|

Çaga terbiýesi hakynda

Çaga terbiýesi hakynda ÇAGA TERBIÝESI HAKYNDA

Çaga terbiýesi hakynda

Og­ly şi­kes­li bol­sa-da, bu ke­mis­li­gi üçin oňa üns ber­me­ýän ata duş gel­me­dim. Bu onuň og­lu­nyň kemis­li­gi­ni gör­me­ýän­di­gi­ni aň­lat­ma­ýar. Her nä­me-de bol­sa, ol ça­ga onuň per­zen­di­dir. Düýn öýü­me ge­lip, has ir­ki ýa­zan­la­ry­my okan bir aýal maş­ga­la, ça­ga­la­ry terbiýele­mek ba­ra­da-da nä­me-de bol­sa, bir zat­lar ýaz­ma­gy­myň zerur­dy­gy­ny aýt­dy.
Hor­mat­ly hanym! Eger bu ugur­dan aza­jyk tej­ri­bäm ýa-da bil­ýän za­dym bolsa­dy, ýa­kyn wagt­da öýü­ňi­ze go­wuş­jak bu ýaz­gy­la­ry­ma bar aza­by­my siň­di­rer­dim. Ýö­ne ça­ga bi­lim we ter­bi­ýe ber­me­giň äh­li işler­den kyn hem gü­zap­ly­dy­gy­ny ma­gat bil­ýä­rin. Ekin ekil­mez­den öň, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li iş­ler aň­sat hem anyk­dyr. Bel­le­nen we­zi­pe­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­den soň, ýe­re tohum at­mak kyn iş däl. Ýö­ne ekin gö­ger­mä­ge baş­lan­da, dür­li kynçylyk­lar we gö­rül­me­li çä­re­ler ýü­ze çy­kyp ug­ra­ýar. Bu ýag­daý adam­lar ba­ba­tyn­da-da şeý­le. Has dog­ru­sy, dün­ýä inen gü­nün­den baş­lap, onuň ter­bi­ýe­si we bi­li­mi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ene-ata­syn­da ala­da­dyr ün­ji dö­räp ug­ra­ýar.
Yn­san ba­la­sy he­niz ça­ga­ka geljekde saý­la­jak ýo­ly ba­ra­da şeýle bir az, nä­bel­li ala­mat­lar görkez­ýär we­lin, ony haý­sy ug­ra gö­nük­dir­je­gi­ňi bil­män kösenýärsiň. Gü­jü­giň ýa-da aýy çaga­sy­nyň ýa­ňy dün­ýä inen wag­ty hem gel­jek­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­li işi, ýö­re­jek ýo­ly bel­li­dir. Ýö­ne adamlar wag­tyň geç­me­gi bi­len hüý-hä­si­ýe­ti­ni üýt­ge­dip bil­ýär. Adat­la­ry, däp-des­sur­la­ry ka­bul edip, ola­ra bo­ýun bo­lup hem bilýär­ler.
Ýö­ne her nä­me-de bol­sa, ada­myň guý­ma­gur­sak ze­hi­ni­ni, iş başarjaňly­gy­ny, uky­by­ny zor­luk bi­len üýt­get­jek bol­mak­ iň­ňe bi­len gu­ýy ga­zan ýa­ly­dyr. Şol se­bäp­li hem adam­lar köp­lenç bu peýdasyz iş üçin wag­ty­ny we azaby­ny ýe­le so­wur­ýar­lar. He­niz ça­ga­nyň öz­leş­di­rip bil­me­jek zatlary­ny onuň beý­ni­si­ne guýmaga ça­lyş­ýar­lar. Bu kynçylykla­ra ga­ra­maz­dan, men çaga­la­ryň şon­da-da, müm­kin boldu­gy­ça, go­wy, peý­da­ly iş­le­re ug­ruk­dy­ryl­ma­gy; ça­ga hä­si­ýet­le­rin­den baş­lap, ýüz­leý edil­ýän pikir­le­re az äh­mi­ýet be­ril­me­li diýip, pi­kir ed­ýä­rin. Pla­ton “Döw­let” at­ly ese­rin­de bu­la­ra has köp äh­mi­ýet be­re­ne meň­ze­ýär. Ça­ga­ňy­za go­wy bi­lim hem ter­bi­ýe ber­dirt­mek üçin ha­ky­na tu­tan mu­gal­ly­my­ňyz­dan edip bil­jek ta­lap­laryňyz, il­ki­baş­da mu­gal­ly­my dogry saý­lap-seç­mek bi­li­me, üs­tün­li­ge elt­ýän ýol­dur. Bu­la­ryň bir­nä­çe ähmi­ýet­li we­zi­pe­le­ri bar. Ýö­ne bu ugur­da hiç hi­li gür­rüň edip bil­jek däl. Çün­ki me­niň pi­kir­le­rim her mu­gal­ly­ma dür­lü­çe tä­sir ed­ýär. Ýö­ne ber­jek mas­la­hat­la­rym her bir mu­gal­lym üçin ynan­dy­ry­jy gollan­ma bo­lup bi­ler. Men dür­li maglu­mat­lar bi­len çi­şi­ri­len kelläniň dere­gi­ne kä­mil­li­ge ýe­ten başy, mugal­ly­ma mah­sus ha­sap edilýän häsi­ýet­ler­den ýo­ka­ry ahlaga we zehi­ne na­za­ry düşünjeden hasda köp äh­mi­ýet berilmeginiň tarapda­ry. Ça­ga­kak gulagymyza suw akan ýa­ly üznüksiz nämedir bir zat­lar aýdyşdy­ryp, yzyndanam aýdylanla­ry bi­rin-bi­rin gaýtala­mak talap edilýär. Çagaňyza bilim berjek mugallymyň bu usu­ly saýlamazlygyny hem-de oku­wyň ilkin­ji gününden baş­lap ça­ga­nyň ze­hin derejesi­ne, onuň uky­by­na, başarjaňlygyna gö­rä, ugur saýlamagy­ny islärdim. Mu­gal­lym öwrenilýän mowzu­ga kä özi ugrukdyrmaly, kä­te bol­sa, bu işi okuwçynyň özüne goý­ma­ly. Sa­pak wagtyn­da di­ňe mugallymyň özüniň gepleme­gi­ni, tä­ze pikir­le­ri or­ta atmagyny däl, ýe­ri gelen­de okuwçynyň hem piki­ri­ni diňlemegi­ni islärdim. Sokrat we Arkesilas il­ki söz nobaty­ny okuw­ça berip, soň özi gepläp­dir. Mugallymyň çaganyň dü­şün­je­si­niň kämilleşişine göz ýetir­me­gi üçin oňa yzygider gözeg­çi­lik et­me­gi we bu işiň netijesin­de ýat­keş­li­gi­ni, geçilen sapagy nä­de­re­je­de özleşdi­rip biljekdigi­ni anyk­la­ma­gy gowy bolar. Bu ikitarap­la­ýyn gatnaşygyň kä­mil dereje­de ýo­la goý­lup bilinmeýänli­gi üçin, biz köp zatlary garjaşdyrýarys. Okuwçylary bir-birin­den tapawutlandyrmak we şoňa gö­rä he­re­ket et­mek meniň belet bo­lan iň kyn wezipelerimiň biri­dir. Çün­ki çaganyň zehin derejesi­ni anyklamak we olaryň her biriniň de­re­je­si­ne gö­rä, ýol salgy bermek iň mukaddes hem kä­mil akylyň işi­dir. De­pä dyrmaşyp barýarkam, aşak inendäkimden has ynam­ly we batyrgaýlyk bi­len ädim urýaryn. Köplenç halatlar­da edişimiz ýa­ly, bir sapagyň dowamynda ze­hin taýdan birbirin­den ep-esli tapawutlan­ýan okuw­çy­la­ra deň dereje­de bi­lim we ter­bi­ýe bermäge çal­şan halatymyz­da, olar­dan baryýo­gy iküç sa­ny­sy­nyň aý­dy­lan maglumat­la­ry bir­kem­siz özleşdirme­gi adat­dan da­şa­ry ýagdaý däldir.
Mu­gal­lym okuw­çy­syn­dan di­ňe bir sa­pak­da ber­len mag­lu­mat­la­ry gaý­ta­lat­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, öw­red­ýän za­dy­nyň düýp ma­ny­sy­ny, ony öw­ren­me­giň ze­rur­ly­gy­ny hem öw­ret­me­li­dir. Okuw­çy­nyň öw­re­nen zat­la­ry­ny di­ňe bir ýat tu­tup aý­dyp ber­me­gi bi­len däl, eý­sem, onuň özü­ni alyp bar­şyn­da, he­re­ket­le­rin­de ýü­ze çy­ky­şy­ny duý­ma­ly­dyr. Okuw­çy­nyň sa­pa­gy öz­leş­di­ren­di­gi­ni ýa-da öz­leş­dir­män­di­gi­ni anyk­la­mak üçin onuň şol bir mowzugy köp­ta­rap­la­ýyn öw­ren­me­gi­ni ta­lap et­me­li­dir. Iý­mit aş­ga­za­ny­myz­da si­ňen ýag­da­ýyn­da peý­da­ly­dyr. Eger-de siň­me­se, on­da ony iý­mek bi­len iý­mez­li­giň hiç hi­li ta­pa­wu­dy ýok­dur.
Epi­kar­mos aky­lyň äh­li za­dy gör­ýän­di­gi­ni we eşid­ýän­di­gi­ni, hem­me za­dyň ne­ti­je­si­ni gör­kez­ýän­di­gi­ni, re­je­le­ýän­di­gi­ni, he­re­ket et­dir­ýän­di­gi­ni, buý­ruk ber­ýän­di­gi­ni we do­lan­dyr­ýan­dy­gy­ny, ga­lan äh­li zat­la­ryň ba­tyl­dy­gy­ny we ýa­lan­dy­gy­ny öňe sü­rüp­dir. Ýö­ne biz öz aky­ly­my­zyň is­leg­le­ri­ne bo­ýun bol­man, gaý­tam, ony jy­law­la­ýa­rys. Haý­sy bir mu­gal­lym öz okuw­çy­syn­dan söz­le­ýiş me­de­ni­ýe­ti ýa-da dürs ýa­zuw ka­da­la­ry, ýa bol­ma­sa Çi­çe­ro­nyň haý­sy-da bol­sa aý­dan bir pä­him­li sö­zi ha­kyn­da­ky pi­ki­ri­ni so­ra­dy­ka?
Ýat tut­mak bil­mek däl­dir. Bil­mek, hu­şu­my­za ama­nat be­ren mag­lu­mat­la­ry­my­zy go­rap sak­la­mak­dyr. Sö­züň ha­ky­ky ma­ny­syn­da­ky bil­mek­lik, my­sal göz­le­mez­den ýa-da ki­ta­ba göz gez­dir­mez­den su­wa­ra bil­ýän­le­ri­miz, ýag­ny aňy­my­za siň­di­ren mag­lu­mat­la­ry­myz­dyr.
Her ke­siň yla­laş­ýan bir pi­ki­ri bar: ça­ga­ny ene-ata­sy­nyň elin­de ulalt­mak o di­ýen bir go­wy gö­rül­me­ýär. Te­bi­gy söý­gi ça­ga­nyň ýum­şak hä­si­ýet­li bol­ma­gy­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.
Ça­ga­nyň di­ňe bir akyl taý­dan däl, eý­sem, fi­zi­ki taý­dan hem ös­me­gi, kä­mil bol­ma­gy ge­rek. Çün­ki, egerde, gol­daw bol­ma­sa, ze­hin ösüşden gal­ýar. Ze­hin bu iki­si­ni şol birwag­tyň özün­de ýe­ri­ne ýetirmek­den ejiz gel­ýär. Öz zehinimiň, bar­ça ze­hi­ni­miň kömegi bilen barly­gy­ny do­wam etdir­ýän ejiz hem yn­ja­lyk­syz ten bi­len bilelik­de, nähi­li de­re­je­de kynçy­lyk çekýändigini bil­ýä­rin…
Pelsepeçileriň çydamly­ly­gy ýüreginden, türgenle­riň çydamlyly­gy bolsa, güýjünden rüstem­dir. Okuwyň kynçylykla­ry­na döz gelme­gi başarmagy, durmuşyň äh­li kynçylygy­na çydamagy öwrenmegidir.

Mişel de MONTEN. Pedagogika we edep-terbiýe

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle