|

Bu gije

Bu gije BU GIJE

Bu gije ýüregmi ýuwdum,
Öjügende köne derdim.
Ýygralygy başdan sowup,
Erkimi gözýaşa berdim.

Ýuwdum kalbyň kinelerin,
Gussalaryn artdym kemsiz.
Ejiz göwün dil-agyzsyz,
Dolup giden eken çensiz.

Tümlügi tutunyp perde,
Ýuwdum göwnüň ahmyrlaryn.
“Il agzyna düşmesin” diýip,
Gizlän “amanat” syrlarym.

Indi bilýän barysynyň,
Artykmaçja dertdigini.
Özümiňem bagry ýükli,
Artyk zenan, mertdigimi.

Ýeňlän gursak hyjuw bilen
Urdy,
diriligmi duýdum.
Ýaz ýagşy deý çagba dönüp.
Bu gije ýüregmi ýuwdum.

Annabeg AÝMAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle