|

Bu jennetdir

Bu jennetdir BU JENNETDIR

Sazanda Ýagmyr Nurgeldiýewiň ýagty ýadygärligine

Ajap mukamlar döretdiň,
Naýbaşysy “Bu jennetdir”.
Tamdyranyň sazy gudrat,
Bahasy çäksiz gymmatdyr.

Ýürek mähriň gara-gara,
Diýen etdirdiň dutara
Göwünler gark boldy nura,
Olam ile bir döwletdir.

“Hajygolak” ýa “Ýandymy”
Diňlänleň bolmaz gandymy.
Säher saza oýandymy –
Ynsan üçin bu lezzetdir.

Saz ýaryşy şeýle: “kow–gaç”,
Göwnüň galkar, bolar dyzmaç.
Kim halkyna etse hyzmat —
Muhammede çyn ymmatdyr.

Halan ynsany Hudaýyň,
Ýatlanar durar her daýym.
Ýagmyr aga, seniň jaýyň,
Iň bir mukaddes kümmetdir.

___________________________
Goşgy şu aşakdaky gazetlerde çap edildi:

1. “Adalat” gazeti, 27 fewral 1998 ý.
2. ”Türkmenistan” gazeti, 15 aprel 1998 ý.
3. “Edebiýat we sungat” gazeti, 14 fewral 2020 ý.
Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle