­bi onuň how­lu­syn­da Şir­my­rat se­bäp­li tä­ze­den ýa­sa­lyp gö­rül­me­dik zat gal­man­dy di­ýen ýa­ly­dy. Bu ýag­daý­dan ha­lys ýa­dan Baý­gel­di us­sa­nyň ýag­da­ýy­na döz­män eden bol­ma­gy-da müm­kin — oba adam­la­ry-ha şeý­le diý­ýär, kö­ne dos­ty Wel­mäm­met se­ýis bir gün ýö­ri­te­läp onuň­ka ba­ryp, ag­ty­gy­ny ýa­ny­na şä­girt­li­ge ber­me­gi tek­lip edip­dir. Ag­ty­gy­nyň ýag­da­ýy­na be­let bo­lan­soň Baý­gel­di aga bir­ba­da ra­zy bol­man­dyr.

— Aý, sak­gal­daş, go­wu­sy şu gür­rü­ňi go­ýa­ly. Ýa­şy­myň so­ňun­da şun­ça ýyl­lyk dost­lu­gy­my­zyň so­ňu­na no­kat goý­ma­ly bo­laý­ma­ly. Men ag­ty­gy­ma be­let, hök­man işe baş­lap-baş­la­man bir hok­ga çy­ka­rar.

Baý­gel­di aga sö­zü­niň so­ňu­ny de­giş­mä ýaz­dyr­dy.

— Me­niň at en­jam­la­ry­ny be­jer­mek­den-ä ba­şym çy­ka­nok. In­di­den soň şol hü­nä­rem öw­ret­mek ni­ýe­tiň ýok bol­sa, şu pi­ki­riň­den el çek, dost — diý­di.

Ýö­ne her ni­çi­gem bol­sa, Wel­mäm­met seý­siň çy­ny eke­ni. Ol di­ýen ýe­ri­ni tut­dy otur­dy. Ahyr­so­ňam, dos­tu­na «bol­ýa» diý­dir­di. Şir­my­ra­dam, geň gö­räý­me­li, ýa­şu­lu­la­ryň bu pi­ki­ri­ni eşi­den­de, ikir­jiň­len­je­gem bo­lup dur­ma­dy. Ýaş og­lan, gy­zyk­ly gö­ren­dir-dä, at­ha­na­nyň için­dä­ki dur­muş göz öňü­ne ge­len­den ata­sy­nyň aý­dan­la­ry bi­len gö­wün­jeň yla­laş­dy.

Şeý­dip Şir­my­ra­dyň dur­mu­şyn­da tä­ze, özi-de öň­kü­le­re meň­ze­me­ýän, diý­seň gy­zyk­ly sa­hy­pa­lar baş­lan­dy. Wel­mäm­met aga­nyň ga­ra­şy­şy ýa­ly, ga­ra­gol­ja og­la­na at­ha­na­nyň dur­mu­şy­na si­ňip git­mek kyn düş­me­di. Gaý­tam, gy­zyk­ly gö­rün­di. At­lar bi­le­nem diý­seň çalt dil ta­pyş­dy.

Baý­gel­di aga we­lin, ag­ty­gyn­da­ky üýt­geş­me­le­re be­gen­mä­ge how­luk­ma­dy. Keý­wa­ny­sy Mi­we­gül eje: «Uza­gyn­dan bo­la­wer­sin, Şir­my­rat ja­nyň bir hok­ga çy­ka­ran­dy­gy ba­ra­da­ky gü­nüň-gü­nü­ne ge­lip du­ran gür­rüň­ler­den-ä gu­la­gy­myz dy­naý­dy» di­ýip, be­genç­li gür­län­de-de, ýag­şy­dan-ýa­man­dan zat diý­me­di. Dog­ru­sy, «Aý, uza­ga gi­de­si ýok» di­ýen ýa­ly gür­rüň­le­ri aýt­ma­ga-da how­luk­ma­dy. Her ni­çi­gem bol­sa, öz ýa­nyn­dan ta­ma et­di. «Goç ýi­gi­diň as­ly bol­sa, ir-u-giç dog­ry ýol ta­paý­ma­ly­dyr. Äh­li zat özü­miz­den bol­ma­ly. Şu ça­ka çen­li ony öz is­län ýo­lu­na gö­nük­dir­me­gi ba­şa­ran däl­di­ris. Wel­mäm­me­diň ýö­ri­te­läp gel­me­gem ýö­ne ýer­den däl­dir. Og­la­nyň ne­si­be­si ge­ti­ren­dir ony bi­ziň ga­py­myz­dan» di­ýip, öz ýa­nyn­dan ýag­şy ni­ýet et­di.

Ha­ky­kat­da­nam, Şir­my­rat Wel­mäm­met aga­nyň ta­ma­sy­ny öde­di. Ol git­di­gi­çe işi­ne-de ez­ber­leş­di. Göw­re­si­niň hut ça­pyk­su­war­la­ryň­ka ky­bap­dy­gy­ny tu­ruw­baş­dan göz as­ty­na alan­dy­gy se­bäp­li, bir gün Wel­mäm­met aga oňa göw­nün­dä­ki tek­li­bi et­di:

— Şi­rim, in­di sen eýe­riň üs­ti bi­len ymyk­ly öw­re­ni­şi­ber­se­ňem bo­lar.

— Aý, öw­re­niş­dim-ä, Wel­mäm­met ata — di­ýip, Şir­my­rat ýa­şu­ly seý­siň aý­dan­la­ry­na özü­çe dü­şün­di.

— At mü­nüp bil­ýän-ä.

Wel­mäm­met aga og­la­nyň sa­da­lyk bi­len aý­dan­la­ry­na ýyl­gyr­dy-da, ba­şy­ny ýaý­ka­dy.

— At mün­mek bar, at çap­mak bar. Asyl, at çap­mak bi­len at çap­ma­gy­ňam ta­pa­wu­dy kän-ä.

Şir­my­rat ýa­şu­ly­nyň aý­law­ly söz­le­ri­ne dü­şün­män, se­si­ni çy­kar­man oňa se­ret­di otur­dy. Se­ýis şon­dan soň gö­nü­le­di.

— Sen in­di ça­pyk­su­war bo­lup, at­la­ry­my­zy uly aý­law­la­ra çy­kar­ma­ga ta­ýyn­la­ny­ber­seň näd­ýä?

Şir­my­rat ýa­şu­ly­nyň aýd­ýan­la­ry­na ynan­ma­ýan ýa­ly, oňa se­re­dip aňk-taňk bol­dy otur­dy.

— Nä­me, ýaý­dan­ýaň­my?

Bu söz we­lin ýaş og­lan üçin düý­bün­den ýat­dy. Ol asyl ça­ga­ly­gyn­dan ýaý­dan­mak, çe­kin­mek di­ýen za­dy bil­me­ýär­di. Çe­pik­si­je og­lan­jy­gyň göz­le­rin­dä­ki do­gum onuň öňün­dä­ki hiç hi­li bö­we­diň ýaý­dan­dyr­ma­jak­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär­di. Ine, şu pur­sa­dam og­lan­jy­gyň göz­le­rin­de ýa­şu­ly seý­se ta­nyş bo­lan do­gum uç­gun­la­ry peý­da bol­dy.

— Ýok, nä­me­den ýaý­da­na­ýyn? Ýö­ne möw­sü­me çen­li ta­ýyn­la­nyp ýe­ti­şip bi­ler­mi­käm?

— To­ýa gar­ra­ma bar­my, og­lum? — di­ýip, Wel­mäm­met aga ýyl­gyr­dy.

— Bu möw­süm bol­ma­sa, in­di­ki ýy­lyň toý­la­ryn­da ça­par­syň. Ha­na, Gü­len­da­mam tüýs sa­ňa ga­ra­şyp ýör. Şol iki­ňi­zi bi­le­je ta­ýyn­la­ryn in­di­ki möw­sü­me.

Bir za­dy eşi­de­niň­den soň, ýü­rek­de ta­kat gal­ýar­my? On­da-da ýaş og­lan­da. Şol günden soň ol Gü­len­da­my mü­nüp aý­la­wa çyk­jak gü­nü­ne sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyp ug­ra­dy. Ýö­ne so­ňa­ba­ka onuň aňyn­da: «Bir­den il­kin­ji ýa­ryş­da yza ga­lyp, ha­ly­pa­myň ýü­zü­ni ýe­re sa­laý­sam? Oba adam­la­ry­nyň öňün­de mas­ga­ra bo­laý­sam» di­ýen ýa­ly pi­kir­le­rem peý­da bo­lup ug­ra­dy. Şol pi­kir­le­rem on­da jo­gap­kär­çi­lik di­ýen duý­gy­ny ter­bi­ýe­le­di. Her bir pur­sa­dyň ga­dy­ry­ny-gym­ma­ty­ny bil­me­gi, her bir aý­dyl­ýan zat­dan, ha­ly­pa­sy­nyň pent­le­rin­den ma­ny çy­kar­ma­gy, ola­ry ýü­re­gi­ne ýaz­ma­gy öw­ren­di.

Wagt di­ýe­niň-ä, nä­me, kö­ne­le­riň aý­dy­şyn­da­nam be­ter tiz­lik bi­len şo-ol zym­dy­ry­lyp ge­çip dur. Us­sa­dyň eli­ne dü­şen­de şä­gir­diň nä­hi­li öz­ger­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bo­lup, Şir­my­ra­dyň hem oba için­dä­ki «ga­ra­gol» la­ka­my sä­hel wagt­da unu­dyl­dy gal­dy. Şeý­dip, bir gün oba için­de: «Baý­gel­di us­sa­nyň ag­ty­gy Şir­my­rat uly aý­law­da at çap­jak­myş» di­ýen gür­rüň ýaý­rap ug­ra­dy. Bir­ba­da bu gür­rü­ňe ynan­ma­jak bo­lan­la­ram ta­pyl­dy. Ýö­ne kim ynan­ma­sa-da, Şir­my­ra­dyň synp­da­şy Zü­leý­ha­nyň we­lin aý­dy­lan­la­ryň aň­ry­ýa­ny bi­len çyn­dy­gy­na gö­zi ýe­tip dur­dy. Se­bä­bi onuň ýü­re­gin­de Şir­my­ra­da bo­lan ynam bar­dy.

Şir­my­ra­dyň il­kin­ji ge­zek at mü­nüp baş­lan gü­nün­den bä­ri, oba­nyň çe­tin­dä­ki ba­ýyr­ly­ga git­mek üçin baş­ga-da ýo­luň bar­dy­gy­na ga­ra­maz­dan, Zü­leý­ha­la­ryň öý­le­ri­niň de­ňin­den ge­çip git­me­gi en­dik edin­me­gi­ne bir­ba­da hiç kim üns ber­me­se-de, onuň aty­nyň toý­nak­la­ry­nyň se­si ýaş gy­zyň ýü­re­gi­niň gür­sül­di­si­ne go­şu­lyp dür­kül­de­di. Ju­wan­la­ryň di­ňe gö­reç­le­ri­niň söz­leş­me­si ar­ka­ly be­ýan edi­lip gel­nen pyn­han duý­gy şon­dan kän wagt geç­män­kä baş­ga-da kä­bir adam­la­ryň pi­kir alyş­ýan me­se­le­si­ne öw­rü­lip ug­ra­dy. Il­ki bi­le­nem gy­zyň ýeň­ňe­si­dir eje­si­niň ara­syn­da bu ba­ra­da gür­rüň açyl­dy. «Aý, tö­tän­lik­dir, göw­nü­mi­ze­dir» diý­di­ler. Soň bol­sa, kem-kem bu pi­kir­le­ri­ni tas­syk­la­dy­lar. Bu ba­ra­da gür­rüň açy­lan­da gyz­da­ky bol­ýan öz­ge­riş­lik bol­sa ýeň­ňe­si­niň pi­kir­le­ri­niň tas­syk­la­ma­sy bol­dy.

Uly aý­law­da oba­la­ry­nyň aty çy­kan çeş­me­li­li­le­r örän şat­landylar. Olar to­par tu­tu­şyp, Wel­mäm­met aga­dyr Baý­gel­di us­sa­la­ryň öý­le­ri­ne gut­la­ma­ga bar­ýar­dy­lar. Baý­gel­di us­sa ag­ty­gy­nyň il­kin­ji ýeň­şi my­na­sy­bet­li jan­ly so­ýup, üýş­me­leň et­di. Mä­re­kä­niň gu­wanç­ly söz­le­ri­ni, aý­law ba­ra­da­ky gür­rüň­le­ri­niň ara­syn­da Wel­mäm­met se­ýis Baý­gel­di us­sa ga­rap de­giş­di:

— Ne­sip bol­sa, Şir ja­nyň ga­zan­jak ýe­ňiş­le­ri öň­de­dir. Beý­dip, her ge­zek pel­le­ha­na­dan bi­rin­ji ge­len­de toý et­jek bol­saň, jul­dan çy­kaý­ma­saň.

— Ag­ty­gym ýe­ňiş bi­len bir ha­tar­da şeý­le ab­raý ge­ti­rip dur­sa, mä­re­ke et­mek, toý tut­mak me­niň bi­len.

— Aý, oba­my­zyň aty çyk­sa bol­ýar, Baý­gel­di us­sa ag­ram dü­şü­ber­jek bol­sa, bol­ma­sa, ge­zek­le­şip toý edä­ýe­ris — di­ýip, goň­şu­la­ry de­giş­di­ler.

Ha­ky­kat­da­nam, ha­ly­pa seý­siň aý­dy­şy ýa­ly bol­dy. Şir­my­rat Gü­len­da­my bi­len ýe­ňiş yzy­na ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýurt de­re­je­sin­de Gü­len­dam at­ly öňü­ne at ge­çir­me­ýän be­de­wiň ady ar­şa gal­dy. Şir­my­rat her ge­zek at ça­pyp alan baý­ra­gy­ny öý­le­rin­dä­ki mäh­ri­ban­la­ry­nyň bi­ri­ne sow­gat be­rer­di. Ata­sy­dyr ka­ka­sy­na, ene­si­dir eje­si­ne, do­gan­la­ry­na her­si­niň özü­ne ky­bap gel­şi­ne gö­rä sow­gat ba­ry­ny be­rip­di.

Şol ge­ze­gem Şir­my­rat paý­tagt­da ge­çi­ri­len uly ýa­ryş­la­ryň bi­rin­den ýe­ňiş bi­len do­la­nyp­dy. Ol baý­rak ber­len owa­dan ýag­ly­gy­ny uly do­ga­ny Na­ba­da ber­mek­çi bol­dy. Ýö­ne ol baý­ra­gy al­ma­ga how­luk­ma­dy-da, ýyl­gy­ryp, ji­gi­si­ne mas­la­hat ber­di.

— Şir jan, sen bi­ze sow­gat et­me ke­mi­ni goý­ma­dyň. In­di sen mu­ny baş­ga bi­ri­ne ber­seň go­wy bol­maz­my? — di­ýip, ol syr­ly ýyl­gyr­dy. Şir­my­rat uýa­sy­nyň mäh­ri­ban­lyk bi­len aýd­ýan­la­ry­na dü­şün­se-de, bil­mez­li­ge sal­dy.

— Baş­ga ki­me be­re­ýin? Eje­me be­räý­me­sem?

— Eje­me-de ber­diň-ä. Oňa in­di­ki ge­zek ýe­ňi­ji bo­la­nyň­da be­ril­jek baý­ra­gy­ňy sow­gat edä­ýer­siň. Mu­ny sen oňa ber. Ýa, çe­kin­seň, özüm eltip be­re­ýin­mi?

Şir­my­ra­dyň ýü­zi gy­zy­la bo­ýa­la­na dön­di. Ol se­si­ni çy­kar­man bir­sel­lem du­ran­soň, ýaý­dan­jaň­lyk bi­len uýa­sy­na so­wal ber­di:

— Bir­hi­li bol­maz­my?

Ji­gi­si­niň ýü­re­ji­gi­ni açyp ug­ra­ny­na guş bo­lup uçaý­jak bol­ýan Na­bat onuň da­şyn­da pyr­la­nyp ug­ra­dy.

— Waý, nä­me­si bir­hi­li bol­sun oň? Gaý­tam-a, şu ça­ka çen­li şo­ny ber­män gel­me­giň bir­hi­li.

Her­ki za­da nä­hi­li­dir bir ýag­daý se­bäp bol­ma­ly­dyr-da. Ine, Şir­my­ra­dy­ňam, ýaý­dan­jy­rap, gyz ýü­re­gi­ne ta­rap ädip bil­män ýö­ren ädi­mi­ni ät­me­gi­ne-de be­dew aty — syr­da­şy se­bäp bo­lup­dy.

Özü­ne ta­rap uza­dy­lyp dur­lan sow­ga­dy gö­rüp, gyz, dog­ru­sy, bir­ba­da ýaý­dan­dy. Näz et­di.

— Bu nä­me?—diý­di.

Şir­my­rat ýaý­dan­jy­rap dur­şu­na, di­li­ne ge­le­ni­ni aý­dyp goý­ber­di:

— Baý­rak.

Gy­zyň ýü­zi üýt­ge­di.

— O nä­mä­niň baý­ra­gy? Ma­ňa­my?

— Baý­rak sa­ňa däl, ma­ňa be­ril­di. Ýö­ne men ony sa­ňa sow­gat ber­ýän.

Gy­zyň ýü­zi gy­zar­dy. Onu­ňam ýag­da­ýy og­la­nyň­ky­dan öwer­likli däl bo­lar­ly, mor­ta so­wal be­re­ni­ni özi-de duý­man gal­dy:

— Nä­me üçin?

Og­la­nam on­dan kem gal­ma­dy. Gö­nü­le­di goý­be­räý­di.

— Se­bä­bi men se­ni… Go­wy gör­ýän…

Şo­nuň bi­le­nem bar zat gu­tar­dy. Gyz-a öý­le­ri­ne ta­rap git­di, og­la­nam at­ha­na ta­rap. Ýö­ne, kän wagt geç­män­kä-de, şol ge­zek äh­li za­dyň gu­tar­man, eý­sem, ter­si­ne, iki ju­wa­nyň uly söý­gü­si­niň baş­la­nan­dy­gy­na ýi­git göz ýe­ti­rip ug­ra­dy. So­ňam äh­li zat çy­nyr­ga­dy gi­di­ber­di. Gyz­dan hoş sö­zem al­dy. Tö­we­rek-da­şam bu­la­ryň ýag­da­ýyn­dan ha­bar­ly bol­sa­la­ram, üýt­ge­şik bir zat bo­lan­dy­ram öýt­me­di­ler. My­na­syp ýaş­la­ra hem­me­ler gu­wanç bi­len bak­dy­lar. Iki ta­ra­pyň hos­sar­la­ry bol­sa bu ha­ba­ry eşi­den­le­rin­de: «Kö­ne ga­ryn­daş­lyk ýa­kyn­laş­jag-ow» di­ýip, be­ge­niş­di­ler…

Şir­my­ra­dyň gul­lu­ga gid­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ha­ba­ry onuň özüň­den däl-de, jo­ra­la­ry­nyň bi­rin­den eşi­den­de gyz diý­seň ga­ty gör­di. Ol öý­ke­si­ni ýi­git­den giz­le­je­gem bol­ma­dy. Bir­ba­da-ha ol bu ha­ba­ra ynan­ma­dy. «Ýa­lan­dyr, çyn bo­lan­ly­gyn­da Şir­my­ra­dyň özi ma­ňa aý­dar­dy» diý­di. Ýö­ne, kän wagt geç­män­kä bu ha­ba­ryň ha­ky­kat­dy­gy öz-özün­den mä­lim bol­dy. Ine, şon­dan soň we­lin Zü­leý­ha­nyň ýü­re­gin­de öý­ke duý­gu­sy mä­käm or­naş­dy. Şol öý­ke bi­le­nem ol go­şun gul­lu­gy­na git­jek bo­lup ýö­ren mag­şu­gyn­dan gaç­ganak­lap ug­ra­dy. Ol öý­le­rin­de go­şun gul­lu­gy­na gid­ýän­di­gi se­bäp­li gu­ra­lan üýş­me­leň gi­dip dur­ka-da, uly umyt bi­len Zü­leý­ha­ny­ňam bir ýer­ler­den çy­ka­ry­na ga­raş­dy. Oňa te­lim ha­bar ug­ra­dyp gör­di. Ýö­ne hiç hi­li ne­ti­je bol­ma­dy.

Şeý­dip, bu syr­ly ýag­da­ýy anyk­la­bil­mä­nem Şir­my­rat kal­by­ny ar­man­dan dol­du­ryp go­şun gul­lu­gy­na git­di. Ol bir­ba­da gy­zyň ýü­re­gin­de bir üýt­ge­şik­lik dö­rän­dir öý­düp pi­kir et­di. Şo­nuň üçi­nem gul­lu­ga ba­ran­so­ňam bir­ba­da gy­za hat ýaz­mak­dan sak­lan­ma­ly di­ýen ka­ra­ra gel­di. Ýö­ne aşyk ýü­re­ge di­ýe­ni­ňi et­di­rip bo­laý­ýar­my nä­me? Kän wagt geç­män­kä ol içi so­rag­dan do­ly hat­ly buk­ja­ny gy­za ug­rat­dy.

