|

Biz parahatlyk isleýäris

Biz parahatlyk isleýäris BIZ PARAHATLYK ISLEÝÄRIS

Ýañy dälmi bütin dünýä goh berip,
Faşistleriñ uruş odyn ýakany?!
Ýañy dälmi parahatlyk ugrynda
Derýa bolup gyzyl ganyñ akany!
Ýañy dälmi garry enäniñ gara göz
Eziz oglyn ugradany uruşa.
Ýañy dälmi ýaş geliniñ söýgilsin
Ýitirip, göziniñ dolany ýaşa.
Ýañy dälmi şinelini çykaryp,
Soldatyñ öýine gaýdyp geleni;
Ýañy dälmi halkyñ gaýdan gutulyp,
Azat zähmetinde demin alany!

Ynha ýene trumenler, çerçiller
Ýer ýüzine ýaragyny bulaýlap,
Jan howlyna uruş odyn ölçerýär,
Ganly hanjarlarnyñ ganyny ýalap.
Biz dynçlyk söýýäris, biz urşa garşy.
Biz azat zähmetiñ tarapdarlary.
Uruş bolmaz, islese-de yrsarap,
Dünýäniñ gan içen maýadarlary.
Uruşdan üstün çykar adamzat erki,
Dollar, atom çözmez adam ykbalyn.
Parahatlyk üçin goýdy her ýerde
Jarnama astynda millionlar golyn.
Ol gollar güýçlidir topdan, tüpeñden
Olarda ýeñilmez ynsan güýji bar.
Dünýä gözelligin döreden ynsan
Ýykdyrmaz hiç ony, beladan gorar.

Aman KEKILOW.

# «Ýaşasyn parahatlyk» / Türkmendöwletneşir, 1951 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle