«Bir ýetmeýän zadymdy…»
"Bir ýetmeýän zadymdy…"

(Taras Şewçenkonyñ nakgaşçylyk we grafika eserlerinden.)
Bir ýetmeýän zadymdy
Hat ýazmagym özüme
Zerur hem-de zerur däl
Zatlary sanap, ine.
Nätjek, şeýle etmesem,
Hat ýazjagym ýok menkñ.
Monjuklaryñ ýerine
Söz düzjegim ýok meniñ.
«Kobzaryñ» çykanyna
On ýyl ötdi tegelek.
Emma ondan habar ýok:
Il agzy ýörmelen dek.
Üýrýän hem ýok, ýarýan hem;
Dymýarlar men ýok ýaly.
Halkdan öwgi islämok,
Öwgä bagly däl halym.
Kim üçin ýazýanymy
Heý, bir gün bilermikäm?
Ýa şeýdip, esgerlikde
Bilmezden ölermikäm?
Kim üçin zyndan içre
Ýazyp hem pozýanymy,
Neçüýn Ukrainamyñ
Yşkynda gezýänimi,
Näme üçin il diýip
Janyma dözýänimi
Añar, bilerim ýaly
Kimdir biriniñ bir söz
Diýmeginde hyýalym.
Ol maña hökman gerek,
Şol sebäpli, ýa, Hudaý,
Käte agyrýar ýürek.
Men duýmadyk bolýaryn
Kem-kem garraýanymy.
Ýene elim galamly
Barlaýaryn janymy.
Ine, bir garry kazak!
Dagy ýarýar haýbaty.
Gomparyp çapyp gelýär
Gijeden gara aty.
Ýene näme? Başga zat
Düşenok hiç ýadyma.
Ýetişerden ejiz men
Öz ilimiñ dadyna.
Çöl içre bili ýazan
Ýylan deý towlanýaryn.
Ne bir demim tükenýär,
Ne-se gowulanýaryn
Garaşýaryn ajala,
Heniz ir — ölmeýärin.
Bu hala düşmegimiñ
Sebäbin bilmeýärin.
Bu ýat çölde yzymdan
Ýeten bolsa-da ölüm,
Söýýärin tüýs ýürekden
Ukrainamyñ çölün.
Ah, dost jan, zyýany ýok,
Geýin sen demir sowut,
Märekä barmyñ diýmän,
Hudaýyñ ýoluny tut.
Kim çekişer günäñi?
Oýlan — bardyr ahyret.
Pendim saña ýakmasa,
Git-de halanyñy et.
Taras ŞEWÇENKO.
Terjime eden: Çary AŞYROW. Goşgular