Çakyñy bilmeseñ… / satiriki hekaýa
Çakyñy bilmeseñ… / satiriki hekaýa
Şäheriñ ortarasyndaky uly ýol bilen gelýän trolleýbus töweregine äsgermezlik bilen seredýärdi. Ýoluñ ýarysyny tutup gelýändigine garamazdan, deñinden geçýän awtomobillere ulumsylyk bilen bakýardy.
— Äl, bularyñ jüýjejikler ýaly eýjejikdigini! Arman iki elim boş däl-de, ýogsa, şojagaz maşynlaryñ başyny sypap goýbererdim…
Birdenem öñünden gelýän içi adamdan hyryn-dykyn doly awtobusa gözi düşdi. Edip gelýän pikiri üýtgäp gitdi.
— Pormyñ gursun, göwreli aýal ýaly haçan görseñ içi hyryn-dykyndyr. Gördügim jynym atlanyberýär. Döremän geçen, göwresi dagam meñkiçe… Aý, ýok, meñkiçe ölse bolarmy? Ýöne şu bolşuna-da meñ bilen bäsleşjek bolýar. Gowusy, şunuñ çetine bir degeýin-le! Goý, hemmeler meniñ güýçlüdigime göz ýetirsinler, sarpa goýsunlar. Ýola çykanymda gapdala çekilip, ýol bersinler — diýip, öñündäki garşydaş duralga gelip saklanan awtobusa degip başlady.
— Ýeri-how, awtobus dost! Arma işler bilen, bolup gelşiñ gaty naýynjar görünýär-le?! Beýdip, ýegşerilip, geregiñden artyk göterip, özüñi görkezjek bolma. Beýle bolsañ, tiz sandan çykarsyñ. Artykmaç güýjüñ bolsa ýok. Ýene meniñ ýalylaryñ eden işini etjek bolýañ.
— Trolleýbus jan, näçe adam götersemem, öz gerdenimde göterýändirin. Saña göteriş diýemok. Men işlän wagtym bar güýjümi zähmete berýän.
— Gaýrat et-de, özüñi görkezjek bol. Şeýt-de uzak ömrüñi gysgalt.
— Trolleýbus dost, öz aýbyñy özüñ açýarsyñ. Sende güýç-de ýok, kuwwat-da. Diñe keseki güýç bilen şu derejä ýetýärsiñ. Depäñdäki örküñ bolmasa, sen duranja bir garantga ahyry! Onsoñam, seniñ durmuşyñda hiç hili täzelik ýok. Şo-ol bir ýörän ýoluñy gaýtalap ýöremeli. Eger ýoluñdan çykaýsañam, aýbyñ açyljak. Islän ýerime gidibilýärin, ýurt gezýärin. Diýmek, gözýetimim giñelýär. Dünýägaraýşym baýlaşýar. Sen özüñden kiçi maşynlary-da äsgermejek bolýañ. Zadyñ göwresine garama, ýüregine bak. «Şahyñy» döwäýseler nädersiñ, duran ýeriñ özüñki bolaýsa…
«Şü-de maña akyl satjak bolýar-a!» diýip, öz ýanyndan oýlanan trolleýbusyñ gaharyndan ýaña togy depesinden dabanyna urdy. Onuñ «Şunuñ tumşugyny «MAZ» bilen çaknyşanyñka döndereýin-le» diýip, «elini» tokly simden aýryp awtobusa topulany-da şoldy welin, uly ýoluñ ortasynda keserdi galaýdy. Awtobus bolsa agraslyk bilen ýoluna rowana boldy.
Jorageldi SAPARGELDIÝEW. Satiriki hekaýalar