Çapyksuwar
Çapyksuwar
Çüw!
Çap atym, çap!
Çap atym, çap!
Uzak ýol düýrlenip başlandy birçak,
Atlaryň toýnagy. gyzypdyr kemsiz.
Görýärin, seniňem bedeniňden der
Akyp dur,
Akyp dur,
Akyp dur, çensiz.
Özümi söýşüm dek söýyärin seni,
Söýýärin, ýadapsyň bilýän, eý, aman!
Nätjek bu ýaryş-da… Birden galaýsaň,
Bagyşla, oňmaryn gamçy bulaman.
Bagyşla, gadagan ýadamak bu gün,
Duýmarys bolsa-da endammyz öl-suw.
Gaýrat et, ganatly guş deým uç, sen,
Çap atym, çap, çap,
Çap atym, çap, çap,
Çüw!
Gaýrat et, ganatly guş deýin uç sen,
Aş sen kötellerden, galsyn tozanyň.
Pellehana barmaly biz ilkinji,
Almaly baýragy bardyr ozanyň.
Dogry, seniň döken her damja deriň
Ýüzlerçe baýrakdan artykdyr artyk.
Şoň üçin almanam bilerdik, ýöne
Soň gezmeli borus ýüzümiz örtüp.
Çünki alynmadyk baýrak – ýeňiliş,
Geçilmedik menzil – köýdürlen arzuw.
Arzuwy köýdürmek bolsa günädir,
Çap atym, çap, çap,
Çap atym, çap, çap,
Çüw!
Arzuwy köýdürmek günädir günä,
Güýjüň barka, göreşmeklik gerekdir.
Ertemi?!.
Kim bilýär, ýaryşly ýola
Şu günki gelşimiz soňky gezekdir.
Belki, ýetip bilmän pellehana-da,
Tüwdürlip gideris…
Düşeris gözden,
Şonda yzdan gelýän çaman atyňam
Ozup geçäýmegi ahmaldyr bizden.
Her zatlaň,
her zatlaň bolmagy mümkin,
Ýaryşly ýollaryň kadasydyr bu.
Aý, bu zatlar hiç-le, oňatlyk häzir
Çap atym, çap, çap,
Çap atym, çap, çap,
Çüw!
* * *
Ýokuş görme, bu derdi,
Ejizleme, ur, ýürek.
Onsuz biziň ömrümiz
Geçer gider biderek.
II gülende gülmeseň,
Aglamasaň il bilen,
Ýeri, nädip, uýalman
Görünjek sen il-güne.
Oda düşse ýoldaşyň,
Ýanmasaň şoň oduna,
Bagyşlanman etmişiň,
Lagnat ýagsyn adyňa.
Ýurda çenelen gülle
Geçse senden sowulyp,
Ýaryl…
Şol günden soňra
Gezmek bolmaz gomalyp.
Toprak bilen deň gülläp,
Şoň bilen deň solmasaň,
Nämä gerek gürsüldiň,
Ýok, urjagam bolma sen.
Ýaşaýaňmy,
Il derdin
Alyp ýaşamak gerek!
…Ýokuş görme bu derdi,
Ejizleme, ur, ýürek.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular