|

Bu şäheriñ örtüginiñ astynda

Bu şäheriñ örtüginiñ astynda

BU ŞÄHERIŇ ÖRTÜGINIŇ ASTYNDA 

Ilki agşamlar turýar gopgun 
Bu şäheriň örtüginiň astynda 
Biz görmeýäris 
Eşitmeýäris
Emma gijäň eýeleri yzaly 
Bir tarapdan:
Köçe
Şofýor
Dükän
Restoran
Başga bir tarapdan:
Kireýhanalar
Topar başlyklar
Gyzlar
Ýigitler…
Humarhanalar 
Bu şäheriň örtüginiň astynda   
Gije ýary manysyny ýitirýär
Namys
Wyjdan
Wepa
Ykrar…

■ GAPDAL GÖRNÜŞI 

Bu ýerde hemme zat ölüme tarap!
Metjitdäki çakylyk
Saýmandäki rowaýat
Öýdäki sopulyk.

Asla ynsanyýet dogaly bäri
Sebäpkär 
Sogapsyz 
Günäkär.

Hiç zat ymtylmaýar ynsana tarap
Edaraly işiň 
Öňüňdäki motor 
Ardyňdäki maşyn.

Matam tutan şähre meňzeýär bu ýer 
Habarlar köne.
Gürrüňler suwjuk
Darajyk dünýe.

Agzybirlik reňki öçüşip barýar!
Her kim öz gerşini öňe berip ýör
Gerişler etek
Maňlaýlar ýygyrt
Göreçler tutuk.

Hoşamaý keşpler azalyp barýar
Ýasama gülkiler gözlerden sürçüp
Ýüzlerde ketekläp
Basyklyk, Ahmyr 
(Köşeşjek bolýarys 
Özümiz ýenjip).

Adam mertebesi kiçelip barýar
Kiçelen göwräni dikeltjek bolup
Omuzlara  basyp 
Omzaýar öňe 
Nebsine tarap
Baýraga tarap
Şöhrata tarap.

Ine bu häzirki 
Gapdal görnüşi 
Bü günki  maşgalaň 
Bü günki köçäň 
Häzirki şäheriň 
Gündiziň 
Gijäň
Aňyrky gapdalyn 
Özüňiz ölçäň
Özüňiz çekiň.

Gapur HOJA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle