Bize şahyr ýürek ýigitler gerek
Bize şahyr ýürek ýigitler gerek
Nätjek,
boýun alýas,
öwrenşipdiris…
Düýn ýagşyň kalbynda çiglende düwün,
Deňinden biperwaý geçipdik, indem
Düýnüň agysyna aglaýas şu gün.
Gowy zat,
ýalňyşy düzetjek bolýas,
Seýikleýäs synan göwünleň käsin.
Arman, şu işde-de sokulyp, käte
Perdeleýär ýamanlaram günäsin.
Haýyş bar,
geliň biz
birigeliň-de,
Haýr işde ýamana bermäliň gezek.
Çünki çöken göwni galdyrmak üçin
Bize şahyr ýürek ýigitler gerek.
Bilýäris,
üýtgeşik däldir bu günem,
Bilýäris,
şerdenem daşda däldiris.
Emma düýnki ýalňyş gaýtalanaýsa,
Gün däl-de,
özümiz günäkärdiris.
Günäkärler bolsa, jeza çekýärler,
Çekýärler özüniň kimdigne bakman.
Şoň üçin şu günki ýalňyşlygmyzy.
Şu gün düzetjekler gerekdir hökman.
Seret,
an-ha,
ýetip gelýär gije-de,
Diýmek,
gapymyzy kakar ol basym.
Веlli zat,
ýene-de agşamky ýaly
Arzuwlar maňlaýda goýar bir gasyn.
Aňsat däldir arzuwlary götermek,
Onsuz ýaşamagam kyndyr, elbetde.
Görünüp dur,
bu gije-de uklanman
Oýlanarys nobatdaky gün hakda.
Ol gün hakda oýlanýanmyz çyn bolsa,
Onuň gözelligni küýsese ýürek,
Biliň siz
Erte giç, hut şu gün, şu gün
Bize şahyr ýürek ýigitler gerek.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular