Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy
Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy

Ýüwürdim panyň deňne ýetjek bolup,
Emma gitdi barha arany açyp.
Gyza ogşan dünýe erkimi aldy,
Sypma ýok, ýeriň ol ujuna gaçyp.
Çykmak isledim pelegiň oýnundan,
Göz edýär, yzyma-öňüme geçip.
Men neneň geçeýin dünýäň özünden,
Ol özüne çekýär, ömrе “nur” saçyp.
Ykbalyňy haýra bagla ýa şere,
Parhy nä?! Barybir pelek oýnunda.
Ýazgyt bolmawersin bisyrat bolmak,
Bagtdyr adyň galsa Älem goýnunda.
Jahana indiňmi?! Şuny bilmeli:
Her bir ynsan dünýäň diňe bir ülşi.
Panyň oýny bilen ýaşap ýörmeli,
Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy.
Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. Goşgular