Çagalar mekdebe barýar
Çagalar mekdebe barýar
Çagalar ir säher mekdebe barýar,
Şadyýanja,
Ýüz gözleri eýjejik,
Ýaşajyk ýürekler umytly urýar,
Gürleşýärler,
Gülüşýärler keýp edip.
Synlap söýgi bilen älem-jahany,
Hem çözýärler
Kyn sowalyň jogabyn.
Olaň hersi bir ak öýüň bahary,
Olaň bary bu türkmeniň dowamy
Boluşyp özara jedirde-jedir,
Gülüşip özara mekdebe sary
Barýarlar çagalar geljege sary.
Kimsi ketenili,
Başy tahýaly,
Arassaja,
Tertiplije,
Görmegeý.
Olar bilýär indi beýik aslyny,
Öz geçmişin öwrenýärler göwnejaý.
Kemsitmeler,
gorky-ürki
ýa heder,
Olaň çaga dünýäsinden alysda.
Sebäp bizde şugla saçyp Gün hem Aý,
Şükür Hudaý,
Asmanymyz arassa.
Säher toý köýnegin,
Egnine geýse,
Şondan uly bagt,
Bolarmy heý-de?!
Çagalar ir säher mekdebe barýar,
Ylym dünýäsine — mekdebe barýar,
Beýik geçmişine,
Geljege barýar,
Hakydada baky galjaga barýar.
Barýar olar,
Belent tutup ruhuny,
Batly gadam bilen,
Şanly asyrda.
Mekdep üçeginde,
Ýaşyl Tugumyz,
Nurun saçyp,
Görünýärdi pasyrdap.
Bäşim ATAÝEW. Goşgular