Çagalyk dostum (Hekaýa)

Çagalyk dostum (Hekaýa)

Wiktor DRAGUNSKIÝ,
rus ýazyjysy

Alty, alty ýarym ýaşymdakam, ulalanymdan soň kim boljagymy bilemokdym. Zähmet çekýän adamlary, hünärleriň baryny gowy görýärdim, ýöne kelebimiň ujuny ýitirip, haýsy hünärde işlejegimi bilemokdym.

Käte gijelerine ýatman, teleskopda uzakdaky ýyldyzlary synlaýan astronom bolmak isleýärdim, käte gämili Singapura gidip, gülkünç maýmyny satyn almak üçin deňiz kapitany bolmagy arzuw edýärdim, käte-de metro sürüjisine ýa-da wokzal müdirine öwrülmegi hem-de gyzyl papak geýip, ýogyn ses bilen:

— Ta-ýyn! — diýip gygyrmak isleýärdim.

Tiz hereket edýän awtoulaglar üçin asfaltda ak zolak çekýän suratçy bolmaga-da höwesim bardy. Ýogsa-da, Alen Bombar ýaly syýahata çykyp, diňe çig balyk iýip, gämide ähli ummanlary kesip geçmegem erbet däldi. Dogry, Bombar syýahatdan soň ýigrimi bäş kile horlanypdyr, meniň agramym bolsa bary-ýogy ýigrimi alty, eger menem onuň ýaly deňze çykan bolsam, onda menden hiç zat galjagam däl, syýahatdan soň agramym bary-ýogy bir kile boljak. Birden balyk tutup bilmesem näme? Beýle bolsa tüsse ýaly howada eremegimem mümkin.

Bularyň hasabyny çykaranymdan soň, bu pikirlerden ýüz öwürdim. Ertesi gün men eýýäm boksçy bolmagy arzuw edýärdim, sebäbi teleýaýlymda boks boýunça Ýewropanyň çempionatyny görüpdim. Olar biri-birini nädip urdular? Gaty elhençlik! Soň olaryň nädip türgenleşýändiklerini görkezdiler. Olar güýçlenmek üçin bar güýçleri bilen deriden ýasalan «armydy», agyr toplary urýardylar. Bu zatlar maňa şeýle bir ýarady welin, howlymyzda iň güýçli adam bolmak hemem hemme kişini urmak üçin boksçy bolmak isledim.

— Kaka, maňa-da armyt satyn alsana! — diýip, kakama ýüzlendim.

— Ýanwar aýy armyt ýok. Käşir iýäý — diýip, ol jogap berdi.

Men güldüm-de:

— Ýok, kaka, iýilýän armyt däl. Maňa adaty boksçylaryň armydy gerek — diýdim.

— Ol saňa näme üçin gerek? — diýip, kakam sorady.

— Türgenleşmek üçin, sebäbi men boksçy bolup, hemmeleri ýeňmek isleýän. Satyn alyp berermiň?

— Olar ýaly armydyň bahasy näçe? — diýip, kakam sorady.

— Üýtgeşik bahasam ýokdur-la, on ýa-da elli rubldyr.

— Ýok, bolmaz — diýip, kakam güldi. — Her näme bolsa-da, armytsyz oňjak bol. Saňa döw çalasy ýok — diýdi-de, geýnip işine gitdi.

Üstümden gülüp gidenligi üçin oňa gaharym geldi. Ejem kakamyň göwnüme degendigini derrew aňdy-da:

— Dur, men bir zat oýlap tapdym, azajyk garaş — diýdi.

Soňra eglip, diwanyň aşagyndan ullakan örülen sebedi çykardy. Onuň içi oýnalmaýan köne oýunjakdan doludy. Indi olar maňa gerek däldi, sebäbi ulalypdym, güýzde mekdep eşigini we ýalpyldawuk papak satyn almalydym.

Ejem sebedi dörüp başlady, dörüp otyrka ýüpjagaz bilen süýrelýän tramwaýymy, plastmas tüýdügimi, ujy rezinli peýkamymy, ýelkeniň galyndysyny we başga-da dürli-dürli oýunjaklarymyň bardygyny gördüm. Birden ejem sebediň düýbünden daýaw aýyny çykaryp, diwana oklady-da:

— Ine, muny Mila daýzaň iki ýaşaňda sowgat edipdi. Seret, nähili gowy aýy! Gör, nähili gaty. Pökgüje garnyna bir seret! Agyn armyt-da, hatda armytdanam gowy. Indi ony satyn almagam gerek däl. Isleýşiň ýaly türgenleşiber, başla! — diýdi.

Şol wagt jaň sesi eşidildi, ejem dälize çykdy.

Ejemiň bu tapyndysyna gaty begendim. Türgenleşmek üçin aýyny diwanda ýerleşdirdim.

Aýynyň şokolad reňki bardy, tüýleriniň köp ýeri düşüpdir, gözlerem bitaýdy — biri sary aýnadandy, beýlekisi bolsa ýassykdaşyň iligindendi, onuň haçan dakylandygam ýadymda däl. Ýöne bu zatlar wajyp däl, sebäbi aýyjyk bitaý gözleri bilen maňa şadyýan seredýärdi. Ol aýaklaryny ikiýana açyp, garnyny pökgerdip, eýýäm boýun egýän ýaly, iki elini ýokaryk galdyryp otyrdy…

Birden birnäçe ýyl mundan ozal bu aýyjykdan bir minut hem aýrylyp bilmeýänligimi, nirä gitsem ýanym bilen alyp gidýänligimi, nahar iýen wagtym ony ýanymda oturdyp, süýtli aş bilen naharlanymy, bir çemçe mürepbe ýa-da aşy agzyna salan wagtym gaty gülkünç görünýändigi, edil janly ýaly ýakymly ýüzüniň bardygy ýadyma düşdi. Ony öz ýanymda ýatyrardym, kiçijik jigim ýaly üwrärdim, mahmal gulajyklaryna dürli ertekileri pyşyrdardym. Men ony şeýle bir gowy görýärdim, hatda onuň üçin janymy bermäge-de taýyndym. Indi bolsa iň gowy çagalyk dostum düşekde oturyp, bitaý gözleri bilen maňa ýylgyryp seredýär, men bolsa ony urup türgenleşjek bolýaryn…

— Näme boldy? — diýip, yzyna gaýdyp gelen ejem sorady.

Men nämäniň bolandygyny bilemokdym, uzak wagtlap dymdym. Sesimden hemem dodaklarymyň titreýşinden nämäniň bolandygyny çaklamaz ýaly ejemden ýüzümi öwürdim-de, gözlerim ýaşarmaz ýaly kellämi ýokaryk galdyrdym. Bir salymdan özümi ele alyp, ejeme jogap berdim:

— Eje, aýdýanyň näme? Maňa hiç zadam bolanok… ýöne pikirimi üýtgetdim. Men hiç haçan boksçy boljak däl.

Rus dilinden terjime eden Danil PRIHODKO,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hytaý dili hünäriniň talyby
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle