«Biz jeňi-gowgany söýdük nazenin hüýr ýerine…»
"Biz jeňi-gowgany söýdük nazenin hüýr ýerine…"

“Biz jeňi-gowgany söýdük näzenin hüýr ýerine” diýip başlanýan meşhur gazalynda krym hany (1551-1577 ýý.), serkerde şahyr, mukamçy we hatdat Gazy Gireý han söweş tuguny, at-ýaragy, atarman-çaparman gerçekligi, jeň meýdanyndaky ýeňişleri zenan gözelliginden, aşyklygyň külpetdir-eşretlerinden zyýat tutandygyny beýan edýär.
Çingiz hanyň 16-njy arka nesli, Krym hanlygynyň 13-nji hökümdary Gazy Gireý han özüniň Russiýa, Awstriýa, Wengriýa we Eýrana ýeňişli ýörişleri üçin “Ebul-feth” (“Fethiň atasy”) ady bilen meşhur bolan. Russiýada gazanan “Burýa” (“Tupan”) lakamy bilen baglanyşykly oňa Bora han hem diýlipdir.
Biz jeňi-gowgany söýdük näzenin hüýr ýerine,
Köňlümizi tuga berdik zülpi şamar ýerine.
Kalbymyzda alawlaýan – tiri-keman yşkydyr,
Kirpikleri jandan öten, gaşy ebru ýerine.
Sürýäris zowky-sapasyn tygy parran gylyjyň
Kümüş gerdan, gül bedenli, goýny hoşbu ýerine.
Sökýäris söweş ýoluny, gujaklap bedew ýalyny
Bir inçe bil, gaz boýunly, kamaty guw ýerine.
Söwdügimiz ýel ganatly atdyr bozduman aýakly
Bir peri-peýker sypatly, gözi ahu ýerine.
Yşk edip däli meýdany, unutdyk mahy-tabany,
Jyhat aldy göwnümizi husny jadu ýerine.
Jeň jepasy bize döwran, ataşyna bolduk birýan
Jilwesi jana ot salan, näzi alaw ýerine.
Jan teşne almaga jany: duşmana bermän amany,
Ganymlaryň ganyny içýäris suw ýerine! Goşgular