«Bu durmuşyň lüýge dönen ýolunda…»
"Bu durmuşyň lüýge dönen ýolunda…"
Bu durmuşyň lüýge dönen ýolunda,
Yükün çeke bilmän, gaçyp ysgyndan,
Batyp galjak bolan ýükçi ynsaba,
Iýdiripdim gamçy baryn gysganman.
Başga kişiň bar getiren bagyna,
Düşjek bolsa, aç duýgulam – galtaman,
Alyp olaň gözleriniň oduny,
Ýazgarypdym, ömür-ömür ýalkaman.
ADAM adyn salman aýak astyna,
Başym täji ýananlarym – tütänim.
Dilegim soňky dem bolsun nokady,
Hem manyly bolsun ömür kitabym!
Muhammetöwez ARRYKOW. Goşgular