Boljak ýa bolmajak
Boljak ýa bolmajak

Ogry ogurlygyn goýsa-da goýar,
Oýansa ynsap.
Zyrrajym ýalançyň dogruçyllygam,
Bolup biljek zat.
Işläp baýrak alyp biler bir ýalta,
Taýagy görse.
Göterer çolak hem hatarda baýdak,
Aýagy ýörse.
Kör bolan az-azdan görüp başlasa,
Sowulýar şumlyk.
Töhmetçi töhmeti goýmagy mümkin,
Görensoň ýumruk.
Diýseler: “görip göripligni goýýa”,
Goýmaz, oňa giç.
Keçeňegem diýäýjekmişin “bolýa”,
Ynanaýmaň, hiç!
Geldimyrat SEÝIDOW. Goşgular