|

Çagalygymyñ kinosy

Çagalygymyñ kinosy ÇAGALYGYMYŇ KINOSY

Telewizor.
«Keçpelek».
Goňşy-golamlar…
Gysmyljyrap otyryn men ejeme.
Märeke.
Gelinaljy.
Gum alaňlary.
Obadan daşlaşyp barýar kejebe.

«Ma-ral! Gitme, Ma-ral!»
Gaçyp ysgyny,
Beglijik garap dur, bialaç, näler.
…Wah, jigim jan, yzyndan bu kysmatyň,
Ylgaý-ylgaý ýetip bolýarmy näme?

Maral bu gün öýe,
Hem toýa sygman,
Häzir ýüzün tutup, aglaýar bärde.
Berdimyrat bolsa, toýa ýygnanan,
Adamlara aýdym aýdyp berýärdi.

«Ol aýdym aýydýar,
Bihabar belki?!»
Tanyş ses Marala berdi mydary.
«Ölsem-ä — ýeriňki, ölmesem — seňki,
Gel-de äkit meni, Berdimyradym!»

Häzir bir bildirmän,
Girip işikden,
Bagşy ýigde duýdursadym baryny!
…Haý, häzir bir nejis Atow çişikden,
Alsaň ähli gözýaşlaryň aryny.

Wah, Maralyň,
Haraý gözläp, delmuryp,
Delmuryp bakyşy ýadymdan çykmaz.
Gül ýüzüne bimähremiň demi urup,
Janyny ýakyşy ýadymdan çykmaz.

Dumly-duş galmagal,
Adamlaň gohy,
Göreçler ýanýardy namysdan-ardan.
Göwnüme bolmasa, çagaja ruhum,
Şolaň ýany bilen ylgap barýardy.

Uzak eken,
Gutarmady bu çakda,
Kinoň «Soňy» diýlip, ýazylsa haty,
Ýogsam, men-ä bir naçary ynjydan
Gaba telpekliden gorkýaryn gaty.

Gözlerimden
Damja yzyna, damja —
Ýaňagymdan syrygyplar gaýdýar.
Onýança, bir aýal ertirki boljak,
Gepleşikleň tertibini aýdýar.

«Häzir çyra ýanar,
Iller bir gitse…»
Aglanymy görkezesim gelmeýär.
Turýan ýok.
Dymyşlyk.
Otyrlar sessiz,
Çyrany hem hiç kim ýakjak bolmaýar…

Annamuhammet KIRŞENOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle