Birinji Maý Deklarasiýasy
Birinji Maý Deklarasiýasy
(Içeri işler ministrlerine hat)
…Dañyp arkasyna kädi-küýzesin,
Beýrut bazarynda suw satýan fellah
Agşam düşse, sanap ýygnan teññesin,
Başyny ýaýkaýar:
— Bary deşik, wah,
Özüñ delalat kyl çülpe-çagama,
Eý, Biribar… Eý, Allah! —
Lä-iläha-el-allah!..
…Ýitip kölegesi Pizan diñiniñ
Güneş ýene «tünegine» gonanda,
Pizaly paşmakçy şaýysyn sanap,
Ýene-de sessizje aglaýar onda:
— Kömek et
keselbent
eneme, eý waý,
Keramatly Madonna,
Keramatly Madonna!..
Hokkaýdoda aýakýalañ rikşalar
Säpjeşip uzak gün — pytda-da pytda,
Şaýy sanap, täleýinden gargynýar:
— Eý, dünýe, jebriñden dyndar, ýuwut-da!
Görgi bilen gurlan gamyş çatmamy
Ýyldyrym ursun, Budda,
Ýyldyrym ursun, Budda!..
…Parižde, Gamburgda, Londonda bolsa
Aýaklaryn göge zyñyp lolular
Sahnada tans edýär:
— Jenap, meni al,
Baham bir dollar,
Baham… bir dollar!
Çaýkanýar meýhana, göçýär meýhana,
Dodaklar agarýar, tenler derleýär,
Meýhanada lolularyñ dili däl,
Lolularyñ aýaklary gürleýär:
«Bu dünýeden müñ bizar
Bu dünýeden doly biz, —
Kalbymyz göýä mazar,
Ýüz prosent loly biz!
Syratsyz hem görkana, —
Dünýäñ özi ýaly biz.
Dünýe näme? — Meýhana!
Şol meýhanañ özi biz!
Hemme gahba — men gahba,
Gardaş satýar gardaşyn!
Dollar ýygna,
Göç sahna! —
Gora bu gara başym!..»
Tans edýär lolular… Aýaklaryny
Müwezzin azannyñ ýanyna goşup,
Lolular tans edýär, uýat ýerini,
Gadymy buthanañ zañyna goşup!
Tans edýär — ret edip imany-dini,
Tans edýär — ret edip ertiri-düýni,
Syýasaty,
Yşky,
Ömri-ykbaly,
Göreşi,
Ösüşi,
Külli ynsany!
Tans edýär, ýylgyrýar diri jesetler, —
Asmandan şähere ýyldyzlar garýar…
Lolulardan doly
däli
şäherden
Saçlaryn silkeläp bitnikler barýar!..
◆ ◆ ◆
— Gamburglar, parižler, london, bostonlar,
Rimler, tokiolar, madrid, beýrutlar,
Ýigriminji ýüzýyllygyñ jeminde
Ýeten derejäñiz şumy, eý ýurtlar?
— Kimdir ol halkara kadany bozýan?
Bu işler her ýurduñ öz içki işi.
Döwletiñ içeri işine bolsa
Gatyşmaga miltem etmez hiç kişi!
◆ ◆ ◆
Ýok, kabul edemok beýle jogaby,
Men galat kanuna synamok boýun, —
Içeri işleriñ ministrleri,
Tegelek stoly ortada goýuñ!
Oturyñ!
Men siziñ döwletlerñiziñ
Içeri işlerin seljerjek, dökjek,
Men ony halkara kadany bozup,
Asyryñ adalat suduna çekjek!
Men şeýle hukukly! Men — Birinji Maý,
Ganly ýaglyk bilen saralgy döşüm!
(Bu gün asla «barlyşyklar» * güni däl,
Mizemezdir meniñ dünýägaraýşym!)
Men — sülçi!
Hem dünýä zähmetkeşlerniñ
Doly ygtyýarly baky Ilçisi!
Meniñ baş delilim Uoldheýmde **
Ýatan işçiñ gülle degen pilçesi!
Meniñ baş delilim: Spaýs, Engeliñ
Boýnuna atylan ajal urgany!
Meniñ delillerim: Pýer-Laşezde
Gyrmyzy öwüsen kommunar gany!
Meniñ delillerim: Lena boýunda
Işçiñ egni bir-birine degşende,
Çabyran gülleler, alynan öçler…
Meniñ baş delilim: Ganly Ýekşenbe!
Rur bilen Elzas-Lotaringiýa…
Sibir gandallary…
Ispan matamy…
Telman, Dimitrow…
Oswensim, Dahau…
Hirosimañ adam gyrýan atomy!
Ýylda şu gün hut şolaryñ adyndan
Men sud edýän ezijileñ neslini,
Men sud edýän parhsyzlygy, mesligi
Hem kapital lolularnyñ kesbini!
«Bu işler her ýurduñ öz içki işi…» —
Bu sözlerde lolulygyñ yzy bar.
Hem-de küli al-asmana sowrulan
Songminiñ tüssesiniñ ysy bar!..
«Bu işler her ýurduñ öz içki işi…» —
Bu jümläniñ perdesi bar, aly bar.
Bu sözlerde Martin Lýuter Kingleriñ
Hem-de ýüzläp Lumumbalañ gany bar!
«Bu işler her ýurduñ öz içki işi…» —
Ýok, kabul edemok beýle sözleri!
Men muny ret edýän! Munuñ delili:
Alýendäniñ açyk giden gözleri,
Luis Korwalanyñ, müñläp çililiñ
Arkasyna gañyrylan gollary,
Penjeleri ganly
pinoçetleriñ
Doson adasyna «açan» ýollary!
Ret edip agalañ agalygyny,
Men bu gün gatyşýan «içeri işe»!
Sowetler ýurdundan
Baýdak parladyp,
Dünýäñ köçelerne çykýan ýörişe!
Beýrutly fellah hem pizaly körpe,
Tokioly rikşa…
Millionlap,
Müñläp
Hak-hukuksyz, öý-öwzarsyz ýoksullar
Girýär meñ sapyma, aýagyn deñläp!
Barýar olar —
Dynçlyk,
Bagt,
Erk üçin,
Raýdaşlyk olañ güýjüniñ syry!
Barýar bu zeminiñ hak eýeleri —
Içeri işleriñ ministrleri!
1974
Annaberdi AGABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
_________________________________
* Häzirki Amerikada häkimler Birinji Maý baýramçylygynyñ rewolýusion mazmunyny ýitirjek bolup, onu «Loýallyk güni» — geçirimlilik, barlyşyk edilýän diýip yglan etmäge çalyşýarlar.
** Uoldheým — 1886-njy ýylyñ maýynda Çikagoda polisiýa tarapyndan atylan gozgalañçy işçileriñ jaýlanan gonamçylygy. Spaýs, Engel, Fişer Parsons — şol gozgalañyñ dara çekilip öldürilen ýolbaşçylary. Gozgalañyñ başlan senesi ~ 1-nji maý 1900-njy ýyldan Zähmetkeşleriñ Halkara raýdaşlyk gününe öwrüldi. Poemalar