Ça­pyk­su­war og­lan (He­ka­ýa)

Ça­pyk­su­war og­lan (He­ka­ýa)

Dukenbaý DOSJANOW,
gyrgyz ýazyjysy

Çapyň! — diýen gaty ses ýaňlandy.

Dalabaý öňe ýapyrylyp, atyň ýalyndan berk ýapyşdy. On sany bedew birbada bat bilen ugrap, öňürdikläp çapyp gitdiler.

Kerkiik çapuwa werziş bolan bedewdi. Ol eger çapyksuwar ýalynyň üstüne ýapyrylyp, jylawy gowşatsa, ýüzin salyp çapmalydygyny bilýärdi.

Atlar ýoly uly tizlik bilen külterläp, dükürdeşip barýardylar. Dükür-dükür, dükür-dükür… Göýä, sary sähradan gara tüweleýler çaltlyk bilen geçip barýan ýalydy.

Dalabaý birbada alatozanyň içinde hiç bir zady saýgaryp bilmedi. Ol atasynyň, ýagny goja seýsiň öwüt-nesihatlaryny oýuna getirdi: «Seresap bolgun, eger bedew tozany köp ýuwutsa — derrew güýjüni ýitirer». Dalabaý atyň başyny birden gapdala öwürdi.

— Eý-how! Ahyry tozandan çykdym-ow.

Bir minut mundan ozal atlar bir-birine golaý çapyp, topar bolup barýardylar, indi bolsa uzyn durna sürüsi ýaly hatar gurap çapýardylar. Kerkiik hataryň ortarasyndady.

Dalabaý bäş ýaşyndan bäri at çapýardy. Häzir bolsa ol on ýaşyndady. At çapmaga ökdeläpdi. Atlardan we at çapmakdan oňat baş çykarýardy. Ol gamak ýaly ýeňildi hem erjeldi. Hut şonuň üçinem oňa Karatau etrabynyň abraýyny goramak üçin Kerkiigi çapmagy ynanypdylar. Kiçijik çapyksuwara at çapyşygyň iki görnüşi mälimdi. Birinjisi aýlaw edip çapmakdy. Bedewler giň hem açyk sährada öňünden goýuşdyrylan bellikleriň daşyndan aýlanyp çapýardylar. Tomaşaçylar ýaryşy başyndan ahyryna çenli synlap bilýärdiler. At çapyşygy edil eliň aýasynda ýaly görünýärdi. Şular ýaly at çapyşyklaryna gazaklarda «aýnalma-baýga» diýilýärdi.

Ikinji görnüşi — gönüläp çapmak. Atlary sähranyň uzak bir ýerinde ýygnap, oba tarap goýberýärler. Şeýle ýagdaýda tomaşaçylar çapyşyklary görüp bilmeýärler. Olar ýaryşlaryň diňe soňuna tomaşa edýärler, ýagny pellehana kimiň ilkinji bolup gelendigini bilip galýarlar. Ýaryşyň bu görnüşine bolsa, «aýdama-baýga» diýýärler.

Şu gün aýnalma-baýga çapyşygy geçirildi. Bedewler her haýsy alty kilometr uzynlygynda bolan bäş aýlaw boýunça çapyşdylar. Otuz kilometrden soň — iň soňky çäk. Pellehana!

Dalabaý şeýlebir tolgundy welin, birinji aýlawy nähili geçenini hem duýmady. Baýryň üstündäki märeke göçgünli gygyrýardy. Çapyksuwar oglan dykgat bilen öňe seretdi. Iň başda melemtil-çypar at ýaýdan atylan ok ýaly ýüzin salyp barýardy. Onuň yzyndan Türküstandan gelen — gara at haýdap barýardy. Ol çaň-tozanyň içinde çala saýgardýardy. Galan bedewleri Kerkiik yzda galdyrypdy.

Dalabaý atyň gür ýalyny beýleki tarapa geçirdi. Garşydan öwüsýän şemal der-suw bolan boýnuna uranda bedewiň süňňi ýeňlän ýaly boldy. Soňra jylawy çalarak çekdi. Toýnagy gyzan bedewiň badyny dogry wagtda birneme haýallatmaly. Saldamly we akgynly çapuwa geçirmeli. Ýogsam ol derrew surnugar we pellehana ýetmän ýaryşdan çykmaly bolar.

Ikinji aýlawyň ahyrynda bedewleriň biri Kerkiigiň yzyndan ýetdi. Atlar başyny deňläp, ýanaşyk çapýardylar, sagrylary galtaşýar diýen ýalydy. Ýöne Kerkiik şonda-da olara öňe geçmäge maý bermedi. Ol ýyldyz kimin süýnüp, sähranyň üstünden uçup barýardy.

Dalabaýyň ýene-de kakasy ýadyna düşdi. Ol atlardan oňat baş çykarýan ussat seýisdi we olary çapyşyk üçin türgenleşdirerdi. Bedew aty ösdürip ýetişdiräýmek ýeňil-ýelpaý iş däl ahyryn. Onuň aladasy, hysyrdysy diýseň kän. Kakam atyň alkymyny elledigi bes, ähli zada şol bada düşünerdi. Ol Dalabaýa garap: «Wah, bu gün sen aty çendenaşa gaty çapypsyň. Atyň böwrüne bir seret, ol nähili kynlyk bilen dem alýar, bedewi diwana deýin gaty çapmaly däl. Beýtseň aty heläk edersiň» diýerdi. Kähalatlar bolsa kakam düýbünden düşnüksiz geplärdi: «Şu gün atyň hapa deri çykdy. Ertir arassa derini sykyp çykararys». Başga bir gezek bolsa: «At öýkeniniň ýelini çykarsyn bakaly, ana şonda birnäçe gün dem-dynjyny berip, çapuwa taýýarlarys» diýerdi. Çapuwlaryň öňüsyrasynda ol ynjalygyny ýitirerdi. Dem-dynç almak diýen zady bilmezdi. Ýarygije turardy. Aç bedewe mazaly gaýnadylan arpa bererdi. Soňra oň üstünden buz ýaly sowuk suw guýup, irimçik dokalan kendir bilen süpürip owkalardy. Atyň ýalyny, guýrugyny darap, jylawdyr kellekisini düzedişdirerdi…

Ir säher bilen kakam şeý diýdi:

— Atyň baýga giresi gelip, ýer peşäp dur!

Dalabaý ähli zada düşündi. Aslynda kakam geplemsek däl. Onuň bu sözleri «At biabraý etmez. Galan zatlar seň özüňe bagly» diýmegi aňladýardy.

Dalabaý jalbarynyň kemerindäki ýaglygy çekip aldy-da, atyň ýalyndan pugta ýapyşyp, onuň gözlerini süpürdi. Gözlerine ajy der inse, bedewe juda kyn bolýar. Atyň iki böwründen hem çalaja der syrygýar. Bu bolsa çapyksuwaryň ýalaňaç aýaklaryny aram-aram awuşadýar.

Üçünji aýlaw tamamlanyp barýardy.

Çapyksuwar oglan heniz ýeke gezegem Kerkiige gamçy çalmandy.

Bedew gowy çapýardy. Ýeňil hem birsydyrgyn. Gulaklarda şemal şuwlaýardy. Atyň ýaly galgap, çapyksuwaryň ýüzüne urulýardy. Kerkiik melemtil-çypar atyň yzyndan örän çalt kowup ýetdi.

Onuň endam-janyndan ak köpük saçylýardy. Güýjünde baryny edip, kynlyk bilen çapýardy. Agyr-agyr hokranýardy. Atyň çapuwa ýeterlik taýynlanmandygy köre hasady. Oňa ýeterlik dynç berilmändir. Kerkiik hem ilkinji gezek baýga gatnaşanda şeýle ýagdaýa düşüpdi.

Gögele oglan bolan çapyksuwar melemtil-çypary bat bilen gamçylady. Soňra ýene saýgylady. Onsoň ýene we ýene… Ol hiç kimi öňüne geçiresi gelenokdy, şonuň üçinem aty dözümli gamçylaýardy. Atlar dükürdeşip ýüzin salyp barýardylar. Melemtil-çypar agyr-agyr dem alşyna ak köpük saçyp barýardy. Dalabaýyň ata nebsi agyrdy. Ýüregi jigläp gitdi.

Ynha birdenkä… şatyrdy eşidildi. Nämedir bir zat ýolnan ýaly boldy. Dalabaý gorkudan ýaňa gözlerini ýumjartdy. Be, çeki üzüläýdimikä? Ol gyzgynyna atyny ýene birsalym çapansoň, eglip seretdi. Çeki üzülmändir. Yza galyp barýan melemtil-çyparyň böwri üzeňňä degen eken. Çeki gowşapdyr, indem eýer öňe-yza hallan atyp dur.

Näme etmeli?

Öňde bolsa ýene üç aýlaw bar. Bedewi saklamak bolanok. Beýtseň hemmeler bada-bat ozup geçerler, iň ýamanam tozanyň içinde galarsyň. Çapuwy hallan atyp duran eýeriň üstünde dowam etmek hem mümkin däl. Bu ýagdaý at üçinem oňaýsyz, özüňem eýeriň üstünde saklanyp bilmän ýykylarsyň. Çekini çapyp barýarkaň çekdirmekden başga alaç ýokdy. Munuň üçin bolsa başarjaňlyk hem türgenlik gerek.

Dalabaý atyň jylawyndan pugta dişledi. Seresaplylyk bilen öňe egildi. Inli çekiniň ujuna elini ýetirensoň, ony ýene dört barmak dagy gowşatdy. Soňra batly çekip, ony sypan deşiginden öňdäki deşige ildirdi. Eýer bada-bat berkedi.

Kiçijik çapyksuwar ynjaldy. Keýpi kökeldi. Ýöne Kerkiik şol aralykda ädimini çalyşdy, tizligini peseltdi. Dalabaý özüniň günäkärdigine düşündi. Melemtil-çypara beýle golaýlaşmaly däldi.

Baýga barha gyzyşýardy. Atlar has hem okgunly çapýardylar. Sährada edil harasat gopýan ýalydy. Beýleki bedewler Kerkiigiň yzyndan ýetipdiler. Türküstandan gelen gara bedew ozalkysy ýaly atlaryň öňüni çekip gelýärdi. Ol beýlekilerden peýkam atym uzaklykda saýlanypdy. Onuň yzyndan häzir ýetmeseň, soň giç boljak. Ana şonda…

Şondaky halyny Dalabaý hyýalyna getirmäge-de çekindi. Kakasynyň ähli aladalarydyr umytlary, Dalabaýyň bar yhlasy biderek boljakdy. Ol dostlarynyň ýüzüne nädip sereder? Mundan soň Kerkiige hem şowlulyk garaşmaýardy. Çapyksuwaryň bogazy doldy.

Ol şol pille Kerkiige ilkinji gezek gamçy çaldy. Baýryň üstündäki mähelle alagykylyk etdi.

Iň öňdäki gara bedew henizem ýüzin salyp barýardy. Ol meşhur bedewdi. Obalarda oňa «Baýganyň ganatly ruhy» diýýärdiler. Atyň eýesi uzyn boýly, bitginli ýigit eýerde buýsançly gaýşaryp otyrdy. Gojalar baýga başlanmanka: «Ata agyr bolmazmyka?» diýip soradylar. «Aýdýanyňyz näme — diýip, ýigit elini salgap goýberdi. — Siz onuň nähili çydamlydygyny bileňzokmy eýsem! Onuň arkasynyň demirden parhy ýok. Men beýle bedewi gögele oglanjyklara ynanyp bilmen ahyryn». Özüne diýseň göwni ýetýän ýigit. Beýleki bedewlere-hä barmysyňam diýenok. Diňe oňat timarlanan gara murtunyň astyndan çalarak gülümsireýär. Nätmeli… Gara bedew, hakykatdanam, gowy. Ýüwrük hem güýçli. Baýga başlany bäri atlaryň öňüni çekip barýar.

Gamçynyň zarbasy Kerkiigi gyssady. Atyň endamy tikenekläp gitdi. Onuň döşüne güýçli ýel urýardy. Dalabaýyň tasdanam demi tutulypdy. Ol jylawy gowşatdy. Oglan Kerkiigiň gulaklarynyň arasyndan öňden barýan bedewiň atylan ok kysmy, ýüzin salşyny gördi. Emma, barybir, iki atyň arasyndaky uzaklyk barha kiçelýärdi. Çapyksuwar eýýäm gara atyň dükürdisini eşidýärdi. Onuň toýnagynyň astyndan göterilýän tozan ýüzüne urýardy.

— Hany, Kerkiigim, badyňy artdyr janawar! — diýip, juwan çapyksuwar bedewiniň birneme ruhuny göterdi. Kerkiik gara atyň yzyndan kowup ýetdi. Syryk boýly ýigit eýerde edil gazyk ýaly bolup otyrdy. Onuň elidir aýagy matadan ýasalan gurjagyňky kimin dyngysyz galgaýardy. Elbetde ol çapyşyk üçin agyrrakdy. Haýp, ol gojalary diňlemedi. Kakam «Uly baýga gidilende, at üçin, hatda gamçy hem ýükdür» diýerdi. Şeýle-de, ol şäher aýlawlarynda geçirilýän çapyşyklary ýaňsylardy. «Bu baýga däl-de, bolgusyz güýmenje. Atlar-a kiçijikden arryk. Çapyksuwarlaram ullakan erkek adamlar. Olar eýeriň üstünde edil ýeralmaly halta kimin silkinişip barýarlar. At janawarlaryň güýji bir aýlawy geçmäge zordan ýetýär. Badalgadan ugran badyna ýaryşyň ahyrky netijesi görnüp dur. Tomaşa eder ýaly zat ýok. Diňe adamlara gülki bolýarlar hem atlary masgara edýärler». Gara atyň üstündäki syryk boýly ýigidem şäherdäki çapyşyklarda çapmaga endik eden bolsa gerek. Sähradaky baýga — bu düýbünden başga zat. Ol diňe men diýen saýlama bedewlere başardýar. Onuň ýoly uzak, çapuwy hem okgunly.

Dünýäde sähra baýgasyndan ajaýyp zat ýokdur!

Eý-how, Kerkiik ahyry gara atdan ozup geçdi.

Ýene-de bir aýlaw galdy.

Iň soňky hem iň kyn aýlaw.

Atlaryň dükürdisi edil dombrada çalynýan saza çalym edýär. Bedew diýseň owadan! Ol ýüzin salyp barşyna, ädimlerini giňden ädýär. Onuň çapyşy hem şatlykly guşuň uçuşyna meňzeş. Dalabaý eýerden sypman zordan saklanýardy. Sandyraýan barmaklary bilen atyň ýalyndan pugta ýapyşypdy. Ol indi aty gamçylamaýardy, gyssamaýardy. Ol bedewiniň erkindedi. Bedew bolsa güýçli öňürdiklemäniň ygtyýaryndady.

Wagt günorta golaýlapdy. Gün ýakyp-ýandyryp barýardy. Sährada biri-birinden galmajak bolýan ýaly tüweleýler tozaşyp barýardylar. Atlaryň dükürdisinden ürken torgaýlar pasyrdaşyp asmana göterilýärdiler.

Eýýäm ahyrky çäk hem görünýärdi. Baýryň eňňitleri mähelleden ýaňa garalyp durdy. Bu ýere atlylardyr pyýadalar ýygnanypdylar. Hemmeler sabyrsyzlyk bilen ýeňijä garaşýardylar. Çapyksuwaryň ýüregi şatlykdan ýaňa gürsüldäp başlady. Şu mahal ony kakasy görýärmikä? Ol niredekä? Ýaşyna ýeten taýlara atlanan oglanjyklar gopgun edýärdiler. Olaryň ellerinde ak ýaglyklar bardy. Bu oglanjyklar attutarlardy. Olar baýgadan soň bedewleri idip gezdirmelidiler. Gyzyp, endamy ak köpük bolup gelen aty şobada saklamak bolmaýar ahyry. Ol birneme sowap, demini dürsär ýaly uzak wagtlap uýanyndan tutup itmeli.

Ynha-da, iň soňky çäk. Pellehana! Sähra güwwüldeýärdi. Jemagat tolkun atýan ýaly iki tarapa yranyp, gygyrýardy, şatlanýardy, ýeňijiniň ruhuny göterýärdi. Dalabaýyň ýüregini şatlyk duýgusy gaplap aldy. Ol aýdymlardadyr ertekilerde taryp edilýän tulpar atyň üstünde uçup barýan ýalydy. Kerkiik süýnen ýyldyz kimin baýryň deňinden geçip gitdi.

Berekella! Ol baýganyň ýeňijisi! Ol birinji baýragyň eýesi!

Dalabaý hiç haçan özüni şu günki ýaly bagtly duýmandy. Attutar oglanjyk onuň ýany bilen çapyp barşyna uýany Dalabaýyň elinden aldy-da, Kerkiigi idip ugrady. Dalabaý özüni otuň üstüne oklady. Uzak wagtlyk çapuwdan soň onuň aýaklary ýellenipdir. Daş-töwerekdäki zatlar birneme yranyp, onuň gözüniň öňünde gaýmalaşýardy… Sähranyň içi bilen ýüzin salyp barýan bedewler… Jylawlary pugta saklaýan eller… tozanly tüweleý…

Kakasy ylgap geldi-de, ogluny ýerden göterdi. Ony edil gulakjyn ýaly ýokaryk oklap gapdy. Ol gaty tolgunýardy. Sesi sandyraýardy:

— Meniň taýçanagym! — diýip, ol mähirli samyrdady. — Biziň şöhratly ata-babalarymyzyň mynasyp nesli!

Rus dilinden terjime eden Kerim GOÇGULYÝEW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle