Bölekler
Bölekler
Pulun öýe getirmez,
Işinde-de goýmaz ol.
Doga açgöz bolansoñ,
Düýşünde-de doýmaz ol.
■ Üçler
Kebap goýdum ~ iýdiler,
Şerap goýdum ~ içdiler.
Göz, agyz hem bokurdak ~
Olar üçdüler.
■ Masgara
Bolduñ ahyr
Il öñünde şermende.
Dökülen abraýyñ agtaryp,
Gündiziñ güni
Otur sermen-de.
■ Ýalñyzlyk
On adam bir öýe sygar,
Bir adam bir öýe sygmaz.
◆ ◆ ◆
ÜÇLEMELER
Ertirki gün saña dili keltelik,
Halkyñ harmanyndan, iliñ zadyndan,
Alyp, edýän bolsañ elpe-şelpelik.
* * *
Aýaly akylly, diýmäñ: haýýardyr.
Äriniñ köwşüni süpürip, ýaglap,
Diýer: «Gitjek bolsañ, köwşüñ taýýardyr!»
* * *
Sözi ýalñyş aýtsa-da, peltekden gaty görme.
Gowşagña gowşak diýse, öýkeleme danadan,
Güýçliñe gowşak diýse, tentekden gaty görme.
* * *
Gawun gawundan reñk alar.
Şahyr şahyrdan reñk almaz,
Setir alar ýa bent alar.
* * *
Bazar her kimi bir ýoldan çykarýar.
Öñ oñ jübüsinden goşgy çykardy,
Indi petde-petde dollar çykýarýar.
* * *
Dert kän, başga dertler neşeçe bolmaz.
Peşäñ ganaty deý neşäñ ýanynda
Pil ýaly ýigitler peşeçe bolmaz.
* * *
Hiç ýerde hor bolmaz puldar.
Dowzahda doñdurma iýip oturan
Bir puldary görüp gelen adam bar.
* * *
Toý hem, toý eýesem galyp dur haýran,
Teležkäñ üstünde aýdym aýdyp dur,
«Suw daşa» diýp toýa çagyrlan haýwan.
* * *
Iki sany günebakar
Bir-birinw seredäýse,
Onda kimse Güne bakar?!
* * *
Eý, çybyn, sen maña bir zat aýdýarmyñ?
Gulagmyñ agzynda jyññyldaýarsyñ,
Ýa meni kerdir öýdýärmiñ?
* * *
Bir keltejik adamyñ ýüzündäki düwürtik:
«Hol uzyn pyýadanyñ mañlaýna düşsem» diýip,
Barýar göwün ýüwürdip.
Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. Goşgular