Bullur köwüş (Hekaýa)

Bullur köwüş (Hekaýa)

Sýotaro ÝASUOKA,
ýapon ýazyjysy

Gijäniň ýaryndan soň, hatda Nihonbasä-de ümsümlik aralaşýar. Käte bir gara ýoluň ugry bilen eýläk-beýläk at salýan awtoulaglaryň sesleri ýaňlanyp gidýär.

— Ýagdaýyňyz niçik?

Deriň derdinden öl bolan telefon trubkasyny bir elimden beýleki elime geçirdim, aýaklarymy stoluň üstüne taşladym-da, oturgyja arkamy berip, Esuko bilen gürleşmäge durdum. Ol hemişe bolşy ýaly, maňa düşeginde ýatan ýerinden jaň edýärdi.

— Şeýle bir aýy göresim gelýär, sen goýaý. Aýynyň uly balygy süýräp barýanyny, heý, ýekeje gezek görüpmidiň?

— Ýok.

— Sen gürleşesiň gelmän jogap berýärsiň. «Aýy» sözüni iki gezek gaýtalamaly boldy. Aýy käte adam bilen gürleşýär diýilýäni dogrumy?

— Bilmedim.

— Sen Hokkaýdoda dünýä indim diýýärdiň, ahbetin. Onsoň şony hem bilmeýärmiň?

Esukanyň sesine gulak goýup, diwardan asylgy aw tüpeňleriniň gara nillerine göz gezdirýärdim…

Esukanyň çaganyňky ýaly tekiz döşüni, hetdenaşa uzyn eldir aýaklaryny ýatlamda ýüregim gopýan ýalydy. Ine, birdenem aýyly gürrüň ara düşdi. Men öz-özüm bilen gürleşip başladym. Ýok, aýgytly hereket etmeli. Belki, Esukonyň özi hem şoňa garaşýandyr. «Aýy bilen duşuşasym gelýär». Bu onuň şertli yşaraty bolaýmasyn…

— Tomus rugsady tamamlanyp barýar… Näçe gün galdyka?

— Bes et, bes et.

Bilgeşleýin biz üçin gadagan zatlar barada gürrüň edip başladym.

Garaşmak — meniň esasy kärimdi.

Aw esbaplarynyň dükanyna gözegçi hökmünde işe girdim. Ony gije ogrudyr otdan goramak kyn iş däldi. Ok-däri saklanýan ammaryň gapysynda asylan termometrden kän bir tapawudym ýok. Termometriň kömegi bilen ammarda ýangynyň dörändigini ýa-da döremändigini anyklamak mümkin däl, dükana giren ogrulara garşy çykmaga bolsa, mende gaýrat ýok, şonuň üçin diňe bir zat galýar — ýangyna garşy göreşýänlere we ogrulara gyssanman garaşmaly.

Bihuda garaşmak bolsa, işimden kowulmazlygyň kepilidi. Özbaşyma tünegimiň ýokdugy sebäpli, diňe ertirlik hem agşamlyk nahary däl, eýsem, gijäni arkaýyn geçirip bolýan ýer bilen hem özümi üpjün edýärdim. Gündizlerine leksiýalarda ukymy almak üçin kolleje gidýärdim.

Bir gün dükanyň eýesi menden Haradzýuku şäherinde ýaşaýan, amerikan goşunynyň lukmany podpolkownik Kreýge aw üçin seçme äkidip bermegi tabşyrdy. Munuň ýaly işler wezipämiň çägine girmeýärdi, üstesine, şu gün mart aýynyň başynda hemişekisi ýaly yssydy, öý eýesine käýinip barýardym, ýöne ol ýerde meni mähirli garşy aldylar. Ýüzüniň reňki solgun çepiksije hyzmatkär gyz suw getirdi, köke hödür etdi. Soňam ol gelşiksiz bir zat eden ýaly, utanyp ýylgyrdy. Näme üçindir, ol maňa kagyz çeýneýän goýny ýatlatdy. Gapyny aýagy bilen açyp, aşhana ak-gara tegmilli, pointer tohumyndan bolan it girdi. Oňa köke uzatdym, ýöne ol maňa tarap seretmedem. Diňe gyz kökäniň üstüne peýnir goýansoň, ony göwünli-göwünsiz iýmek bilen boldy. Soň it maňa şübheli seretdi-de, stoluň başynda elini ýaňagyna diräp pikirlenýän adam ýaly, gyzyň aýagynyň ýanynda süýndi. Gyz podpolkownik Kreýgiň ertir aýaly bilen Angaur adasyna gidýändigini, mart aýynda öýde bir özüniň galýandygyny aýtdy. Men yzyma öwrüljek mahalym, gyz ýene biraz garaşmagymy haýyş etdi, çilim çekmek üçin jübimden müşdügimi çykaramda bolsa, bir gap çilim uzatdy. Onuň hereketleri haýaldan ynamsyzdy. Otluçöpi ýakanda gorkýan ýaly, ujundan tutýardy, ýüzi gaty agrasdy. Gyz gowy terbiýe gören bolmaly diýip pikir etdim.

Şol gün näme üçindir asla howlukmadym. Gaýtmakçy bolamda ol ýene utanjaňlyk bilen ýylgyrdy-da, isleseň içeri gir, bir zatlara güýmeneris diýdi. Men razylyk berdim. Bu ýerde wagtyňy geçirmek, kollejiň gaty oturgyjynda irkilip oturanyňdan gowudy.

Şeýdip Esuko bilen dostlaşdyk. Oňa aşyk bolaryn öýdüp kelläme-de gelmeýärdi. Umuman aýtsaň, ol beýle bir owadan hem däldi.

Onuň ýanyna ikilenç gidemde, öňki gezekkiden bir hepde-de geçmändi; gyz tennis raketkasyny ýatladýan nagyşly ýeňil öý kimonosyny geýipdir, munuň sebäbini biraz ýarawsyzdygy bilen düşündirdi. Men güldüm — kimonodaky surat çaganyň çeken suratyna meňzeýärdi, soň tomus rugsady hakda gürrüň etdik. Esuko özüniň iň ökde okuwçylardan biridigini aýtdy. Onuň reňkiniň öçükliginde hem birkemsiz geýnişinde synp ekabyryna çalym edýän bir zat bardy. Tomus rugsadynyň ahyryna çenli galan günleriň bir-birden geçip barýanyna gynanýardyk. Janyňa batmaýan yssy hem alada etdirýärdi. Başymyzdan geçirýän duýgularymyz, ýakymly bolsun-bolmasyn, kalbymyzy birmeňzeş eýeleýärdi. Men oňa, hatda şu wagt, erkinlikde göwnümi açýan mahalym hem bir topbak depder görsem, sikadalaryň jyrryldysam jynymy atlandyrýar diýdim. Ol birdenkä:

— Sen sikada guşuny gördüňmi? — diýip sorady. Men haýran galdym. Esuko ýigrimi ýaşyndady. Ýalňyş eşidendirin öýdüp täzeden soradym, şonda ol bir hili ýylgyrdy. Men düşündirdim.

— Sikada guş däl-de, mör-möjek. Olar köp dürli bolýar.

Meniň aýdanlarym Esukony haýran galdyrdy. Gözlerini giňden açdy — ol gözler gaty owadandy.

— Şeýlemi? Sikada gaty uly guşdur öýdüpdirin.

Ol garpyzyň ululygynda ellerini gerdi.

Men gaty geň galdym. Düýäniň ululygynda kebelek, it ýaly çekirtge — şonuň ýaly hyýaly keşpler gözümiň öňünden geçdi. Gaty gülkünç, şonuň üçinem gatydan güldüm. Gyz aglady.

— Seniň aýdan sözleriň bary ýalan. Uly sikadalary gözüm bilen gördüm… Karuidzawada.

Şeý diýensoň, ol egnime gysmyljyrap gözýaş edip aglady.

Gyzyň ýaňaklaryndan boýur-boýur ýaş döküldi. Men aljyradym.

— Bilmedim, belki, Karuidzawada şonuň ýalysy bardyr. Dogrymy aýtsam, ömrümde bir gezegem sikada görmändim.

Men Esukony gujakladym. Biz şeýdip biraz oturdyk. Onuň ýaşly gözleri öwüşgin atýardy, göwnüme bolmasa, ol gözler öňküsinden has ulalan ýalydy. Hatda Karuidzawada garpyzyň ululygyndaky sikadalar bar ýaly bolup göründi. Ýary gije ol maňa jaň etdi:

— Gaty köp gurbaga öýe döküldi, şolar ýatyranok… Bir görsem, ýüzümde sowuk bir zat! Çyrany ýakdym — gurbaga. Nireden gelenlerini bilemok. Ýatalganyň üsti doly… dyrnak ýaly ownuk…

Ýok, oňa ynanmaly däl diýip pikir etdim. Hatda gurbagalar baradaky toslamalaryny dogry hasap edäýemde-de, gürrüňi gutarmagyň wagty geldi — häzir gije sagat üç. Elbetde, ol gurbagalar barada bilgeşleýin aýdýar, şonuň üçin şu gün günortan gürrüňi edilen «sikadalarymyz» hem toslap tapylan zat. Şondan soň şübhelerimi berkitjek bolýan ýaly, elmydama şol bir usullary ulanýardy. Mysal üçin, agaçlaryň, otlaryň, haýwanlaryň atlaryny çintgäp soraýardy. Soň bolsa batly gülýärdi: hamana, sen köpbilmiş, ähli zady bilýänden bolýarsyň, şol bir wagtyň özünde-de, gaty salykatly görünýärsiň diýýän ýaly.

Esukonyň bir zady täzeden gaýtalamak endigi bar. Bir gezek ýarym salkyn kart oýnadyk. Hoz döwülýän atagzy döwlen eken. Mekdepdäki sport toparymyz bilen türgenleşik toplumynda edişimiz ýaly, oňa gapynyň petlesine gysdyryp hoz döwmegi öwretdim. Esuko höwes bilen, öwredişim ýaly edip, hoz döwüp başlady. Ilki köke üçin üç-dört hoz ýetik diýdi, ýöne bu usuly şeýle bir gowy gördi welin, naharhananyň gapysynyň deňesinde gaýmalap, her gezek hoz döwende «Gör! Taýýar! Gör!» diýip, gygyryp hezil etdi. Onuň täsirine düşüp menem: «Gör munuň ajaýypdygyny!» diýip, hoz döwmäge başladym. Tötänden elimi sypjyrdamda, meşe agajyndan ýasalan gapa ýumrugymy düwüp: «Seni edişime bir seret!» diýip haýbat atdym, maňlaýymdan der suw bolup akdy. Bu oýnumyz ep-esli dowam etdi. Bizden gözi gorkan it yzyny üzmän üýrdi. Şol gün şeýle bir köp hoz iýdim welin, başym aýlanyp gitdi.

Men kem-kemden ekabyrlandym. Her gün irden işden soň ur-tut Esukonyň ýanyna gitmek, ýuwnup-ardynyp aşhanadaky diwanda ýatmak indi endik boldy. Gapyny açan badyma, üýtgeşik bir duýgyny başdan geçirýärdim: göwnüme bolmasa, garawulçylykdan boşap, ogra öwrülýärdim; ýatyp turamsoň, Esukonyň demlän kofesini içýärdim-de, ýüzümi çytyp, kofe sowuk diýýärdim. Şony Esuka barada-da aýdyp biljekdim. Ol meniň ýanymda aýagyny ýygnap halyda oturardy. Daşyndan seredip, ony öý eýesiniň gyzy hasaplap boljakdy. Aşhananyň diwarlarynyň biriniň garşysynda, wagon kupesindäki ýaly, biri-birinden iki ädim aralykda kürsüler dur, olaryň ortasynda bolsa Esukonyň eý görýän diwar ojagy bar. Ojakda kömri ýada salýan, gara aýna bölekleriniň bir üýşmegi ýatyr, has aňyrda reňkli çyralar oturdylypdyr. Çyrany öçürijiniň nurbatyny towlanyňda, gara aýna bölekleri ojakda ýaşyl-sary alaw ýaly ýalpyldap başlaýar, ýöne ol ýylylyk bermeýär. Diňe otag üçin bezeg bolup hyzmat edýär. Gel, otla müneli diýip, biz köplenç, şol kürsülerde ornaşýardyk. Iýmek-içmek hem gerek bolar diýip, Esuko köke alýardy.

Agzy kökeli oturyşyna ojagyň ýokarsyndan asylan Fudziniň suratyna barmagyny çommaldýardy. Kürsüleriň arasy iki ädim, biz biri-birimize ýakynlaşjak bolup, ahyrsoňy typyp ýere düşýärdik. «Otly kupesi» otagyň iň rahat ýeri; töwerek-daşda ähli zat — stolam, oturgyçlaram, beýleki öý goşlaram — jülgede oturan ýaly garalýardy, diňe ojakdan gelýän gyzyl şöhle gyzyň ýüzüne düşýärdi. Elimi uzadaýsammykam diýdim. Ýöne het etmedim, ýogsa gyz maňa ýakynam otyrdy, elimi uzatsam arkaýyn ýetjekdi. Üstesine, tolgunýardym. Belki, bu söýgidir? Göwnüme bolmasa, Esuko ilkinji gezek gören wagtymdakydan düýpgöter başga gyza öwrülen ýalydy.

Ahyrsoňy Esuko meni öz oýnuna çekdi. Muňa begendim. Gyz gizlenpeçek oýnaly diýse, oýnaýardyk. Şonda öýem, goş-golam hem biziňkä öwrülýärdi. Gizlenmäge ýer diýseň köpdi. Ýatalganyň aşagynda, tutynyň ýeňsesinde, yşgapda, aýnaly timar otagynda… Bir gün ikinji gata çykdym, ammarda asylan ullakan torbada gizlendim. Beýtmek ilkinji gezek kelläme gelipdi. Zordan içine girdim, torba iki ýana hallan atyp başlady, ýöne boýum bilen giremsoň, ol ýeriniň gaty rahatdygyny gördüm. Torbany deşdim-de, daşynda nämeleriň bolýandygyna syn etdim. Esuko meni nireden gözlejegini bilmän dälizden eýläk-beýläk ylgady, ikirjiňläp ilki ýatylýan otagyň, soň hajathananyň gapysyny açdy, bälçiräp suwa düşülýän otaga girdi, iň soňunda basgançak bilen ylgap gelşine adymy tutup gygyrdy-da, jaýyň içinde ýitip gitdi. Ilki gülmän saklanjak boldum, soň içim gysdy, ahyrsoňy uklap galypdyryn. Işim zerarly gijelerine ýatmaýardym, şonuň üçinem gündiz ýatmaga endik edipdim — häzir näçe wagt ýatdymkam? Oýanamda öýde ümsümlik höküm sürýärdi. Aşaky gata düşüp giň dälizden ýöräp barýarkam, ýeňsämiň durşuna tozan bolandygyny duýdum. Aşhananyň gapysyny açdym — Esuko ýaňy öňüne mürepbeli torty alypdyr.

— Ynha, senem geldiň — diýip, Esuko meni gören badyna gaharly gürledi. Soň öý bikesinden öwrenip bişiren süýji tortundan maňa dadyrmajagyny aýtdy.

— Sen maňa ýamanlyk etdiň, indi menem şeýtjek… Torty düýn bişiripdim…

Oňa diýýärmiňem diýmän, tortdan bir bölek bermegini soradym. Ýaňkalaşyp durkak ukymy alanymdan soň, dogrudanam, ajygandygymy duýdum.

— Berjek däl. Hemmesini özüm iýjek.

— Bir bölek bir ber, ahbetin.

Şu sözleri diýenimden, ol iki eli bilen bir bölek torty agzyna dykdy.

— Waý…

Şu gezek onuň bolşuna, dogrudanam, gaty geň galdym. Ol gözüni oýnadyp güldi, dodaklary durşuna mürepbe.

— Bolýar, ujundan bir azajyk dişläý, isleýäňmi?

Bu podpolkownik Kreýg gideninden üç hepde soň boldy.

Indi Esuko bolmasa ýaşap biljek däldim. Onuň bilen bagly däl zatlaryň hemmesi biderek hem zerur däl ýalydy. Dükanda janyma jaý tapmaýardym. Eger hojaýyn birdenkä işleýşimi barlamagy ýüregine düwüp gelip görse, yhlasyma, gürrüňsiz, haýran galardy. Öň dükan boşandan soň, ýumşak kürsüde rahat ornaşýardym-da, kitap okaýardym ýa-da ymyzganýardym, indi aýagyma ot basylan ýaly bir ýerde durup bilmeýärin. Dükanyň içine aýlanýaryn, tüpeň örülen tekjeleri süpürýärin, gapydyr penjire gabsalarynyň açarlarynyň toplumyny şakyrdadýaryn, ok-däri saklanýan ammaryň termometrine göz aýlap gaýdýaryn. Hatda dükana talaňçylar kürsäp giräýseler-de, barybir, muny duýjak däldim. Men diňe bir zada — Esukodan jaňa garaşýardym.

Kürsüde otyrkam, stoluň üstünde duran telefondan gözümi aýyrmaýardym. Hatda hajathanada wagtymam telefon jyňňyrdamaýarmyka diýip, daşyna diň salýardym. Meni Esuko bilen telefonda gürleşmekden gaýry hiç zat beýle tolgundyrmaýardy. Onuň bilen bir sagat, iki sagat, hatda ondanam köp gürleşsemem, mende diňe tagam ysgadylyp oňlan ýaly duýgy galýardy. Ähli diýýän sözlerim tümlüge siňip, ýitip gidýärdi, onuň diýýänleri bolsa maňa gury gaňňyl bolup dolanýardy. Biz misli tanap çekişýän ýalydyk — elimizde birmeňzeş zat saklaýardyk, ýöne onuň nämedigini bilmeýärdik. Olam näme diýýänime düşünmeýärdi. Hemişe bolşy ýaly, başlan gürrüňini bir haýwanyň sesine meňzedip:

— Au-u, au-u, au-u — diýip tamamlaýardy.

Şonda Esukonyň sesi siňen bir döwüm nan göz öňüme gelýärdi, şony iýsem diýýärdim.

Biz esasy zadyň töwereginde ynamsyz pyrlanýardyk…

Esukonyň kaştan öwüşginli ýumşak saçynyň, mahmal ýaly näzik teniniň, tortuň dodaklarynda galan süýji tagamynyň ýatlamalary aňymdan hiç çykmaýardy. Esukonyň guraýan oýunlary meni ondan aýry salýan uly, manysyz perdä öwrüldi — mümkin, hut şol hem meni tolgundyrýandyr? Ýöne ähli hereketlerinde onuň kalbyna ýüz tutmaga mejbur edýän bir zadyň bar bolmagy ahmaldyr?

Ýöne şondan soň hiç zada yhlasym bolmaýardy. Kalbymda joşan güýjümi harçlap bilmän, dükana dolanýardym. Ol men hakda näme pikir edýärkä? Belki, şeýle oýunlar oňa ýaraýandyr, şonuň üçin hem meniň bilen gizlenpeçek oýnaýandyr? Ertesi giň jaýyň içinde tutaýsam iýerin diýýän terzde, ony ýene kowalaýardym.

Men saňsar ýaly ýaşaýardym. Indi gündiz ýatmaýardym. Gijelerine-de ýatmaýardym, işe bolan öňki yhlasymy ýitiripdim. Esukodan aýrylyşyp, indi ol burçdan bu burça haýdap ýöremän, kellämi stoluň üstüne goýýan pursatlarym, näme üçindir aňymda uçup barýan top okunyň suratyny çekýärdim.

Wagt gaty çalt geçýärdi. Ýöne muňa üns bermeýärdim. Belki, bu indi meniň ýatyp ukymy almaýanlygymdandyr. Kellämde umyt bilen sabyrsyzlyga utgaşýan gündiz bilen gije garym-gatym bolup, bütewi bir gün ýaly bolup geçýärdi. Ýöne bir gün bir zat geň galdyrdy. Esuko köke owuntyklaryny ýygnap, üstüne süýt guýup iýdi. Men düşündim — bolçulyk tamamlandy. Yşgapda diňe biziň halamaýan zatlarymyz galdy — duza ýatyrylan zeýtun, ançous, sarymsak, ownuk dogralan rediska meňzeýän kokos hozy; it goňşularyň aşhanasyna gatnap başlady. Biziň tomus dynç alyş rugsadymyz ahyrlap barýardy.

Meniň Haneýama atly tanşym bardy — ol hammamdan şu wagt ýuwnup çykan hem bolsa, tanamaýan adam ony hapa suwly ýaba gaçyp, ondan ýaňy çykandyr öýtjekdi. Şeýle-de bolsa, mydama sakgaly syrylgydy, köýnegi arassady. Üstesine, ýörite serenjam stoljugy bardy, mätäçlikde bolsa-da, stoluň üsti losýondyr kremden doludy, permanent bilen timarlanan saçy mydama buýra-buýrady. Hemişe aşyk bolýardy, ýöne özüni ýigrendirenden soň, oňa gaçyp gitmekden başga alaç galmaýardy. Her gezek aşyk bolanda ýanyma gelýärdi-de, içimi ýakyp, söýgüsi barada jikme-jik gürrüň berýärdi. Solgun ýüzüne emeli çynlakaý keşp geýdirip, täze söýgülisi hakda gürrüň bermäge başlaýardy. Bu gaty gülkünçdi, şol bir wagtyň özünde-de içgysgynçdy.

Şol Haneýamany zenanlar barada uly bilermen hasap edýärdim. Şonuň üçin oňa Esuko bilen aramyzda bolup geçýän wakalary gürrüň bermegi makul bildim. Meniň gürrüňlerime Esukonyň birden peýda bolýan, birdenem ýitip gidýän keşbi päsgel berýärdi, ahyrsoňy aýdýanlarym çöpe-çöre siňip gitdi.

— Hany, indi men näme etmeli? — diýip, Haneýama seretdim. Ol gysgajyk jogap berdi:

— Gorkuly zat ýok. Seniň ýoluň dürs. Ýene bir gezek çytraşsaň, ähli zat düzelýär.

— Dürs diýdiňmi?

Haneýamanyň näme diýýäni düşnükli ýalydy, ýöne hakykatda welin, hiç zada düşünmedim.

Ol hezil edip güldi-de:

— Ýöne seresap bol. Zenan hilesi, hatda ýönekeý hem bolsa, barybir, hiledir, şonuň üçin, meniň pikirimçe, ol seni aldaýar — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Haneýama bilen hoşlaşyp ýola düşdüm. Esuko bilen iýen zatlarymyň öwezini dolmalydym. Sözüm geçjek ýerlerimden karz alyşdyrdym, okuw kitaplarymdyr sözlüklerimi satyşdyrdym.

Gara ýoldan ýöräp barýaryn, göwnüme bolmasa, bu köçeden köpden bäri geçmedik ýalydym. Gaty yssy. Basym hakyky tomus gelmeli… Meni senenamanyň iň soňky sahypalary ýaly bolup, Haradzýukunyň öýündäki yşgabyň içindäki azyk-owkadyň egsilendigi howsala salýardy. Ol ýerdäki zatlaryň soňuna çykypdyk. Başymyzdan geçen wakalaryň Zoluşkanyň bezeg eşiginiň gije sagat on ikiden soň ýok bolşy ýaly, atsyz-sorsuz ýitirim boljagyny bilýärdik. Indi meniň üçin iň esasy zat, gaty tiz geçýän wagtdy. Esuko bilen bile geçiren döwrümiz, gijelerine diňe garaşmakdan ybarat bolan kärimi ýerine ýetirýärkäm, kime peşgeş berjegimi bilmän, hatda näletlän wagt diýilýän zadym, indi maňa ýetmeýärdi. Birdenkä puluň gerekdigine düşündim, şonda hemme gerek zadymy alyp biljekdim. Men bolsa haçan Taňrym bir zatlar eçilerkä diýip, elimi serip otyryn. Gurşap alan şatlyga bäs gelip bilmän, bolsady ekip başladym. Göwnüme bolmasa, eger yşgap ýene-de azykdan dolsa, tomus rugsady täzeden başlanjak ýalydy…

Azyk dükanyna giremde, biri kelläme sugşuryp goýberen ýaly aljyradym. Dükan diwardan asylan ägirt uly duzlanan balyklar, şöhlat daňylary, münder-münder azyk önümleri, harytlaryň bollugy bilen howumy basdy. Mähelläniň arasynda ter önümleriň dag ýaly üýşmeklerini görüp, aňalyp galdym. Esuko bilen tanyşlykdan öň beýle zady hiç haçan başymdan geçirmändim. Satyjy gyzdan ilki bahalaryny sorap, bahasyny töläp durkam, ýüzümiň utançdan lap-lap gyzýanyny duýdum. Süýrüden gelen giň ýüzli gyz bilen hasaplaşanymdan soň, azyk satyn almak maňa gelişmeýär diýip pikir etdim. Esukonyň maňa ýetiren güýçli täsirini asla duýmandyrynam. Hatda, tersine, bu zatlary hut şonuň üçin edýärin diýip pikir etdim. Azykly düwünçegi gujagyma alyp, serkerdäniň ruhlandyran esgeri ýaly joşup, dükandan çykdym.

Polkownik Kreýgiň jaýy depäniň gerşinde dur, oňa uly ýoldan öwrülýän ýodajyk alyp barýar. Ýoda öýe direýär. Elimde agyr düwünçek, gyzgyn Günüň astynda garader bolup, ýokarlygyna dyrmaşyp barýaryn, hany, ýene biraz gaýrat et diýip, teatr bezegi ýaly kem-kemden peýda bolýan jaýyň üçegine, soň penjiresine seredip özümi ruhlandyrýaryn. Depä çykyp, öňümde üstüne çadyr çekilen harby ýük awtoulagynyň durandygyny gördüm. Biraz aňyrda jip awtoulagy dur. Bu Kreýgiň ulagydy. Olar gaýdyp gelen bolmaly. Bir hepde öň gelipdirler. Ýöne ýadaw bolamsoň, bolýan zatlara seredip oňdum, lapym keç hem bolmady. Şol bada yzyma öwrülip gidesim geldi. Ýöne agyr, tagaşyksyz düwünçekden dynmak islegi hilegärlige ýüz urmaga itekledi.

Kreýg harby geýimde işikde durdy, awtoulagdan düşürilýän ululy-kiçili gapyrjaklaryň nirä eltilmelidigi barada görkezme berýärdi. Döşümi ýaryp çykaýyn diýýän ýüregimi kynlyk bilen köşeşdirip, derwezeden ätledim. Zordan ädimläp barşyma:

— Ertiriňiz haýyrly bolsun! — diýip gygyrdym. Podpolkownik jogap bermedi. Onuň gür gaşly, mertebeden doly ýüzünde düşünmezlik peýda boldy, maňa çiňerilip seretdi. Meni ýere sokmak üçin şolam ýeterlikdi.

— Ýalňyşýaň. Häzir öýlän sagat iki.

Otly menziliniň goçak dilli sagady ýadyma düşüp, näme üçindir gaty utandym. Birdenem, hyrra gaharym geldi-de, gazap bilen yzyma öwrüldim, depäniň üstünden aşak tigirlendim.

Termometr 34 derejäni görkezýärdi. Ok-däri saklanýan ammaryň gapylaryna asylan «Howply!» diýen ýazgy yssydan eräýjek bolýardy.

…Esukony ýatdan çykaryp Haradzýuka gaçyp gaýdanymdan soň, özümi ýigrenip, bütin gün utanyp gezdim. Ýöne birneme köşeşenimden soň, öňňin tamamlanan durmuşymyň, näçe synanyşsam-da, indi gaýdyp gelmejegine düşündim. Esukonyň pikirini edemde bolsa, ýüregim çalt-çalt urup başlaýardy. Näçe lapykeç bolsam-da, geçmişi yzyna gaýtarmak mümkin däldi.

Dükanda perişan halda ikibaka aýlanýardym. Indi näçe pelesaň kaksaň kakyber, üýtgejek zat bolmaz.

Sagat on bir töweregi jaň jyňňyrdady. Gülümsiräp telefona tarap ýöneldim. Öňňin agşama çenli dowam eden dessurymyz ýatdan çykarylmandyr — ýürek çalt-çalt urup başlady… ýöne bir sekuntdan ähli zat düýbünden üýtgedi. Jaň sesi telefondan gelmeýärdi. Perde bilen örtülen aýna gapynyň aňyrsynda köçe çyrasynyň ýagtysyna adam şekili göründi. Esuko. Gapyny açjak boldum, ýöne açar diýenimi etmedi — öýjügine giresi gelmedi. Aýnanyň aňyrsynda duran gyz meni görüp ýylgyrdy. Onuň ýagtylyga gowy görünýän ýüzüniň reňki solgundy. Gapyny açyp, gyzyň ýanymda durandygyny görsemem, muňa ynanyp bilemokdym. Dükanyň törüne ýönelen Esuko:

— Bir-birimizi görmedigimize üç ýyl geçen ýaly — diýdi.

Onuň sözleri maňa başga dünýäden gelen ýaly bolup eşidildi.

Podpolkownik Kreýg aýaly bilen düýn garaşylmadyk ýagdaýda dolanyp gelselerem, bu gün ýene ýola düşüpdirler. Syýahatdan ýadapdyrlar, indi bolsa biraz dynç almak üçin Nikko gidipdirler…

Esuko göni bäbenegime seretdi:

— Birigün dolanmakçy bolýarlar, diýmek, rugsadymyz iki gün uzaldylýar.

Men jogap berip bilmedim. Bu ýagdaýa geň galanymy nädip düşündirjegimi bilmedim. Hakykatdanam, tamamlanandyr öýden durmuşym, täzeden dolanyp geldi…

Elimde bullur köwşi saklap duran ýaly boldum. Peşgeş berlen iki gün okgunly geçen rugsadymyzda gyssanyp gaçyrylan bullur köwüş bolup göründi… Ýitiren zatlarym şol köwüş bilen gaýdyp geläýermikä, eýsem?

— Düýn gaty çalt gaçdyň. Dessine saňa jaň etdim, ýöne hiç kim jogap bermedi.

Gündiz jaň edeniň peýdasy ýokdy. Şol wagt men dükanda ýok. Esuko muny bilmelidi. Muny aýdamda ol geň galyp:

— Hä-ä, şeýlemidi! — diýdi-de, sözüniň üstüni ýetirdi — seni nähili köp gözlänimi bir bilýärmiň?

Oňa dükanyň salgysyny bermedik bolsam nätjek. Ol salgyny Haradzýukuwa elten ok-däri dolanan köne mahabat ýazgymdan tapypdyr.

— Menzile gelip, kimdir birinden sorasaň, dessine görkezerdi.

— Ýok, sorasym gelmedi.

Esuko döşüme gysmyljyrady. Gyzyň ýüregi gürsüldäp döşüme urýardy. Pugta netijä geldim. Indi onuň bilen hiç haçan aýrylyşman. Goş birikdirmäge wagt boldy. Joşgunly kelläme gelen deliliň bimanydygyna düşünmän, gyzyp duran ýüzümi Esukonyň ýumşak saçlaryna basyp, hyýalyma aňym bilen çümüp gitdim.

Esuko penjiräniň aýnasyna seredip saçyny düzetdi.

— Aýna gerek bolsa, ol ýerde ulusam bar.

Muny kürsüden turman aýtdym, diýen sözlerime özümem geň galdym. Diýmek, men ony git diýip gyssaýaryn. Onda ähli zatdan mahrum bolmagym mümkin.

Ýerimden turdum-da, gyzy aýnanyň asylan ýerine eltip, uly çyrany ýakdym. Sypaýylygym ters netije berip, meni ondan daşlaşdyrdy.

Gürlemek üçin agzymy açdym, ýöne hiç zat diýmedim. Bir zat diýesim geldi, ýöne söz tapylmady. Islendik söz ýasama parhsyzlygymy hasam aýdyň görkezjekdi. Şeýdibem ol ýetip bolmajak alyslyklara gitjekdi. Gürlesem, öz elim bilen bizi baglaýan inçe ýüpi üzerin.

Esuko ýeňsesine öwrülip, gaýgy-gamsyz ýylgyrdy:

— Menzile çenli ugradarmyň?

Gysgajyk jogap berdim:

— Ýok.

Aw dükanynda ähli zat öňki-öňküligine galdy. Bu meni geň galdyrýardy. Indi işimde mydama diýen ýaly ýatýaryn. Hiç zat edesim gelmeýär.

Ukuly gözlerimi açanymdan, stoluň üstündäki telefony görýärin. Dessine dikelip, trubkany garbap alýaryn.

Uzyn guguldydan başga ses-üýn ýok. Ýöne şonda-da ony elimden sypdyrman, gulagyma gysyp garaşýaryn. Ahyrsoňy ýuwaşja takyrdy eşidilip başlaýar — telefon simleri şemala yrgyldap, biri-birine degýän bolmaly. Elbetde, bu ses garaşýan sözüm däl. Ýöne ol barha inçelip, adam sesine meňzäp başlaýar. Ol maňa näme hakda pyşyrdaýarka?

Trubkany uzak wagt ýerinde goýamok. Meniň häzir şeýle bir aldanasym gelýär.

 

Rusçadan terjime eden Kakamyrat GELDIÝEW,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle