Biziñ taryhynyz
Biziñ taryhynyz
«Taryh» kitaplaryñ okama, oglum,
Sapagyñy bilmeseñ-de ýok aýby.
«Kakam käýär» diýil, artmasyn dowluñ,
«Ikilik» aljagyñ etmegin gaýgy.
Kitapmydyr olar,
«hudaý ýasalan
Bäş-üç sany serdarlaryñ tarypy.
Goý, çigit satýanlar, çigit dolasyn,
Warak-warak ýyrtyp, beýle «Taryhy».
Watan üçin başyn orta goýanlar,
Öwrülipdir «kellekeser basmaça».
Geçmiş, oglum, bu ýazlanlar ýaly däl;
Geçmiş başgaça…
Ony gojalaryñ gürrüñlerini
Diñläp öwren,
kitaplardan öwrenme.
Begenmegin «Taryh» sapaklarynda
«Bäşlik» baha alanyña, öwlenñe.
Gowy bilmek mümkin däldir geçmişi,
Bu kitaplar galplaşdyrlan-ýoýlandyr.
«Bäşlik» baha, belki, «ýalan taryha»
Boýun bolup ýöreniñe goýlandyr!
GYÝKYNDYLAR
■ ŞLÝAPA
Geýene haýbat bermäge taýýar,
Şlýapa.
Gaýly gün özün oñaýsyz duýýar,
Şlýapa.
«Men barkam kelle hökmanmy?!»
Şlýapa.
■ ÖWÜT
Öwüt berdi burun-burna:
— Bilgin ýeriñ, bilgin ornuñ!
Ýüreklere düşüp ýörme,
Ähli ýere sokup burnuñ!
PARH
Barlyk bolaly berkarar,
Şeýle hakykat aýan:
Ýaşamak üçin iýýän bar,
Iýmek üçin ýaşaýan.
HASYL
Ýyllañ tirkeş-tirkeşi
Mañlaýyñy sürüpdir.
Her gasyny — her keşi
Pähim hasyl beripdir.
ÖSÜŞ
1
Maýmynlykdan — adama,
Aýakdan ele geçdik:
El bilen ekdik,
El bilen orduk.
El bilen ýykdyk,
El bilen gurduk.
2
Adamlykdan — aldawa,
Elden boş dile geçdik:
Dil bilen ekdik,
Dil bilen orduk.
Dil bilen ýykdyk,
Dil bilen gurduk.
ÖWGI
Tankyda döwdürmejek,
Öwüñ, öwgä döwdürsin!
(Ýok özün öwdürmejek!)
Oñ öñünde döw dursun!
BIR ŞAHYRYÑ ARZUWY
Ýurduñ belli ýerinde
Dur mermerden heýkeli.
Pegasyñ eýerinde
Otyr, galamly eli.
Sežde edýär görenler,
Şöhrat lawry başynda.
Tankyt ýazyp ýörenler —
Sübsegäri daşynda.
ÜÇLÜK
«Üçlük» eýmendirýär sanlaryñ biri:
Ozal NKWD-äñ «üçlügi».
Indi —
başlyk,
orunbasar,
bölüm müdiri.
Hemra ŞIROW. Goşgular