Boldy, besdir…
Boldy, besdir…
Boldy.
Besdir.
Hol deräniñ göwsünde
Özüme ümsümje çadyr guraýyn.
Säher-säher agras şemal öwsende,
Ýadan ýüregimi şoña gereýin.
Ýataýyn, turaýyn belli bir wagtda,
Belli wagty iýeýin men naharmy.
Şäherden,
goh,
aladadan uzakda,
Ýok zat üçin getirmäýin gaharmy.
Howlukmaýyn.
Söz bermäýin hiç kime,
Öýüm çetde ㅡ hiç bir zady bilmäýin.
Düme oýlanaýyn,
Ýaşaýyn düme.
Gaty aglamaýyn,
Gaty gülmäýin.
Şygyrlar ýazaýyn şemal barada,
Gussajygmy ulus-ile sözläýin.
Iñrik bilen gün ýaşary arada
Ýaş bolsamam,
Gojalygmy gözläýin.
Indi näçe ýyldyr, şu hyýal mende
Toprakda nem ýetmez tohum deý ýatyr.
Ýöne çadyrym ýok deräñ göwsünde,
Öýümem çetde däl,
Merkezde otyr.
Gaty aglaýaryn,
Gaty gülýärin.
Elmydama howlugýaryn bir ýere.
Söz berýärin,
Haýyr etjek bolýaryn,
Maña galamyny beren illere.
Iñ zerur sözleriñ yzynda selpäp,
Büdreýärin,
Ýykylýaryn käýarym.
Öz şemaly bilen ýüzümi ýelpäp,
Şonda maña medet berýär diýarym.
»Arma!» diýýän işe gümra daýhana,
Ýyndam otlulara elim bulaýan.
Bag astynda duran iki juwana
Özümkiden oñat ömür dileýän.
Şeýdip ýaşap ýörün,
Il bilen ätläp,
Il bilen deñ çapyp ýyndam atymy
Hemem käte
Misli düýş kimin ýatlap,
Çadyr hakyndaky rowaýatymy.
Gurbannazar EZIZOW. Goşgular