Bu zynjyr…
Bu zynjyr…
▶ BU ZYNJYR…
Bu zynjyr
Meniñ üçin niýetlenen ozaldan.
Has öñ ýasalypdyr
Zynjyr,
agaç maladan ýa azaldan.
Entek enemizden dogmazdanam öñ
Taýýarlanyp goýlan,
Sünnälenip ýasalypdyr mazaly.
Polatdan guýlan.
Bendi edip goýsañ şeýle zynjyra
Ýüz ýyllap saklajak ol zyr dälini.
Däli näme,
Asmana azm urýan tupan mahaly
Butnaman saklajak uly gämini.
Ýöne sagy saklap bilmez sag adam kaýyl,
Bu sözüm çyndyr.
Munuñ şeýledigni biljek bolsañyz
Adamzadyñ taryhyna bakaýyñ.
Ýöne geñ zat,
Adam gulçulygy göreşdi, ýeñdi,
Azat,
erkin boldy,
Boldy ýene başga bir zada bendi.
Añdym men,
azatlyk añynda bolsa,
Erkinlik ornaşsa seniñ kalbyñda,
Duýarsyñ özüñi bar zatdan belent,
Diñe şonda,
diñe şonda…
Munuñ üçin uzak azap çekmeli,
Jebire dözmeli boljagny biliñ!
Eşigem gerekdir,
iýmegem gerek,
Ýöne iñ zerur zat añ bilen bilim…
Dişlerim dökülip kentlewgim bilen
Dişläp,
işläp zynjyr halkasyn ýoldum.
Bendilikden sypdym,
Men azat boldum.
Ýöne ähli ömrüm galypdyr yzda,
Öñde dińe tümlük bilen boşluk bar.
Alnan azatlykdan
Ne-hä şatlyk,
ne-de göwnühoşluk bar
Erkinlik giç geldi,
Giç geldi juda
Zynjyrdan has agyr berilen pida.
Ahyryna çykypdyryn bir zadyñ,
Işsizlikden ýaña aryp bilemok.
Çäksiz boşluk meni gowurýar,
gysýar,
Bu giden boşlugy ýaryp bilemok. Goşgular