| |

…Çagasy

…Çagasy …ÇAGASY

...Çagasy

Alaguş — el­gu­şuň ça­ga­sy;
Çeb­şek — tow­şa­nyň ça­ga­sy;
Etene — gar­la­wa­jyň, bür­gü­diň, gum­ry­nyň ça­ga­la­ry — ýu­murt­gadan çykan wagty ýeleksiz bolýanlar;
Gijen — pi­şi­giň ça­ga­sy;
Goduk — gu­la­nyň ça­ga­sy. Bu at «Gulan başyna gaý düşse, godugyna garamaz» diýen nakylda hem saklanyp galypdyr;
Göle — syg­ryň, su­gu­nyň ça­gasy. Bu sözüň dilimiziň şiwelerinde «tana, öjek, höjek» ýaly aýdylyşyna hem duş gelinýär;
Guzy — goý­nuň ça­ga­sy;
Güjük — itiň ça­ga­sy;
Itbalyk — gurbaganyň çagasy;
Jüýje — to­wu­gyň, kä­ki­li­giň, ör­de­giň ça­ga­la­ry — ýu­murt­ga­dan çykan wagty ýelekli bolýanlar;
Kö­şek — dü­ýä­niň ça­ga­sy. Kö­ne türkmen dilinde «köşek» sözüne derek «bota» sözi hem ulanylypdyr. Bu söz «Düýe garrasa botasyna eýerer» nakylynda saklanyp galypdyr. «Düýe botlapdyr» aňlatmasy hem «bota — köşek» sözündendir;
Kür­re — eşe­giň ça­ga­sy;
Merdek — aýy­nyň ça­ga­sy;
Owlak — ge­çi­niň, ke­ýi­giň ça­ga­sy;
Şir­be­çe — ýol­bar­syň ça­ga­sy. Magtymguly Pyragy «Aý-günüňiz batmaga» atly şygrynda: «Şir beçesi togsan tilkä atdyrmaz» diýýär;
Taý — ýyl­ky­nyň ça­ga­sy. Kö­ne türkmen dilinde bu sözüň «gulun» nusgasy hem duşýar. Şol sebäpli hem «baýtal gulunlady» diýilýär;
Tokar — ke­ýi­giň ça­ga­sy;
Toýçy — tom­za­gyň ça­ga­sy;
Tula — şa­ga­lyň ça­ga­sy;
Üzit — mö­je­giň ça­ga­sy. Alyp-ýolup barýan çagalara «üzit ýaly» diýilmesi bardyr. Gadymy türkmen dilinde möjegiň çagasyna «mamrah» diýlişi-de duş gelýär;
Ýylançyr — ýy­la­nyň ça­ga­sy;
Ýylpyz — til­ki­niň ça­ga­sy. Ýö­ne bir zadyň deşiginden düşüp, oýnap duran şöhlä hem «ýylpyz» diýilýändigini aýtmak gerek. Hereketinde uçup-gonup duran adama «ýylpyz ýaly» diýilmesi hem bardyr. Halk döredijiligi we rowaýatlar
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle