|

Bu aýdymy ejem aýdyp beripdi

Bu aýdymy ejem aýdyp beripdi • Mustaý Kerim hakda

Bu aýdymy ejem aýdyp beripdi

Görnükli başgyr şahyry Mustaý Kerim 1919-njy ýylda Kiýaş obasynda, Ufadan otuz kilometr uzakdaky gadymy Dema derýasynyň boýunda dogulýar.
Beýik Watançylyk urşunyň ilki günlerinde iki kitabyň awtory Mustaý Kerim fronta gidýär. 1942-nji ýylyň awgustynda şahyr gusragyndan agyr ýaralanýar. Saglyk ýagdaýy gowulanandan soň bolsa front gazetiniň habarçysy bolýar.
Häzir Mustaý Kerim Başgyrdystanda iň bir söýgüli şahyrlaryň biri hasaplanýar. Filosof şahyr Mustaý Kerimiň ady giňden belli, onuň poeziýasy az sözlülikden giň manylylyga, liriklikden täsin duýgy-pikirlere ýugrulandyr.

• BU AÝDYMY EJEM AÝDYP BERIPDI

Bu aýdymy ejem aýdyp beripdi,
Mähir bilen göteripdi elleri.
Bu aýdymy ejem aýdyp beripdi,
Şonuň bilen ugradypdy ýollara.

Ah, bireýýäm bolsa aýryldym ondan…
Ýyllar näçe aýralykda geçse-de,
Ýakymly sesini eşidýän şindem.
«Uçgunlar tutaşyp ot bolar mydam,

Bilýändir il-gün.
Uçgun ýeke bolsa —
Kül bolar, bilgin.

Dama-dama köl bolýandyr hemişe
Damjadan — deňiz.
Damja ýeke bolsa,
Ýiter gider tiz.

El-ele berişip geçer adamlar
Uzak-zak ýol.
Ýalňyz yz goýmak
Asla gerek däl.

Al-ýaşyl öwüsse meýdanda güller,
Taryp eder il,
Ýodajykda bir güljagaz gögerse,
Solar gider ir.

Şöhrat bir ýollardan tapylýan zat däl,
Bilip goý mäkäm.
Ýele ýalňyz döş gaýşardyp bilmersiň,
Bolmasa arkaň.

Damjalar bolarsyň diňe deňizde,
Il-günüň söý sen.
Çola ýol-ýodada galmasyn, oglum,
Yzlaryň, goý, seň!»

Bu aýdymy ejem aýdyp beripdi,
Mähir bilen göteripdi elleri.
Bu aýdymy ejem aýdyp beripdi,
Şonuň bilen ugradypdy ýollara.

Terjime eden Gowşut ŞAMYÝEW.

• DOGDUK ÖÝÜM

Köşkleriň zer çaýylan gapysyn
Bir däl, ençe gezek açyp gördüm men.
Al-elwan gül ýaly halyly zaldan
Bir däl, ençe gezek geçip gördüm men.

Depämden nur dökýär ýüzläp çyralar,
Bu zatlaň baryny sanamok heniz…
Meniň üçin alys br kenardaky
Ýönekeýje külbe bar zatdan eziz.

Ol öýde bar ýere nuruny çaýyp,
Lowurdaşýan çyraň ýokdugy hakdyr.
Menipň üçin welin ýeriň ýüzünde
Şojagaz külbeden ýagty öý ýokdur!

Örtüpdir oň üstün çerýomuhalar,
Salkymlary şabraşyp dur dür ýaly.
Öý bolsa dört sanjak penjiresinden
Görüp otyr töweregi,
Dünýäni.

Ol jaýyň pürsleri tämizlenipdi
Atamyň zähmeti,
Gurbaty bile.
Bu külbäň gujagna bagt gelipdi,
Gelipdi gussa-da noýbaty bile
gün geçýärdi,
Wagt öňe süýşýärdi.

Öýjagazda durmuş gaýnap joşýardy,
Bahar çagy baglarymyz penjirä
Gül-gunçaly pudaklaryn oýkap dur.
Belki, olar ýerdäki ýaz lälesin
Görüp,
Serhoş bolup başyn ýaýkap dur.

Patrak deý açylan gülleň içine
Bal arylar eýýäm salypdyr ýoly.
Göýä bal arylar ýaşyl meýdandan
Öýjagaza salam getirýän ýaly.

Öýmüzdäki bejerilgi polotense
Hakydamda ömür-baky galypdyr.
Ejemiň gülküsi,
Ejemiň keşbi
Onuň her bir nagyşyna dolupdyr.

Diwardaky asma sagat «jyk-jyklap»,
Elmydam ýöräp dur, işine pugta.
Göýä ol bu dünýä baky gelenmiş,
Göýä erk edýärmiş ol güne, wagta.

Bu öýde hemme zat, ýaşaýar, ösýär,
Diňe bir zat ýalňyz durýardy munda.
Ol gylyçdy,
Soňky uruşdan bäri
Dymyp durdy jöwher gylyç gynynda.
Göýä beýik ýeňşiň ähli şöhraty
Onuň ýalawynda ömür sürýädi.

Terjime eden Nury BAÝRAM.

«Edebiýat we sungat» gazeti, 08.12.1965 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle