Bu aýallar, bu aýallar, aýallar…
Bu aýallar, bu aýallar, aýallar…

Isteseler arşa ýetir adyňy,
Isteseler ýakyn eder ýadyňy.
Bol ederler öýdäki ýok zadyňy,
Bu aýallar, bu aýallar, aýallar.
Isteseler bar zadyňy ýok eder,
Günäkärem bolsa özün ak eder.
Göwneseler eliňden suw akydar,
Bu aýallar, bu aýallar, aýallar.
Göwnün ýyksaň ondan elhenç duşman ýok,
Söýse weli owal-ahyr puşman ýok.
Dünýä döräp heniz onsuz ýaşan ýok,
Ah, aýallar, bu aýallar, aýallar.
Kynam däl ýalydyr göwnüni tapmak,
Göwnün tapmadyga diýerin akmak.
Gödek söz – ömürik gapyňy ýapmak,
Bu aýallar, bu aýallar, aýallar.
Bir bakyşda açyp biler telbäni,
Bir ýakyşda weýran eder külbäňi.
Kim bolsaň-da, borsuň şoň talabany,
Bal aýallar, gül aýallar, aýallar.
Erkekmidir söýýän diýip aldaýar,
Aýalmydyr eýsem şondan aldanýan?!
Size başyn egip gider Allaýar,
Jan aýallar, han aýallar, aýallar.
18.04.2000.
▶ AMAN SAKLA
Herki kellekeserleriň
Gazabyndan aman sakla.
Töhmet atly nägehanyň
Azabyndan aman sakla.
Aman sakla ot-ýalyndan,
Tokaý otlap at alandan.
Gülende gülýär ýalandan,
Bozugyndan aman sakla.
Aman sakla sil suwundan,
Suw içsin göwün-göwünden.
Atanyň dişin owurdan
Ýazygyndan aman sakla.
Peşabyň aýpaltasyndan,
Hem aýal sölitesinden.
Garaz, adam gendesinden
Uzagyndan aman sakla.
Hudaýjan oýunjakmykan?!
Bilse şonam aldajak kän.
Bir-biregi goldajak däl
Duzagyndan aman sakla.
Aman sakla kän-kän zatdan,
Arsyz diýen ýaman atdan.
Nebis diýen ýaman ýatdan
Gazygynda aman sakla.
18.04.2000.
Surat: Medine Safari / «Obaly aýallar» Goşgular