Çaadaýewe
Çaadaýewe
Söýginiñ, umydyñ, ümsüm şöhratyñ
Başymyzda durman aldawy-aly,
Sowuldy ýaşlygyñ oýun-bazlary
Düýş ýaly, säheriñ dumany ýaly.
Ýöne heniz isleglermiz lowlap dur,
Häkimligiñ düteminiñ astynda
Bir tükenmez, kanagatly kalp bilen
Diñ salýarys ýurdumyzyñ sarsgynna.
Biz mukaddes erkinlige garaşýas,
Göýäki ýüregi hem bagry bilen
Bagtly duşuşyga garaşýan ýigdiñ
Tükenmez takaty hem sabry bilen.
Erkinligiñ gursagmyzda tolkunşy
Barka ýüregmizde namys-ygrarmyz,
Dostum, kalbyñ iñ ajaýyp galkynşyn
Bu mähriban ýurda bagş edeli biz.
Ynan, dostum, bir gün parlak ýyldyzmyz ㅡ
Bagt ýyldyzmyz galkar asmana sary.
Rossiýa ukudan silkinip galar.
Häkimligi ýykyp-ýumrup, ahyry
Oñ daşlarna biziñ atlarmyz ýazar.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
■ ÇAADEÝEWE
Söýgi, umyt hem-de şöhrat
Aldamady uzak zaman.
Ýaşlyk çaglar boldy sumat,
Göýä uky, göýä duman.
Zulm etse-de labyr salyp,
Joşýar bizde arzuw bary.
Ýüreklermiz teşne bolup,
Diñleýär eziz diýary.
Sabry elden giden ýaly,
Aşyky-magşuk mysaly,
Garaşýarys biz şatlyga
Hem mukaddes azatlyga.
Ardyr namys bize ýarka,
Erkinligi nagş edeli.
Ýüreklerde gaýrat barka,
Watanmyza bagş edeli.
Ýoldaş, ynan: dogar hökman
Bagt ýyldyzy ㅡ dil şadymyz.
Rossiýa galkar bigüman,
Ýumrular tagty-eýwanlar,
Oñ üstüne mähribanlar
Ýazarlar biziñ adymyz.
Terjime edenler: Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW, Bagşy JÜRMENEK. Goşgular