Bizi aýra salan ýollar
Bizi aýra salan ýollar
“Bizi aýra salan ýollar
Indi gaýdyp duşurmazmy?”
Aýdymdan
Ykbaldan razy men, bagtymdan razy,
Ýöne bir zatlara gyýylýan käte.
O haçan diýsene?!
Haçan şol gözleň,
Şol gamgyn gözleriň düşende ýada.
Bizi aýra salan ýollara gargap,
Öz ýanymdan gamgyn aýdym aýdardym.
Ýanaryn öýderdim ataşy bilen
Aýralyk diýilýän bu ýowuz derdiň.
Emma süýjiň ajysynyň bolşy dek,
Ajyňam süýjüsi bolýan ekeni.
Edil özüň ýaly bir zyba gözel
Mizemez bagt bilen gurşady meni.
Bagty serpaý etdi saňa-da biri,
Şeýdip, ýene bagta siňdi ykballar.
Diýmek, dogry ýola gönügipdir-dä,
Bizi aýra salan hupbatly ýollar.
26. 05. 2011 ý. Goşgular