«Bir ýerde obada türkmen iliniñ…»
"Bir ýerde obada türkmen iliniñ…"
«Oguldur dowletiň başy
Gyz hem bolsa göwün hoşy.»
«Görogly beg» şadessanyndan.
Bir ýerde obada türkmen iliniň
Bir gyzy bir ogly barmyş biriniň
Ogul-gyz agyzda deň söýülýärmiş
Gyz — gyzka egin-baş geň. Geýinýärmiş
Gyz eziz görýärmiş ene atasyn
Ene ata geçýärmiş ogluň hatasyn
Ikisem ulalyp ýetdi kemala
Ogul eýe boldy sahyp jemala
Gyza hem yz ýany görüldi çäre
Durmuş toýun tutup berdiler äre.
Ene-ata rahat gidermiş uka
Gyz-gelin bolsa-da bir eli ýuka
Oglun gözlärdiler aýry göz bilen
Gyzyn güýmärdiler şirin söz bilen
Ogluna bagyşlap elde baryny
Öýlendirip dikeltdiler tamyny
Ogluň günbe-günden döwleti artdy
Atasy hem oňa kömege ýortdy
Emma soramady gyzyň halyndan
Oňa hiç zat bagş etmedi malyndan
Gyz tamada bolsa almady dile
Gezdi ýoksullukda hossary bile.
Atasy elini her işe urup
Ogluny baýatdy yzynda durup
Gyz dogannyň baýandygna begenip
Gezip ýördi ene-ata egilip
Döwmän gezdi ol beýikleň hormatyn
Elinden bersede oňki gurbatyn
Paýy aýratyndy ogul agtyklaň
Ýegen duýulmady näçe hamsyksam
Ogul döwlet başy bolup baýady
Hatda göwün hoşa käte käýedi
Är,heleý gyzyna durmady arka
Gyz göze ilýärmi han ogul barka?
Garran çagyň gyz daşyňdan aýlanýar
Kimiň eziz digi şonda saýlanýar
Ýetip ýörmez saňa gelinden haray
Gyz bilen ýagtalar garaňky saraý
Gyza kömek etseň daş ýere gitmez
Göwnüne degilse ýarasy bitmez
Gyzy eziz görüň haky köýdürmäň
Aňzak gyşyň sowugyna buýdurmaň
Dilde söýmäň gyzy söýüň emelde
Daýak bolar saňa gurbuň kemelse.
00/09/09
✍ Musa GYZYLJA,
Eyran — Türkmensähra.
Taslamasy: Merýem ZAMANY. Goşgular