Buýan
Buýan
Atam bilen gaýdýarys
Käte bu belli ýere.
Gitdik ýene ikimiz,
Ýetdik buýanly ýere.
Ýer astyndan buýanyň
Köküni köwläge-de,
Aldyk, artyp köküni
Serdik soň kölegede.
Guratdyk-da, ýygnadyk,
Köki derman buýanyň,
Diýseň süýji ösümlik,
Dostlar, buýan diýeniň.
Buýan köki kämahal
Çaýa atyp içilýär.
Burçak-burçak derledýär,
Lezzet baryn eçilýär.
Köküniň şerbeti hem
Içseň jana melhemdir:
Dem alyş ýollaryna,
Üsgülewüge emdir. Çagalar edebiýaty