|

Bir wagtky bellik eden bentlerim

Bir wagtky bellik eden bentlerim BIR WAGTKY BELLIK EDEN BENTLERIM

Men özümi gördüm dowzah içinde,
Ýanyp barýan, ýok ýanamok ereýän.
Köpelýär günälem,
dag ýaly ýene- Gün, Älem bolup döreýär.

***

— Ezizim,
— ynha men,
— Aýdypber iñ eý görýän goşgyñy?
— Sen…

***

Bir ýaşuly diýdi:
— Howa bir täsin.
Bir görseñ şemally, birde-de ýagyş,
Käte Gün çykýar,
Käte tüweleý,
Bir görseñ Älemgoşar çekip dur nagyş.
-Inim seniñ goşgularyñam okadym,
Göýä howa ýaly üýtgäp dur olar.
Bir setir Asmanda, birisi ýerde,
Diñe ýerde ýazsañam bolar…

Remezan MÄMETGURBANOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle