Birwagtlaryñ Täze ýyly…
Birwagtlaryñ Täze ýyly…

• Näme ederdiñ?
Täze ýylyñ başynda lotoreýa petegini satyn alan garry adamyñ bagty çüwüp, lotoreýasyndan 70 million lira çykaýypmyş. Munu gören ogly: «Kakam peteginiñ munça pul utanyny bilse, begenjine ýüregi ýarylyp öläýmesin» diýip gorkupdyr. Şonuñ üçinem tanyş bir lukmanyny öýe çagyryp, ondan bu şatlykly habary kakasyna kem-kemden öwrenişdirip aýtmagy haýyş edipdir.
Lukman ýaşulynyñ ýanynda oturyp, gürrüñe başlapdyr. Ol ondan-mundan gaçdy-kowdy gep açan bolup, ahyryn lotereýaly gürrüñe gelýär. Soñam: «Ahmet beý, siziñ lotoreýañyz 70 million lira utsa, näme ederdiñiz?» diýipdir. Ahmet beý säginmän-zat etmän: «Eger men 70 million utsam, ýarsyny saña bererdim» diýip jogap beripdir. Lukmanyñ duran ýerinde ýüregi ýarylyp ölüpdir.
• Düzzüm oýnalan günler…
Öñki Täze ýyl günlerini Orhan Boranyñ radioda okaýan henekleri bezärdi.
Gijäñ içi hemmeler radionyñ başynda oturyp, ellerinde-de lotoreýa petekli lotoreýadan alan san belgilerini gaýtalardylar. Şol wagtlar telewizoryñ, planşet komýuterleriñ, akylly el telefonlaryñ ady-eseri ýokdy. Täze ýyl güni çagalar düzzüm oýnardy.
• Adamhorlar we totyguşlar
Indi ýaşaýyşyñ okgunlylygy artdy… Indi hiç kimin henek diñlemäge sabyr-takaty galmady. Hemmeler henegiñ soñuny başyndan bilmek isleýär. Onsoñam o negözel adamhorly we totyguşly henekleri gürrüñ berip ýören wäşilerem indi ýok diýen ýaly. Men şonda-da öwrenşen endigime dowam edeýin: Adamhor ataly-ogul derýanyñ boýunda ýöräp barýarka ýaşajyk owadam gyzyñ ýalañaçlanyp suwa düşüp duranyny görüpdirler. Adamhor ogul: «Kaka bu gyzy iýeli» diýipdir. Atasy garşy çykyp: «Ýok, bu gyzy öýe äkideli, ejeñi iýeris» diýip jogap beripdir.
• Napoleonyñ henegi
Ýogsa-da ruhy taýdan näsaglar baradaky heneklere ne döw çaldy?
Bir gezek dälihanada özleriniñ Napoleondygyny aýdýan iki sany dälini bir otaga gabap goýupdyrlar. Ertesi gapyny açsalar, birinji däli: «Men Napoleon» diýse, ikinjisi «Men Stalin» diýip gapydan çykypdyr…
Ýetip gelen Täze ýyl size berk jan saglyk, yrsgal-döwlet we bagt getirsin!
Mehmet BARLAS. Ýatlamalar