|

Çagalar dünýäsi

Çagalar dünýäsi ÇAGALAR DÜNÝÄSI

Çagalar dünýäsi ajaýyp bir ýurt:
Altyn derwezeli, derwezebanly.
Hiç haçam, hiç kime sütem etmeýän,
Sada hem akylly patşaly-hanly.

Ol ýerdäki çeşmelerdir derýalar
Süýt ýa baldan dolup, akyp barýalar.
Gaýalar bar, şokolatdan durşuna!
Dolangy dur ýalpyldawuk gurşuna,
Arkaýyn iýiber, hemmä ýeterlik.
Doýañsoñ, diñarkan düşüp ýatarlyk,
Gül-çemenli meýdan töwerek-daşyñ.
Şeýle bir-şeýle ýakymly ýeller
Ejeñ eli bolup sypaýar başyñ.

Baglarda her dürli oýnawaç bitýär,
Göwnüñe ýaranyn oýnaber ýol-da!
Gorkunç maşynlar däl, bedew goşulan
Owadan paýtunlar gatnaýar ýolda.
Hemmeler mähriban biri-birine,
Elmydam ýañlanýar şatlykdyr-gülki.
«Aglaýanlaryñ-da bolmagy mümkin!»
Diýýärler, özüm-ä gabat gelemok,
Gözýaş, gaýgy-gussa ýokduram belki!

Eger-de bu ýurda girmekçi bolsañ,
Ýüregiñ görkezip girmeli hökman.
Çaga ýüreklimi, ýa-da dälmi sen,
Örän dykgat bilen barlaýar sakman.
Wezipe, tanyşlyk, pul-para bilen
Bu ýurda girmeklik mümkin däl, mümkin.
Baş talap: ýüregiñ tämiz bolmaly!
Kimse üçin añsat,
Kimse üçin kyn…

Hemra ŞIROW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle