|

Bu Watan

Bu Watan Oguljemal ÇARYÝEWA

▶ BU WATAN

Bu Watan atalañ köñül gözgüsi,
Eneleriñ hüwdüsiniñ gözbaşy.
Mertleriñ ýurt diýip jana dözmesi,
Ussat gerek beýanyna sözme-söz.

Daglary bar,
ýurdum dag deý arkamdyr,
Sähralary kalbymdaky giñligim.
Deñiz-derýa joşgunymdyr, sarpamdyr,
Şu günüme ýagtysy bar düýnümiñ.

Daragtlary mähribandyr adam deý,
Ýap-ýaşyl eli bar ~ gujagyn gerer.
Göýä yşk şerbetin kalpdan dadan deý,
Güneşi üstüñe zer ýüpek serer.

Paýhasy bar, gana bilmen okaplar,
Ata-enäñ sözi dönen nakyla.
Köne ýurtda açylmadyk kitap bar,
Sežde ediñ geçenleriñ hakyna.

Gök asmanda güni meñzär tamdyra,
Mydam bitin bolsun, ilim, çöregiñ.
Teşne görse, didaryndan gandyrar,
Türkmen mydam orta goýdy ýüregin.

Şemaly bar çägä çekip ýör nagyş,
Suwunda şerbeti miwä ezmesi.
Bu bize ykbaldan berlendir bagyş ~
Çünki bu atalañ köñül gözgüsi. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи