|

Bolgar edebiýatynyñ taryhyndan

Bolgar edebiýatynyñ taryhyndan Bolgar edebiýatynyñ taryhyndan

Bol­gar ede­bi­ýa­ty­nyň müň ýyl­lyk ede­bi däp-des­sur­la­ry bar.
Ol ba­ryp, IX asyr­lar­da beý­le­ki slaw­ýan ede­bi­ýat­la­ry­na hem özüniň güýç­li tä­si­ri­ni ýe­ti­rýär. Bolgar ede­bi­ýa­ty XIV asyr­da güýç­li dep­ginler bi­len pajarlap ös­ýär. Şeý­le hem or­ta asyr­lar­da ede­bi­ýat bi­len bir­lik­de, halk dö­re­di­ji­li­gi hem gül­läp ös­ýär.
Bol­gar ede­bi­ýa­ty­nyň gal­ky­ny­şy Pai­siý Hi­len­dars­ki­niň (1722–1798 ) iş­le­ri we onuň “Slaw­ýan-bol­gar ta­ry­hy” (1762) at­ly ese­ri peý­da bo­lan­dan soň­ra has-da dabaralanýar. Bol­gar edebiýatynyň gal­ky­ny­şy­nyň ir­ki dö­wür­le­ri­niň bel­li söz ussatlaryndan Saf­ro­niý Wraçenskiý, We­sil Ap­ri­low, Pýotr Be­ron we beý­le­ki­le­riň ady­ny agzap geç­mek müm­kin. Tä­ze bolgar şyg­ry­ýe­ti­niň ýü­ze çyk­ma­gy Dob­riý Çin­tu­lo­wyň, Naý­den Gerowyň we Pet­ko Sla­weý­ko­wyň ady bi­len aý­ryl­maz baglanyşyklydyr. Bol­gar edebiýatyn­da we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da de­mok­ra­tik ynkylabyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Georgiý Ra­kows­kiý (1821-1867) uly yz gal­dyr­ýar. Şeý­le hem Lýuben Karewe­lo­wyň we şa­hyr Hris­to Bote­wiň eser­le­ri bol­gar edebiýatynyň ýe­ten ýo­ka­ry dereje­si hasaplan­ýar.
Bol­gar ede­bi­ýa­ty­nyň gal­ky­nyş döw­ri hal­kyň mil­li azat ediş göreşle­ri bi­len berk baglanyşyklydyr. Şol döw­rüň edebi­ýa­ty­nyň ha­ky­ky şöh­ra­ty Hris­to Bo­te­wiň (1847-1876) döredi­ji­li­gi bo­lup­dyr. Halk şa­hy­ry Iwan Wa­zow öz dö­re­di­ji­li­gin­de ro­man­ti­ka­ny we gah­ry­man­çy­lyk­ly eser­le­ri dö­re­dip­dir. Bol­gar sa­ti­ra ýa­zy­jy­sy Ale­ko Kons­tan­ti­no­wa­nyň (1863–1897) “Baý Gan­ýu” at­ly ese­ri aý­ra­tyn meş­hur­ly­ga eýe­dir.
XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da To­dor Wlaý­kow, An­ton Stra­şi­mi­row, Miha­la­ki Ge­or­gi­ýew ýa­ly ýa­zy­jy rea­list­le­riň bir­gi­den ne­sli öz eserle­rin­de bu ýurt­da tä­ze jemgyýe­tiň ke­ma­la gel­ýän­li­gi­ni, bol­gar daý­han­la­ry­nyň dur­mu­şy­ny, kalp­la­ry­nyň päk­li­gi­ni we tebigatynyň gö­zel­li­gi­ni wasp edipdirler. Bu te­ma­ti­ka şa­hy­r Peýo Ýa­wo­ro­wyň il­kin­ji eser­le­ri­niň esasy öze­ni bo­lup, soň­ra ol simwo­li­ki psi­ho­lo­gik li­ri­ka geç­ýär. Şol döwür­de tä­ze bol­gar şyg­ry­ýe­ti peý­da bol­ýar. Ony esas­lan­dy­ry­jy Di­mitr Pol­ýan. Bu ug­ry Di­mitr Blago­ýew, Ge­or­giý Kir­kow, Georgiý Ba­ka­low we To­dor Pawlow ýa­ly şa­hyr­lar do­wam etdir­ýär­ler. XX asy­ryň baş­la­ryn­da K. Krys­tew (1866–1919) we onuň “Tag­ly­mat” at­ly žur­na­ly bol­gar me­de­ni­ýe­ti­ni hal­ka­ra are­nasyna­ çyk­ma­ga taý­ýar­lap­dyr. Bu žurnalda şol döw­rüň bel­li ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ry­nyň eser­le­ri­niň ne­şir edilme­gi onuň esa­sy aýratynlyklary­nyň bi­ri bolup durýar. Şol döw­rüň ýa­zy­jy­la­ry­nyň çeper dö­re­di­ji­li­gi şüb­he­siz çylşyrym­ly we gap­ma-gar­şy­lyk­ly hä­si­ýe­te eýe. Pen­ço Sla­weý­kow, Pet­ko To­do­row we Ki­rill Hris­tow ýa­ly ýa­zy­jy-şa­hyr­lar halk döredijili­gi­niň däp­le­ri­ne eýe­rip, hal­kyň dur­mu­şyn­dan köp san­ly eser­le­ri dö­re­dip­dir­ler. Ýelin-Pe­lin we Ge­or­giý Sta­ma­tow da­gy hem kys­sa bi­len ýa­zy­lan çe­per eserlerde rea­lizm ug­ru­na eýerýärler.
Bol­gar şyg­ry­ýe­tin­de sim­wo­lizm (XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da we XX asy­ryň baş­la­ryn­da bur­žu­az edebiýa­tyn­da­ky hem-de sungatyn­da­ky an­ti­rea­lis­tik akym) Ni­ko­laý Li­lie­wiň, Em­ma­nu­il Popdimit­ro­wyň, Hris­to Ýasenowyň, Lýud­mil Sto­ýa­no­wyň we Dim­ço De­bel­ýa­no­wyň at­la­ry bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şeý­le hem bolgar şa­hyr-sim­wo­list­le­ri Birin­ji ja­han ur­şun­dan soň­ra simwolizmden rea­liz­me geç­ýär­ler.
Birinji we ikinji ja­han ur­uşlarynyň ara­ly­gyn­da­ky ede­bi­ýat gül­läp ösüş döw­rü­ni baş­dan ge­çi­rip, onuň köp bö­le­gi B. Wa­sil­ýew (1883-1963) ta­ra­pyn­dan ne­şir edilen “Al­tyn şah” at­ly žur­nal­da be­ýan edi­lýär. Şol döw­rüň bel­li ede­bi iş­gär­le­rin­den şa­hyr ze­nan Ýe­li­sa­we­ta Bagr­ýa­nanyň (1893-1991) kys­sa­çy Ýelin-Pe­li­niň (1877–1949) ady­ny ag­za­man geçmek bol­maz. Ýö­ne Ý. Ýow­ko­w (1880–1937) has gör­nük­li kyssaçy­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Bi­rin­ji ja­han ur­şy, şeý­le hem Ýewro­pa­da bo­lup geç­ýän wa­ka­lar bolgar ede­bi­ýa­ty­nyň ösü­şi­ne tä­ze iter­gi ber­ýär. 1920-nji ýyl­lar­da şahyr Hris­to Smir­nens­ki­niň dörediji­li­gin­de bol­gar hal­ky­nyň zäh­met joş­gu­ny bü­tin düýr­me­gi bi­len tä­ze­çe usulda be­ýan edil­ýär. Şol döwürde bol­gar ýa­zy­jy­la­ry­nyň dö­re­di­ji­li­gin­de jem­gy­ýe­tiň ýi­ti me­se­le­le­ri bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len or­ta atyl­ýar. Şeýle hem Bü­tin Ýewro­pa­da bo­lup geç­ýän ýi­ti waka­lar ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň dörediji­li­gin­de he­mi­şe­lik yz galdyr­ýar. Köp san­ly ze­hin­li ýazyjy-şa­hyr­la­ry­ň dö­re­di­ji­li­gi Ikin­ji jahan ur­şy ýyl­la­ryn­da has-da ýitileşýär. Bu döw­rüň şyg­ry­ýe­ti­niň iň ýo­ka­ry de­re­je­si şa­hyr Ni­ko­la Wapsa­ro­wyň (1909–1942) döredijiligin­de ýüze çykýar. Ol öz eserlerinde iş­çi­ler syn­py­nyň röwşen gelejege bo­lan yna­my­ny ynandyry­jy­lykly teswirleýär. Wapsa­ro­wyň şygyr­la­ry bir­nä­çe dile ter­ji­me edilýär.
Şol dö­wür­ler­de dra­ma­tur­gi­ýa­da hem has go­wy eser­ler dö­re­dil­ýär. Bol­gar ede­bi­ýa­ty­nyň ösü­şi­ne ýardam be­ren ýa­şu­ly nes­liň şahyrla­rynyň we ýa­zy­jy­la­ry­nyň sana­wy­ny Ikin­ji ja­han ur­şun­dan soň, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň tä­ze ne­sil­le­ri dol­dur­ýar. Ýaş ýa­zy­jy-şahyr­lar us­sat­la­ryň tej­ri­be­le­ri­ne eýe­rip, bol­gar ede­bi­ýa­ty­nyň öňdeba­ry­jy däp­le­ri­ni ös­dür­ýär­ler we tä­ze dö­wür ba­ra­da tä­sir­li eserle­ri dö­red­ýär­ler. Bolgar awtorlarynyň çeper eserleriniň dürli dillere terjime edilip, da­şa­ry ýurt­lar­da ýygy-ýygydan ne­şir edilme­gi onuň uly ösüş ýo­lu­ny geçen­di­gini gör­kez­ýär. Şeýle hem dra­ma eser­le­ri dürli ýurt­la­ryň teatr­la­ryn­da sah­na­laş­dy­ryl­ýar.
Ýurduň me­de­ni­ýe­tin­de 1956-njy ýyl­dan soň­ra gal­ky­nyş döw­ri başlan­ýar. Köp ýa­zy­jy­lar ta­ry­hy mow­zuk­la­ra ýüz­len­me­gi ile­ri tutýarlar. Şeý­le­lik­de, ede­bi­ýa­t äh­li ýaş­da­ky ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň iş­jeň dö­re­di­ji­li­gi üçin giň meý­dan bolup, dö­wür bi­len aýak­daş gidýär. Onuň baş mow­zu­gy hal­kyň dö­re­di­ji­lik­li zäh­met joş­gu­ny we ola­ryň me­de­ni dur­mu­şyn­da bo­lup geç­ýän düýp­li öz­ge­riş­lik­ler bo­lup dur­ýar.
Tä­ze ede­bi­ýa­tyň baş gah­ry­ma­ny öz mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak ug­run­da­ky gö­reş­de kem-kem­den kä­mil­leş­ýän adam bo­lup dur­ýar. Hal­kyň geç­miş­dä­ki gahrymançylygy­na ba­gyş­la­nan köp san­ly ro­man­lar, poe­ma­lar, şygyr­lar, po­west­ler we he­ka­ýa­lar tä­ze bol­gar ede­bi­ýa­ty­nyň üstünligi­niň şa­ýa­dy bo­lup dur­ýar. Tä­ze­çe bol­gar ede­bi­ýa­ty hal­kyň me­de­ni dur­mu­şyn­da uly rol oýnap, ola­ry dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­tiň ru­hun­da ter­bi­ýe­le­ýär. Edebiýaty öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle