Çaga ýaly adamlar
Çaga ýaly adamlar

Olar dileg salsalar,
Ýumşun bitirmek aňsat.
Olar gamgyn bolsalar,
Göwnün götermek aňsat.
Olary öýkeletseň,
Derrew ýitirmek aňsat.
Kyn düşse-de, ädimin,
Haýyr üçin ädenler.
Gapysyndan baranym
Çaga ýaly adamlar!
Gerek wagty, tilki däl,
Olar aldap bilenok.
Nebisleriniň yzynda
It dek ylgap bilenok,
Biri büdräp ýykylsa,
Elin salgap bilenok.
Özgäň bähbidi üçin
Özlerini unudanlar.
Meniň arka diränim
Çaga ýaly adamlar.
Keýikler dek tazygyp,
Çete çekilmesinler!
Ýadygärlikler ýaly,
Dursun, ýykylmasynlar,
Gülleriň tohumy deý,
Össün, tükenmesinler!
Il gaýgysyn gursakda
Çagasy deý gundanlar,
Köki döwrüň-döwranyň
Çaga yaly adamlar.
Gurbanýaz DAŞGYNOW. Goşgular