Biwepa
Biwepa
«Söýýän»-diýseñ çyn ýürekden öýdenim,
Diñläp-diñläp çyn söýgümiñ aýdymyn,
Orta ýolda ýalñyz goýup gaýdanyñ,
Ýadyñdamy? Armanly ýol biwepa.
Sen ömürlik «Taýym»- diýip, geregim,
Her pursatda ytygsardy ýüregim.
Weýran edip ilki söýgiñ diregin,
Soñ bagtyny tapan ýok,bil, biwepa.
Yşkyñ odun alowlatdym söýüp men,
«Ýollaryma çyrag bolar» -diýip men,
Galyberdim öz oduma köýüp men,
Kalpda közdüñ, indi buz bol biwepa.
Bu ýürekler seýil bag däl,ýaýnara,
Tüñçe-de däl, hemme üçin gaýnara,
Yşkyñ oýny oýunjak däl oýnara,
Gözbagçy deý, atynma şal biwepa.
Sanjar ANNAGYLYJOW. Goşgular