Dog­ru­sy, hat ýaz­sa-da, Şir­my­rat onuň jo­ga­by­na ga­raş­ma­ýar­dy. Se­bä­bi ol gy­zyň kal­byn­da nä­hi­li­dir bir, özü­ne gar­şy üýt­ge­şik­lik­le­riň bo­lup ge­çen­di­gi­ne git­di­gi­çe yna­nyp bar­ýar­dy. Edil hä­zir kim­dir bi­ri bir gy­ra­dan çy­ka­ga-da, gy­zyň baş­ga bi­ri­ne ýü­rek be­ren­di­gi­ni aý­daý­sa-da, onuň yna­n­ja­gy bo­lup bi­läý­jek zat­dy. Ine, şo­nuň üçi­nem Zü­leý­ha­nyň ha­ty oňa tüýs aý­ny wag­tyn­da gel­di. Hat­da gyz ýag­da­ýy bol­şy ýa­ly dü­şün­dir­ýär­di. Öý­ke­si ba­ra­da aýd­ýar­dy. «Men ýag­da­ýy­my ahyr­so­ňy gel­ne­je­me aýt­dym. Ol hem me­niň he­re­ket­le­ri­mi ýaz­ga­ryp: «Şir­my­rat se­ni gy­nan­dyr­ma­jak bo­lup şeý­dip­dir ahy­ryn. He­ýem, gus­sa­ly ha­ba­ry sa­ňa aýt­ma­ga aşyk ýü­re­gi how­lu­gar­my?» diý­di. Men şon­dan soň özü­miň nä­hi­li gö­dek ýal­ňy­şan­dy­gy­ma dü­şün­dim. Ýö­ne in­di­den beý­läk nä­hi­li agyr ha­bar bol­sa-da, il­ki bi­len ma­ňa aýt­ja­gy­ňa söz ber, se­bä­bi biz äh­li za­dy — be­gen­ji-de, kyn­çy­ly­gy-da deň paý­laş­ma­ly­dy­rys» di­ýip, ýa­zy­lan se­tir­le­riň her bi­rin­den gy­zyň ys­sy mäh­ri­ni sy­zyp otu­ran es­ger ýi­git sä­hel pur­sat­da şun­ça wag­tyň için­de ýü­re­gin­de gö­te­rip ge­len yza­sy­ny unut­dy. Gyz ba­ra­da eden pi­ki­ri üçin öz ýa­nyn­dan utan­dy.

Şeý­dip ara­dan ýe­ne es­li wagt geç­di. Bu gün bol­sa tu­tuş oba Şir­my­ra­dyň — toý­lar­da Çeş­me­li oba­sy­nyň ady­nyň be­lent­den tu­tul­ma­gy­nyň se­bäp­kä­ri bo­lan ça­pyk­su­war ýi­gi­diň ge­le­ri­ne ga­raş­ýar­dy.

Ine, edil hä­zi­rem oba­nyň çe­tin­dä­ki, at­ha­na­nyň go­la­ýyn­dan geç­ýän ýol bi­len bar­ýan iki jo­ra­nyň öza­ra gür­rüň­le­ri­ne gu­lak ga­bart­saň, aram-aram Şir­my­ra­dyň ady­ny­ňam tu­tu­lyp gid­ýän­di­gi­ni eşit­mek bol­ýar­dy. Se­bä­bi ola­ryň bi­ri Zü­leý­ha­dy. Zü­leý­ha­nyň jo­ra­sy soň­ky gün­ler­de ada­ta öw­rü­lip gi­di­şi ýa­ly, oňa deg­ýär­di.

— A gyz, şol at­ha­na gö­züň düş­se se­ni­ňem öň­kü­li­giň ýi­ti­ber­ýä. O taý­da en­tek Şir­my­rat ýog-a.

Zü­leý­ha-da jo­ra­syn­dan kem gal­ma­dy.

— Bol­man­da nä­me? Ol siz üçin ýok­dur, at­ha­na­da. Meň üçin bol­sa şu ge­çen wag­tyň için­de Şir­my­rat şol taý­da he­mi­şe-de bar­dy.

Jo­ra­sy Zü­leý­ha­nyň aý­dan­la­ry­na ba­şy­ny ýaý­ka­dy.

— Sen-ä şa­hy­ram bol­jak, bu tap­ýan gep­le­riň bi­len. Bol-bol — Şir­my­rat bol. Onuň ýo­lu­na sen­den be­ter sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýan bar­my­ka?

Zü­leý­ha «ýok­dur» di­ýen ma­ny­da ba­şy­ny ýaý­ka­dy. Şol wag­tam at­ha­na ta­rap­dan atyň kiş­ňe­ýän se­si eşi­dil­di. Gü­len­da­myň se­si­ni ta­nan gyz ýyl­gy­ra­ny­ny duý­man gal­dy…

Meretgylyç ATABAÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle