Bürgüt (hekaýa)

Bürgüt (hekaýa)

Baharyň soňunyň howasy yssydy. Säher bilen awa çykan bürgüdiň penjesine, ýaz aýlarynyň aw bolçulygy zerarly mazaly özüni tutan tilki ilipdi. Şonuň üçinem bu gün onuň etenelikden türpeklige saýlanyp ugran jüýjelerem, höwrem, özem mazaly doýupdy. Bürgüdiň alkymy tilkiniň etinden gözelipdi. Ýöne ol näme üçindir özüni birhili ysgynsyz duýýardy. Höwri bolsa alagowur turuzýan bezzat jüýjelerini gezekli-gezegine penjesine gysyp, çüňküni öz çüňküne garşy öwürýärdi-de, inçejik lukmajyklary olaryň çüňküne dykýardy. Arasynda-da dogany bilen garpyşyp, höwürtgäniň gyrasyna barýan, alkymyndaky ak ýelejikleriň arasynda birlän-ikilän garamtyl ýelejik görünýän garagol jüýjesini kellesi bilen höwürtgäniň törüne tarap itiberip goýberýärdi. Jüýgüldäp höwürtgäniň ortarasyna düşýän bezzat bolsa hiç zat bolmadyk ýaly, ýene-de doganjygyny basalaşdyryp, höwürtgäniň erňegine dyrmaşyp ugraýardy. Onuň beýleki jüýjesini arkaýyn iýmlemäge maý bermän, garagolluk edip durmasyna ene guş gatyrganýardy. Bezzady kellesi bilen assaja hütüledip goýberýärdi. Emma ol ýene-de hötjetlik bilen enesine azar bermegini dowam edýärdi.

Ol birahatlygy hem bezzatlygy sebäpli, hemişe ene guşuň kötegini iýer ýörerdi. Beýleki jüýjesi ene guş ýeke sapar döşüne kellesi bilen ýuwaşja kaksa ýa-da demir penjeleri bilen höwürtgäniň ortasyna oklasa ýeterlikdi. Esli wagtlap höwürtgäniň erňegine ýakynlamaga milt etmeýärdi. Emma bezzat jüýjäni welin höwürtgäniň erňeginiň aňyrsyndan görünýän, täsinlikden we nämälimlikden doly giň jahan şeýle bir özüne çekýärdi. Ol her gezek daň saz berende, doganjygy bilen enesiniň ganatlarynyň astyna gysmyljyrap ýatyrka, kakasynyň ganatlaryny giň açyp, al-asmana göterilýändigini görýärdi. Onuň yzyndan gözügidijilik bilen garap galýardy. Bahymrak şeýdip al-asmana göterilip, tükeniksiz gök mawulygyň göwsünde pelpelläsi gelýärdi. Şol gözýetmez belentlikde ganat ýaýyp, jahany synlap, teşneligini gandyrasy gelýärdi. Her gün enesinden kötek iýmeginiň sebäbi hem şol höwesidi. Enesi bolsa penjesine gysyp, al-asmana galdyryp, ümmülmez ýagtylygy synlamaga mümkinçilik bermegiň deregine, gaýta her gezek oňa temmi berýärdi.

Bezzatjygyň bolup ýörşi enesini uly alada goýýardy. Bu mahal-a höwürtgede özi bar. Sak durup, olary ýalançynyň ähli howp-hatarlaryndan, bela-beterlerinden goraýar. Emma bu gün-erte özem höwri bilen bilelikde awa çykyp başlasa, şonda neneň-niçik bolarka? Beýlekisinden-ä arkaýyn welin, garawsyz galan bezzat ikuçsuz bir belanyň üstünden barjakdy.

Jüýjelerini naharlap bolan ene uçut gaýanyň öňe çykyp duran erňeginde ýerleşýän höwürtgesinden çykdy. Ganatlaryny giň açdy-da, «pat-pat» edip kakdy. Demir dyrnakly penjelerini gymyldatdy. Egri çüňki bilen döşüniň ýeleklerini daraýan ýaly hereket etdi. Soňam höwrüniň ýanyna bardy.

Döşüni uçut gaýanyň sowuk gyrasyna berip, kölegeleýän bürgüt nämedir bir zatlar barada oýa batypdy. Ol daş-töweregini gurşaýan daglara-da, çöle-de, olaryň goýnunda ýaşaýan ähli janly-jandarlara-da beletdi. Onuň öz mülki saýýan awlagynda ýaşaýan haýwan-u-guşlaryň hersi özleriniň ýalňyz hakykatlaryna uýýardylar. Bürgütleriň ýeke hakykaty bardy. Ol hem erkinlikdi. Daglar bilen çölüň hakykaty meňzeşdi. Olaryň özleri diridiler, öz gursaklarynda ýaşaýan we nesil ýetişdirip, ösüp-örňäp dowam edýän ähli mahlukyýete hem dirilik berýärdiler. Guş-gumursylaryň, alaka-syçanlaryň, towşanlaryň hakykaty halas bolmaga bolan çäksiz ymtylyşdy. Olaryň öz hakykatlaryny köpeltjek ýa-da üýtgetjek gümanlary ýokdy. Ýöne bürgüdiň awlagynda setanda-seýranda peýda bolýan iki aýakly jandaryň — adamyň welin, beýlekilerden tapawutlylykda, iki hakykaty bardy. Olaryň bir-ä rehimdarlykdy. Beýlekisi birehimlikdi. Adamyň özge jandarlardan ýene-de bir üýtgeşikligi, ol özüniň iki hakykatynam bir wagtda ulanyp bilýärdi. Sag eli bilen-ä rehim eýläp berýär, sol eli bilenem birehimlik bilen alýar. Akylly bürgüdiň olara beletliginiň sebäbi, eteneliginden soňky on baharyny adamlaryň arasynda ýaşapdy. Ony we dogumlyja doganjygyny, heniz gyzyletene jüýjekä birehimlik bilen enesinden hem doganlaryndan jyda düşürip alyp gaýdan adam yzyna-da gaýtarypdy.

Bürgüt hakydasynyň jümmüşinde ol adam hakynda iň ýakymly ýatlamalary aýap saklaýardy. Öýünde ýaşan ýyllarynyň dowamynda ol adamyň birehimligini diňe ikije sapar görüpdi. Birinji gezegi, ony we doganjygyny zalym aýralyga sezewar edip, mähriban höwürtgesinden alyp gaýdyp, öýüne getirensoň, aýagyna gaýyşdan salar bagyny salyp, erkinlikden jyda düşürende. Ikinjisi bolsa, şondan birnäçe gün soň doganjygyny başga bir bigänä berip goýberende.

Köpügören bürgüt adamy çyny bilen gowy görýärdi. Häli-häzirlerem dag etegini eýeläp ýatan sähralarda ganat ýaýyp aw edýän mahaly, adamlaryň garasyny saýgarsa, näme üçin edýändigine özem düşünmän, olaryň depesinde pelpelläp başlaýardy. Şonda onuň göwnüne, giň sährany ýaňlandyryp, hemrasynyň: «Häýt-häýt! Haýt, gaýdaweri ha-a-w, Begarslany-y-ym!» diýip gygyrýan mährem sesi ýaňlanaýsa ýa-da hol allowarrada, on baharlap — özüne iýmit berlen gyzyl albaýyň bulanýandygy gözüne iläýse, ýeke pursatam säginmän, şol tarapa yňdarylyp gaýdaýjak ýaly bolup durdy. Emma ol sesiň indi giň sähralary ýaňlandyrmajakdygyny özüniň nähilidir bir düşnüksiz guş syzgyrlygy bilen duýýardy. Sebäbi goja mürüşgär soňky gezek eline mündürip, obanyň çetine çykaranda, bürgüt onuň gözlerinde ýekeje hakykatyň — tükeniksiz, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän rehimliligiň galandygyny, emma şol ýalňyz hakykatyňam onuň gözlerinden assa-ýuwaş ýitip barýandygyny görüpdi.

Şonda hemrasy uzaga çeken syrkawlygyndan soňra, halys ysgyndan gaçan elleri bilen onuň salar bagynyň ýüpüni çözüpdi. Ysgynsyzlykdan ýaňa ellerini titredip, onuň injigine, ýüzüne nähilidir bir düşnüksiz nyşanlar çekilen kindiwanja kümüş halkajygy gysaç bilen assaja gysyp, ýerleşdirip durşuna, endirewük sesine zordan erk edip, eşidiler-eşidilmez hümürdäpdi:

— Biler bolsaň, babalarymyzyň gadym dessury bu, Begarslanym! Küren obanyň haýhatly urşuň yzynda galan naçarlarydyr oglan-uşagyny aw bilen açlykdan-horlukdan ýitgisiz alyp çykmaga hemaýat berip, diňe meniň-ä däl, tutuş il-günüňem hyzmatyny edeniň serpaýy şü! Oguz hanam, ine, şeýdip, özüne wepadar hyzmat eden algyr guşlary, aýagyna kümüş tigregi — azatlyk bakanyny dakyp, erkinlige goýberer ekeni. Her bir awçy-mergen, mürüşgär üçinem bu tigrek duýduryşdyr. «Bu janawaryň ynsan kowumyna jinnek ýalyjagam bergi-borjy galan däldir» diýip, her görene habar berýändir bu kümüş bakanjyk. Ýüzündäki nyşanjyklaram, atam aýtmyşlaýyn, «Wepadara ak ýol!» diýmegi aňladýandyr. Atam pahyr, bala döwürlerim mürüşgärlik tälimini berende, öwran-öwran: «Ömrüne ýedi guşy elin tutup, tälim berip, wepadarlygyna hem mähribanlygyna öz wepadarlygy hem mähribanlygy bilen mynasyp bolup, soňam olara şeýle ýazgyly kümüş bakany çyn ýürekden, halal serpaý etmegiň hötdesinden gelen mürüşgäriň gaýypda jaýy uçmahdyr!» diýip gaýtalardy. Bu «Ak ýol!» diýen ýazgy bolsa, atam aýtmyşlaýyn, halkymyzyň iň päkize, ýürekden çykýan dilegi hem söweş çakylygy bolupmyş. Şol ýagşy dileg bilenem ildeşlerimiz öz ýakynlaryny alys ýollara ugradypdyrlar. Şol çakylyk bilen merdanalarymyz gandöküşikli jeňlere giripdirler. Şol pata bilen merhumyň ruhunyň uçmaha barýan ýolunyň ak bolmagy dileg edilipdir. Şol alkyş bilen täze dünýä inen bäbejikleriň görjeginiň gowy, ýaşynyň uzyn, janynyň sag bolmagy dilenipdir. Şol sözlerden çykýan ýagşy umytlar bilen ýaş çatynjalaryň üstüne nogul-nabat seçilipdir. Bu saňa dakýan tigregim bolsa, atam pahyryň maňa miras goýup giden ýedi bakanjygynyň iň soňkusy. Diýmek, saňa-da ak ýol dileýär bu kümüş tigrek, maňa-da…

Ynsan bilen gepleşýän ýaly, hümürdäp durşuna goja mürüşgär bürgüdiň kellesinden mata başlygyny aýryp, göýä geplemäge gepi galmadyk mysaly, böwrüni diňläp, oýurganyp, birsellem lal-jim bolup durupdy. Birdenem:

— Uç, Begarslanym, uç! Ähli hyzmatlaryň üçin taňryýalkasyn. Ak ýol saňa, janawar, ak ýo-o-l! — diýip, ony uçuryp goýberipdi.

Bürgüt birbada näme üçin asmana goýberilýändigine düşünmändi. Sebäbi ýanlarynda bile aw edýän tazylary-da, gojanyň ineri-de ýokdy. Bu bolsa olaryň awa çykmandyklaryny aňladýardy. Golaý-goltumda aw hem görünmeýärdi. Ol şol sapar yzyna gaýdyp geljek bolup, gojanyň depesinde esli wagt ganat ýaýypdy. Özem gojanyň: «Häýt, Begarslanym, gaýdaweri ha-a-a-w!» diýip gygyrýan tanyş sesiniň aşakdan ýaňlanmaýandygyna juda geň galypdy.

Haçan-da şemala yrgyldap duran hemrasynyň ikije ädim öňüne baryp gonanda, ömürbaky hakydasynda galan ynsanyň ikinji bir täsinligine duş gelipdi. Goja hemrasynyň gözlerindäki ýalňyz hakykat — rehim ýitip, onuň deregine bürgütleriň hakykaty — erkinlik peýda bolupdy. Bürgüde öwrülen goja, öz kowumdaşlaryny hemişelik terk edip, nirededir bir nämälim alyslyklarda ýerleşýän, hemişe bahar höküm sürýän, bolelin awly awlaglara tarap uçmaga hyýallanýan ýalydy. Şonda bürgüt hemrasynyň özüne erkinligi gaýtaryp berýändigine, özi bilenem hemişelik hoşlaşýandygyna düşünipdi. Nähilidir bir ajy tukatlyk ýüregini mynçgalaýan ýyrtyjy guş özüne ejir berýän gussadan halas bolmak üçin, soňky sapar närazy jokurdapdy-da, asmana göterilipdi. Bulutlaryň deňine ýetip barýarka-da, aşakdan gojanyň bolanja güýç-kuwwatyny jemläp gygyrýan sesi soňky gezek gulagyna ilipdi:

— Ak ýol saňa, Begarslany-y-ym! Ak ýo-o-o-l!

Şondan bärem ol diňe öz hakykatyna — bürgütleriň hakykatyna uýup ýaşaýardy. Ýöne her ýyl ýaz gelende, ol on ýyly bile geçiren hemrasynyň obasyna, iň bolmanda bir gezegem bolsa aýlanyp gaýdýardy. Ony görmejegini duýsa-da, bärden uçup barýardy-da, küren obanyň depesinde halys ýadaýança şol pyrlanyp durýardy, pyrlanyp durýardy.

Ol hemrasynyň mährem sesini küýseýärdi. Onuň hemişekileri ýaly ineriň üstünde ýaýkyldap barşyna, mähre teşne ynsan kükreginden sogrulyp çykýan, mawy asman ýaly tükeniksiz, towşanyň tüýi ýaly ýumşajyk aýdymlara goýazy sesi bilen keýpihon hiňlenişini diňläsi gelýärdi. Gijelerine ot başynda hol beýleräkde gäwüş gaýtaryp duran inere üns bermän, tazy, ynsan hem özi, üç bolup gündizki tutulan aw etini paýlaşyp iýesi gelýärdi. Emma ilki öz erkine garşy ynsanyň hakykatyna tabyn bolup, soňra on baharyň dowamynda şol hakykata aşyk bolup gezen wepaly guş obanyň üstünden näçe pyrlansa-da, ne hemrasy gözüne ildi, ne-de tazy bilen iner…

…Günüň howry peselýänçä, monjuk gözlerini ýumjukladyp, käte bir gozganjyrap, daranjyrap oturan bürgüt Gün peýşinden agyberende, ganatlaryny «pat-pat» kakyp, göge göterildi. Näme üçindir öz awlagynda aýlanyp ýörmän, on ýyl ýaşan obasyna ýüzlendi. Obanyň günorta çetinden girende, görgür gözleri hol aşakda bir oglanjygyň owlak-guzy çekenesiniň yzyna düşüp ýörendigini saýgardy. Oglanjyk çekenäniň yzyndan dähedem-dessemläp barşyna arasynda eglip, ýerden jümjümemi, kömelekmi, bir zatlary alýardy-da, egnaşyr asylan sebetjigine salýardy.

Çekenedir oglanjyk bürgüdiň gözüni ägindirmese-de, çaklaňja süriniň beýlerägindäki ýylgynlykda busurylyp, bir kakabaş owlagyň ýa-da mön guzynyň çete çekilip galaryny peýläp ýatan ogry şagaly derrew saýgardy. Bürgüt özüniň oljalan awyna dalaş edäýmeseler şagallary awlamaýardy. Şonuň üçinem şagallary elin oljalamak mümkinçiligi bolaýan ýagdaýynda-da, göýä: «Goý, maslykçy dazzarkeller sizi owkat edinsinler!» diýýän dek olara üns bermän uçup geçýärdi.

Bu gezegem ol öňki edähedine eýermekçi boldy. Emma on ýyllap berlen täliminiň täsirindenmi ýa-da birmahal ýagty ýalançydan gaýyp bolan goja göwündeşiniň hatyrasynamy, oglanjygyň bakýan çekenesinden owlak-guzynyň şagala lukma bolmagyna ýol beresi gelmedi. Ol şol belentlikden aşaklygyna şaglap indi-de, şagalyň gizlenip ýatan ýylgynlygyny gyratlap, zymdyrylyp uçup geçdi. Ýylgynlaryň şahalaryna degäýjek-degäýjek bolup, ok kibi atylyp barýarka-da, mydama hüşgär şagalyň, öz kölegesi üstüne düşen dessine, göz ilmez çaltlykda gapdal towsup, hol beýläk zyňlyp düşendigini, soňam gyrymsylygyň arasy bilen ökjäni göterendigini görüp ýetişdi. Birmahallar, semiz togdaryny gabyrdadyp basanda, inerini säpjedip gelen goja göwündeşiniň: «Berekella, Begarslanym!» diýip, tüýs ýürekden hoşallyk bildirendäkisi ýaly, bürgüdiň diýseň keýpiçag boldy. Şolar ýaly oljasy oňan gezeklerinde goja mürüşgär onuň alan awyny derrew halallardy-da, bir-iki bölejik eti onuň çüňküne dykardy. Birki bölejiginem bürgüdi penalan tazynyň öňüne oklardy…

Bürgüdi ýene-de düşnüksiz tukatlyk basmarlady. Ol göýä bir demde süňňüni dolduran gussadan gaçyp sypmakçy bolýan ýaly, badyny peseltmän, dik gögüne galyp ugrady. Birdenem… Onuň gözi dünýeden bihabar, daş-töweregine üns bermän, jümjümedir kömelek çöpläp ýören oglanjygyň on-on bäş ädim öňünde, ýüzi gaýdyşyp, az-kem saralyp ugran gür otlugyň içinde düýrlenip ýatan çalymtyk-gara kepjebaşa düşdi. Oglanjygam göni şonuň üstünden barýardy.

Bürgüt dynnym ýalyjagam säginip durmady. Uçuş tizligini haýallatman dik göge galdy-da, şaglap aşaklygyna indi. Gelşine-de gyňrak çüňki bilen bir uranda ýylanyň bellisini edip, ony penjelerine mäkäm gysdy-da, göge galdy. Oljasyny girisinde pugta gysyp, ganat kakyp barşyna-da, edil bäş-alty ädim öňünde, göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçen hadysa-da, özüniň neneňsi bela-beterden halas edilendigine-de doly düşünip ýetişmän, agzyny öweldip galan oglanjygyň üstünden bir ýola aýlandy. Höwürtgesine tarap uçup barýan bürgüdiň göwnüne yzynda galan lemmer-lemmer bulutlar başy silkme telpekli gojanyň keşbini emele getiräge-de, myssa ýylgyryp:

— Berekella! Ak ýol saňa, Begarslanym, ak ýol! — diýip, henizem gulagyndan gitmeýän şol mähriban ses bilen pessaýja pata berýän ýaly boldy. Süňňüne ýeňillik aralaşan bürgüt ganat kakyşyny hasam batlandyrdy.

Serdar ATAÝEW.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle